Palaw

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Plov.jpg

Palaw hem onuň görnüşleri Tüwiden taýynlanýan naharlaryň arasynda palaw iň saýlanýanydyr. Ol, umuman, Gündogar halklaryň arasynda giň ýaýran nahar bolansoň, ony taýarlamagyň usullary-da dürli-dürli. Palawyň datly bolmagy üçin bişiriliş usulynyň talaplaryny doly berjay etmeli; tuwiniň köne-tazeliginiň ähmiyetleri-de ýatdan cykarmaly däl. Türkmen halkynyň arasynda hatda her taýpanyň, her tiräniň öz bişiriş usuly bar diysek-de ýalňyş bolmaz. Meselem, deňiz ýaka raýonlarymyzda ete derek balyk atybam, balykly palaw bişirilýandigini belläp gecmeli. Şoňa görä palaw taýarlamagyň usulynda umymylyklar-da, ayratynlyklar-da bar, ýöne köplenç bişiriliş usullary bir meňzeş. Esasy aýratynlyk onuň içine atylýan zatlarda we näçe atylýanlygynda.


Palaw taýarlamak üçin, ilki bilen, tüwini çeltiginden saylap, hapa-hupasyny aýyrmaly. Arassalanan tüwini aýry bir gapda üstüne gaýnan suw guýup goýmaly. Dogramçanyň her birinin agramy 30-40 gr bolar ýaly edip, eti dogramaly we duzlamaly. Gazandaky ýag kemsiz ýanansoň, taýarlanan eti salyp gowurmaly. Eti gyzaryp başlanda, üstüne düýp sogany tegelek görnüşde dograp, dilimlenen käşiri atyp, gowurmagy dowam etdirmeli. Sogan bilen käşir kemsiz ýumşansoň, birazrak gaynan suw guýup, gazanyň gapagyny jebis ýapmaly. Ojagyň oduny peseldip, gazana atylan zatlary öz buguna goýmaly. Biraz wagtdan soňra ody ýene güýçlendirip, hälki suwa salnyp goýlan tüwini gazandaky zatlaryň üstüne endiganja sepip rejelemeli . Üstüne-de gaýnag suw guýmaly, ol orta barmagyň birinji bognundan geçmeli däldir. Hemme zady ýetik salnan gazany gaýnatmaly . Tüwi suwuny mazaly çekensoň, ony agdaryşdyryp , pugta basyrmaly . Şeyle ýagdaýda takmynan 25-30 min-dan son tüwini oňat agdarmaly-da, ýene 10-15 min saklamaly . Tüwi basyrylyp goýlanda, gazanyň ody peseldilýar. Taýýarlamak üçin 1 kg tüwi , hersi 500 gr et bilen käşir , 250 gram ýag ( mesge saryýag . kunji ýagy , çigit ýagy), 2-3 düýp sogan, duz we burç gerek. Indi palawlaryn aýry - aýry gornüşleri dogrusynda gysgajyk durup geçeliň.


Toý Palawy
Toý palawy beýlekilerden känbir parhlanmaýar ol köp mukdarda bişirilýär. Şonuň üçin aşagy köýmez ýaly, atyljak başga bir gazanda gowrulýar. Taýýar bolup palaw tabaklara salnanda, eti dogralyp, üstüne goýulýar.


Gök Tuwili Palaw
Şalynyň birinji hasyly, ýagny gök tüwi elde dowlüp taýýarlanýar. Ony gyzgyn ýa-da gyzgyn suwda ezip goýmaly. Suwyny kemsiz alansoň, palaw üçin niýetlenen önümler salnyp gowrulan gazana tüwini rejelap salyşdyrmaly. Gaýnap suwyny çekenden soň, ony buguna goýmaly. 25-30 min-dan ýene agdaryp basyrmaly, oduny söndürmeli.

Mäşli Palaw
Bu hem ýokarky usulda bişirilýar. Tapawutly ýeri mäşi arassalap, suwda ýumşadyp goýulýandygydyr. Soňra arassalanan tüwi (700 g) bilen mäşi (300 g) garyşdyryp, bilelikde gazana atmaly.

Wermişelden Palaw
Adaty palaw ýaly bolup, diňe tüwi şol möçberde wermişel atylýar.

Beýili Palaw
Tüwiden oňurti arassalanan 3-4 sany beýi dogralyp, gazana atylýar. Taýyar bolansoň, beýi palawyň ýokarsyna çykarylýar, seýdibem, saçaga äberilýar.

Şalgamly Palaw
Onuň taýyarlanyş usuly şeyle: şalgam böleklenip salynýar we käşirini eti bilen bilelikde gowrulýar. Galan prosedura adaty palaw bişirilişi ýalydyr.

Towuk Etli Palaw
Bu görnüşli palawyň bişiriliş usuly öňküler ýaly bolup, diňe mal eti towuk eti bilen çalşylýar.

Saryýagly Palaw
Eti ilki bilen bir gazanda gaýnadyp, ýene bir gapda saryýagy eredip, sogany, eti hem käşiri ýaga salyp, bilelikde gowurmaly. Azajyk suw guýup, tüwini ýumşandan soňra, oduny söndürip, az wagtlap buguna basyryp goýmaly. Ýene-de suw guýup gaýnatmaly. Suwyny çekensoň, basyryp goýmaly. Etini özbaşyna oýkarmaly. Palaw saçaga getiriljek wagty, ýaňky eti maýda dograp, her çanagyň üstüne goýuşdyrmaly. Ýene bir zady ýatda saklaň: suwy öňki usulda we öňki ölçegde guýmaly: kişmiş (100g), burç, sarymsak ýaly goşmaça tagamlyklary, duruşde gowrulansoň tüwiden öň salmaly.

Kunji Ýagly Palaw
Künji ýagyny birkemsiz gyzdyrmaly. Ýüzüne çykan köpügi aýyryp, ýagy ta gyzyl renke gelýänçä ýakmaly. Soňra etdir käşirini, soganyny salyp, biraz gowurmyşlamaly. Tüwisini atyp, gaýnadyp, suwyny çekdiren soň, üstüni basyryp goýmaly. Taýyar bolanda ýaz salatyny-da palawyň ýany bilen saçaga äberseň, juda tagamly bolýar.

Guýruk Ýagly Palaw
Bişirilişi adaty palawlar ýaly. Tapawudy böleklere bölünen guýruk ýagy ilki özbaşdak, soňra dogralanan et bilen belikde gowrulýar.

Ýilikli Palaw
Munuň üçin ilki sygyr sünküniň ýiligini almaly (300g). Ýilik ýagyna gowurmyşlanan etin üstüne palawa gerekli önümleri atyp gowurmaly. Soňky prosesler adaty palawyňky ýaly.