Rejep Bazarow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Rejep Bazarow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary. Türkmenistanyň Prezidentlik Saýlawlarynyň (2012) dalaşgäri.

Terjimehaly[1][üýtget]

Rejep Bazarow 1958-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa geňeşliginde doguldy.

1975-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girdi we 1980-nji ýylda weterinar lukmany hünäri boýunça tamamlady.

1980-nji ýylda Gubadag etrabynyň “Amyderýa” daýhan birleşiginde uly weterinar lukmany bolup zähmet ýoluna başlady we 1982-2000-nji ýyllar aralygynda Gubadag etrap weterinar laboratoriýasynda weterinar- serolog, “Amyderýa” daýhan birleşiginde baş weterinar, uly weterinar, soňra Gubadag etrabynyň weterinar gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.

2000-2005-nji ýyllar aralygynda Gubadag etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň müdiri, Gubadag etrabynyň “Obahyzmat” oba hojalyk paýdarlar jemgiýetiniň başlygynyň orunbasary, başlygy bolup işledi.

2005-2008-nji ýyllar aralygynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň kärdeşler arkalaşyklary birleşiginiň başlygy boldy. 2008-2011-nji ýyllarda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary, Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2011-2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Oba Hojalyk ministri wezipesine bellendi.

Maşgalaly, alty çagasy bar.

Çeşme[üýtget]