Reý Bredberi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Ray Bradbury (1975).jpg

Reý Bredberi - amerikan ýazyjysy, şahyry.


Reý Bredberi häzirki döwrüň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol 1920-nji ýylyň 22-nji awgustynda, ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Uokigan şäherinde dünýä indi. Ýazyjynyň doly ady Reýmond Duglas Bredberi.

1934-nji ýylda Bredberiniň maşgalasy Los-Anjeles şäherine göçýär. Ýazyjy häzir hem şol ýerde ýaşaýar. Onuň çagalyk we ýaşlyk döwri durgunlyk we uruş ýyllaryna gabat gelýär, maşgalanyň gün-güzerany Reýe uniwersitete okuwa girmäge mümkinçilik bermändir. Muňa garamazdan, eýýäm 12 ýaşyndaka ol ýazyjy bolmagy göwnüne berk düwüpdir, şondan soň başga kärde işlemek barada pikir hem etmändir. Ýaş wagty ol gazet satyp gazanç edipdir, soňra birnäçe ýyllap aýalynyň aýlyk hakyna ýaşamaly bolupdyr. 1940-njy ýyllaryň ahyrynda Bredberiniň eserleri şöhrat gazanyp başlaýar. 1950-nji ýylda bolsa ýazyjynyň «Marsyň senenamasy» romany çap edileninden soň okyjylar hem, tankytçylar hem Bredberini ýylyň iň ussat ýazyjysy diýip ykrar edýärler.

Mundan soň ýazyjy ir säherden agşama çenli kitaphanada oturyp, täze eseriň üstünde işleýär. Netijede, 1953-nji ýylda «Playboy» žurnalynda onuň «Farengeýt 451°» antiutopik romany çap edilip, ýazyja bütindünýä meşhurlygyny getirýär. Ýazyjynyň ýiti öňdengörüjilik, welilik bilen ýazylan bu eseri 1957-nji ýylda döreden «Tozga şeraby» powesti bilen bilelikde dünýä edebiýatynyň nusgawy eseri hasaplanylýar.

Emma ýazyjyny, esasan hem, hekaýalary üçin söýýärler. Bredberiniň jemi 400-e golaý hekaýasy bar. «Günüň altyn almalary»(1953), «Tukatlykdan derman»(1959), «Şatlyk mehanizmleri»(1964), «Ýary gijeden esli wagt geçensoň»(1976), «Toýnbi konwektor»(1988), «Körüň sürşi»(1997), «Tomus sabasy, tomus gijesi»(2007) ýaly onlarça ýygyndyda ýerleşdirilen hekaýalar özüniň pelsepewi dünýägaraýşy bilen okyjylaryň köp nesline ahlak terbiýesini berdi. Olaryň esasynda 70-e golaý çeper film surata düşürildi.

Geçen ýyl 91 ýaşan Reý Bredberiniň bir eli ysmaz bolandygyna garamazdan, häzir hem galamyny taşlanok. 2009-njy ýylda onuň «Biziň mydama Parižimiz bolar» atly täze hekaýalar ýygyndysy çap edildi.

Bredberi öz eserleri arkaly adamzadyň ahlak arassalygy, gözel tebigatyň goragy, sungata bolan söýgi ugrunda göreşýär. Onuň eserleri birnäçe ýurtlaryň okuw mekdeplerinde öwrenilýär.