Pagta

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Gowaça.

Pagta gowaça hasyly bolup tekstil pudagynda giňden ulanulýan tebigy süým. Türkmenistan'da pagta öndürilmegi esasan hem SSSR döwründe iň esasy ekerançylyk ugurlarynyýň biridi.

Pagta gowaça hasyly bolup tekstil pudagynda giňden ulanulýan tebigy süým. Türkmenistan'da pagta öndürilmegi esasan hem SSSR döwründe iň esasy ekerançylyk ugurlarynyýň biridi.

Pagta süýüme baha berilende şeýle enjamlar ulanylýar.

Hil barlaýjy enjamlar.

Enjam

Ölçeg

Fibrograf

Uzynlyk

Pressley

Süýümleriñ toparlaýyn berkligi

HVI

Uzynlyk, berklik, deñölçeglilik, mikroner, reñk, hapalyk

Stelometer

Berklik, uzalma

Mikroner

Inçeligiñ we ýetişigiñ utgaşdyrylan barlagy

Shirley hapa ölçeýji

Hapalaryñ mukdary

El bilen

Ştapel uzynlyk

Çyglyk ölçeýji

Çyglyk

Kalorimetr

Ýagtylyk we sarylyk. Reñk.

Polýarizirlenen ýagtylykly mikroskop ýa-da Casricaire testi

Ýetişik

Hile baha bermegiñ zerurlygy we standart howa şertleri.

Çig malyñ hiline baha bermek şular ücin gerek:

1. Iñ kiçi baha bilen iñ amatly hilli çig maly almak üçin

2. Alnan çig maldan talap edilýän hilli ýüplük öndürip bolup-bolmajakdygyny bilmek üçin

3. Nusgalyk süýüm bilen satyn alnan süýümi deñeşdirmek üçin

4. Maşynlary dogry sazlamak we işleniş tizlikleri saýlamak üçin

5. Satyn alnan çig maldan nähili girdejini alyp boljakdygyny barada bilmek üçin

Dokma materiallaryñ üstünde fiziki tejribeler (testler) geçirilende şeýle standart howa şertler üpjün edilmeli.

· Otnositel howa çyglygy 65 +/-2% we temperatura 20 +/-2 °C bolmaly.

· Tropiki we sub-tropiki ýurtlarda başga howa şertleri ulanylyp biliner, ýagny otnositel howa çyglygy 65 +/-2% we temperatura 27 +/-2 °C.

Diñe çig malyñ häsiýetlrini bilemek ýeterli däldir. Onuñ hil görkezijilerini dolylygyna peýdalanmak üçin giñ tejribe we çuñ bilim gerek bolup durýar.

Käte süýümiñ diñe bir görnüşini ýa-da partiýasyny ulanyp islenen hilli önümi almak bolanok. Şeýle ýagdaýlarda dürli çig malyñ görnüşlerini we partiýalaryny saýlap ulanmaly bolýar.

Eger baha dogry berlen bolsa girdejiler artar. Şeýlelikde hile baha bermek bu düşewüntlik üçin zerur işdir, ol hem müşterileri oñat hilli ýüplük bilen kanagatly etmegine ýardam edýär.

Hünärmenler süýümi el bilen ýa-da göz bilen barlap çig malyñ hiline ýeterli dogrylyk bilen baha berip bilýärler. Emma soñky zamanalar, HVI ýaly kämil esbaplaryñ döredilmegi bilen satyn alynýan süýümiñ hilini goşmaça hil barlaýjyl enjamlar bilen barlamak maslahat berilýär. Hil barlaýjy enjamlar çig mal satyn alynanda süýümiñ hili barada we şol süýümiñ gerek hilli ýüplügi çykarmaga ýaramlylygy barada dogry karar etmek üçin köp maglumat berip bilýärler.


2.Çig maly saýlamak.

         Birinji bilen üpjün edijini ýa-da agenti dogry saýlamaly. Satyn alyjy diñe baglanşdyrylýan kontraktda gowy şertleri üpjün etmek bilen çäklenmän  üpjün edijiniñ ynamlydygyny barlamaly. Kä-bir üpjün edijiler ýa-da agentler bazarlardaky bahalar galanda belli bir bahana bilen çig maly üpjün etmekden boýun gaçyrýarlar ýa-da pes hilli çig maly üpjün edip başlaýarlar.
         Az sanly üpjün edijileri bilen ýa-da pagta söwdasy bilen meşgullanýan abraýly söwda edaralaryñ wekilleri (agentleri) bilen uzak-möhletleýin gatnaşyk dikeltmek amatly bolýar. Olar adatça bazardaky hiliñ we bahalaryñ ýagdaýlary barada ygtybarly maglumat berip bilýärler. Şeýlelikde satyn alyjy akylly kararlary edip bilýär. Köp tebigy süýümler, meselem pagta, zawod ýaly önümçilik şertlerinde öndürilýän önümler däldir. Şonuñ üçin satyn alyja bagly bolan üpjün ediji rugsat edilýän çäklerde üýtgeýän oñat hilli çig maly wagtynda getirip bilmeli.
         Satyn almakdan öñürti satyjyñ aýdan bahasyndan başga-da goşmaça çykdajylary göz öñünde tutmaly:

· Satyjyñ ammaryndan çykandan soñ harydyñ satyn alyja çenli ýetmegine sarp edilýän wagt. Eger bu möhlet uzak bolsa satyn alyjy has uly goşmaça çykdajylary çeker.

· Daşamanyñ çykdajylary we salgytlar.

Eger çig malyñ hiliniñ, agramyñ we daşalma wagtynyñ üstünde dawa çyksa satyjylar köplenç ony derrew we dostluk bilen çözmäge ymtylýarlar. Eger dawa başga bir araçynyñ (arbitratoryñ) garamagyna geçirilse, araçynyñ karary derrew güýje girmeli.

         Talaplary we islegleri mydama üýtgäp duran bazar şertlerinde çykaryljak önümiñ hilini dogry saýlamaly. Satyn alyjy haýsy ýüplük nomerini egirjekdigi barada dogry karar etmeli. Satyn alyjy önümçilik meýilnama (plan) boýunça öndürilmeli ýüplügi çykarmak üçin süýümiñ nusgasyny ulanyp biler. Köp egirmeçiler egirijilik ukybyny doly ulanmaýarlar. Meselem Ne 44 üçin ýaraýan pagta Ne 40 üçin ulanylýar. Kä-bir egirmeçiler artykmaç egirýärler. Meselem, olar Ne 40 üçin ýaraýan pagtany alýarlar we ony Ne 44 ýüplügi çykarmak üçin ulanýarlar. Emma gowy hili üpjün etmek üçin hem-de çig mala edilýän çykdajylary iñ pes derejede saklamak üçin iñ amatly nomer saýlanmaly. Kä-bir egirmeçiler çig malyñ iki ýa-da ondan köp görnüşini satyn alyp olary garyşdyrýar. Onuñ üçin süýüm bilen ýüplügiñ häsiýetleriniñ özarabaglanşygyny gowy bilmeli. Satyn alyjy süýümiñ hiline baha bermek üçin çuñ bilimi we tejribäni gazanan bolmaly. Tejribehanalaryñ laborator enjamlarynda edilýän barlaglar diñe el bilen edilen barlaglaryñ dogrylygyny barlamak we tassyklamak üçin ulanylmaly.

3.Süýümleriñ esasy hil görkezjileri.

Uzynlyk bu süýümiñ iñ möhüm hil görkezjisidir. Ol täsir edýär:

· Egirijilik ukybyna

· Ýüplügiñ berkligine

· Ýüplügiñ düzgünsizligine

· Önümiñ ýalpyldysyna

· Ýüplügiñ tülüligine

· Öndürijilige


Uzynlyk öndürijilige üzülmeler sany, galyndylaryñ sany we berilmeli towlaryñ sany arkaly täsir edýär. 5mm-den gysga süýümler önümçilikde galynda bolup ýitýärler. 15 mm-den gysga süýümler ýüplügiñ berkligine ýardam etmän, diñe ýüplügiñ dolylygyny üpjün edip bilýärler.

Pagta süýüminiñ uzynlyklaryñ bahalandyrylyşy.

Toparyñ ady

Uzynluk, mm
Ýaraýan ýüplük nomeri, Ne

Gysga ştapel

25,4  we ondan kiçi 
Ýogyn 20-den pes

Orta ştapel

26 – 28 
Orta 20-34

Uzyn ştapel

28 – 34
Inçe 34-60

Has uzyn ştapel

34 we ýokary
Gaty inçe 80-140


Bellikler:

· Egirilýän nomer diñe ştapel uzynlygyna bagly däldir. Ol goşmaça inçelige we ulanylýan enjamlara bagly bolup durýar.

· Uzynlyk el ştapelde ýa-da fibrografda (2.5% aralyk uzynlyk) ölçenilýär.

Uzynlygyñ deñölçegliligine baha berlende şeýle iki görkezjiler ulanylýar.


1)Deñölçeglilik indeksi UR (uniformity index)

UR%

Baha

50-55

Gaty gowy

45-50

Gowy

40-45

Kanagatlanarly

35-40

Ýaramaz

30-dan aşak

Ulanylyp bolmajak


2)Deñölçeglilik gatnaşygy UI (uniformity ratio)

UI

Baha

77-den aşak

Gaty kiçi

77-99

Kiçi

80-82

Ortaça

83-85

Ýokary

85-den ýokary

Gaty ýokary


Inçelik ýüplügiñ kese kesiginde näçe süýüm sygyp bilýändigini kesgitleýär, şonuñ üçin ol möhüm görkezjidir. Kese kesige mümkin boldukça has köp süýümler sygdyrylmaly.


Ýüplügiñ kese kesiginde inçe süýümleriñ has köp sanynyñ ýerleşişi.


Süýümler näçe inçe bolsa şonça-da kese kesikde olaryñ sany artar, ýüplügiñ deñölçegliligi gowulandyrylar. Emma has inçe süýümler añsat nepsleri emele getirip bilýärler. Süýümleriñ inçeligine göni-däl baha bermek üçin çyzykly dykyzlyk ulanylýar. Dürli ýurtlarda bu ölçeg üýtgeşik bolýar. Uniwersal ölçeg hökmünde dteks, ýüpek önümçilikde denier, pagtada mikrogramm/inch ýaly ölçeg birlikleri ulanylýar. Pagta süýümiñ inçeligi köplenç mikroner ölçegi bilen ölçenilýär we alnan netijelere görä inçelige şeýle baha berilip biler:

İnçelik(mikroner) Baha

            <   3                                         gaty inçe          
            3  -  3,9                                         inçe
            4  -  4,9                                         ortaça
            5  -  5,9                                         galyñ
             >  6                                         gaty galyñ

Pagtada inçelik bilen ýetişik bir wagtda mikroner usuly bilen ölçenilýär. Mikroneriñ bahalary pagtañ dürli görnüşleri üçin 2.6 – 7.5 aralykda üýtgäp biler. Adatça mikroner görkezjini pagtañ inçeligi hem-de onuñ pylan nomerli ýüplügi çykarmaga ýaramlylygy boýunça baha bermek üçin ulanýarlar. Mikroneriñ öz barlaýjy enjamy bar. Ilki bilen gowy tüýdülen we arassalanan pagtadan silindrik şekilli dykyzlanan nusgasy taýýarlanylýar (agramy 3.24 gr). Soñ nusga mikroner enjama goýulýar, şol ýerde onuñ içinden belli basyş bilen howa geçirilýär. Nusgadan geçýän howanyñ mukdary süýümleriñ inine bagly bolup durýar. Howanyñ akymy rotor-görnüşli ölçeýji bilen ölçenýär.

Emma mikroner inçeligiñ we ýetişikligiñ utgaşdyrylan görkezjisi bolandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Her pagtañ görnüşi üçin öz amatly mikroner bahasy bar. Ýagny mikroner seresaplyk bilen ulanylmaly. Pagtañ inçeligi gowaçañ görnüşine hem ýetişikligine bilelikde bagly bolup durýar, şu iki sebäpleriñ haýsysynyñ täsiri ulydygyny bilmeli.

Mikroner ýaly süýümleri köpçülikleýin ölçeýän enjamlardan daşary ýeke süýümleriñ inçeligini bir-birden ölçeýän usullar bar. Ýöne olar agyr we çykdajyly bolýarlar, sebäbi ynamly netijeleri almak üçin has köp sanly süýüm bir-birden ölçenilmeli. Mikroner bolsa dürli usullaryñ arasynda iñ ýönekeý, añsat we seretmäge amatly bolan esbapdyr. Meşgur HVI enjamy hem mikroner barlaglary geçirip bilýär.

         Berklik halkara pagta söwdasynda köplenç lb/inch2 (bir kwadrat duýmiñ funtlarda bolan agramy) bilen añladylýar. Bu ölçeme Pressley atly enjam arkaly amala aşyrylýar. Pressley görä süýümiñ berkligine şeýle bahalar berilip biler: 


≥ 93 gaty berk

87 - 92 berk

81 - 86 ortaça

75 - 80 erbet däl

70 - 74 gowşak

70-den pes                               gaty gowşak


Pressley usulyna tapawutlylykda Stelometer we HVI ulgamynda berkligi ölçemek üçin g/teks ölçeg birligi ulanylýar. Pagta süýümiñ berkligi 15-40 g/teks aralykda bolýar. Gowy pagtada berklik 25 g/teksden aşakda bolmaly däldir. Kä wagt süýümleriñ berkligi cN/teks birliklerde ölçenilýär. Pagta süýümleriñ berkliklerine şeýle baha berilýär:

g/teks

Baha

23-den kiçi

Gowşak

24-25

Aralyk

26-28

Ortaça

29-30

Berk

31-den ýokary

Gaty berk

Berklik has berk ýüplükler çykarmak we ýokary işleniş tizlikleri saýlamak üçin süýümiñ zerur häsiýetidir.

Elastiklik (uzalma) ýüplügiñ üzülen wagty uzalmasyny kesgitleýär we ýüplügiñ sezewar boýlan agramlaryna garşy durmak häsiýetine täsir edýär. Bu görkezji pagta üçin 6-10%, ýüñ üçin 25-45% aralykda bolýar. Üzülme uzalmasy bilen üzülme berklik bir wagtda ölçenilýär. Süýümleriñ uzalmasynyñ artykmaç bolmagy hem dokma önüm üçin gowy zat däldir. Çüñki bu ýagdaýda çekim işler agyrlaşýar.

         Ýetişiklik pagta süýüminiñ sellýuloza gatlaklaryñ galyñlygy bilen bagly. Şol gatlaklar süýümiñ galyñlygy bilen baglylykda näçe uly bolsalar şonça-da süýüm has ýetişen hasaplanylýar. Ýetişik dürli himiki usullar bilen kesgitlenýär. Eger sellýuloz gatlagy hiç emele gelmedik bolsa bu süýüm öli diýilip hasaplanýar. Olar gaty inçe bolýarlar. Ýetişik boýajylyk ukyba uly täsir edýär. Sebäbi pagta önümler boýalanda boýag maddalar sellýuloza bilen baglanşdyrylýar. Ýetişmedik ýa-da öli süýümler boýagy gowy almaýar we hile ýaramaz täsir edýärler.
         Ýetişiklige baha bermek üçin ýetişiklik gatnaşygy (iñlisçe Maturity ratio) ulanylýar:


Ýetişiklik gatnaşygy = ((Normal - Öli)/200) + 0.70

Bu ýerde: N - % normal süýümler D - % öli süýümler

         Pagta süýüminiñ diwarynyñ we içki kanalyñ (lýumen) özara gatnaşygyna baglylykda şeýle bahalar berili biliner:

1. Ýetişen : (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") <1

2. Ýarym ýetişen: (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") 1-den uly we 2-den kiçi

3. Ýetişmedik : (Lumen ini "L")/(diwaryñ galyñlygy"W") >2

Mundan başga ýetişik koeffisiýenti ulanylýar (iñlisçe Maturity Coefficient)

Ýetişik koeffisiýenti = (M + 0.6H + 0.4 I)/100

Bu ýerde:

M – ýetişen süýümleriñ mukdary, %

H – ýarym-ýetişen süýümleriñ mukdary, % I – ýetişmedik süýümleriñ mukdary, %

Eger ýetişiklik koeffisiýenti

0.7-den kiçi, bu ýetişmedik pagtadyr 0.7 we 0.9 aralykda bolsa, bu ortaça ýetişen pagtadyr 0.9-den köp bolsa, bu gowy ýetişen pagtadyr


         Pagtadaky özge maddalaryñ mukdaryna baglylykda arassalyga şeýle bahalar berilip biler:

Özge maddalaryñ mukdary

Baha

!,2 çenli

Gaty arassa

1,2 – 2,0

Arassa 

2,0 – 4-0

Orta

4,0 – 7,0

Hapa 

7,0 we ýokary

Gaty hapa 

Pagtadaky tozanlar dürli mikroskopik bölejiklerden durup emele gelýärler. Tozanlar önümçilikde hapalyk, saglyga zyýan, rotor egirmede üzülmeleriñ artmasy ýaly meseleleri ýüze çykarýar. Tozanlaryñ ölçegine baglylykda olar şeýle toparlara bölünip bilerler:


Bölejikleriñ ululygy(µm)

Hapa

500 we ýokary

Tozan

50 – 500

Mikrotozan

15 – 50

Dem alynýan toz

15 we ondan kiçi

Şirelik önümçilikde uly meseleleri döredip bilýän süýümiñ aýratynlygydyr. Ony dürli himiki metodlar arkaly kesgitlemek mümkin bolýar.

Elläniñde ýakymlygy. Eger süýüm elläñde ýylmanak duýulsa, onda bu süýümden has ýylmanak ýüplügi çykaryp bolar. Ýylmanak ýüplükden has gowy matalary dokap bolýar.

Reñk pagta süýüm synplaşdyrylanda möhüm bir görkezjidir. Çüñki pagtañ reñkine seredip onuñ keseli geçiren ýa-da geçirmedigini, ýagşyñ aşagyna düşendigi barada bilip bolýar. Pagtañ reñki başga-da köp hil görkezjiler bilen berk baglanşyklydyr. Pagta egirme fabriklerde garyşdyrylanda reñk tapawut ýüze çyksa önüm ala bolar (abraž hadysasy). Reñke baha berilende iki ölçeg ulanylýar: %Rd (ýalpyldy) we b+ (sarylyk). Bu bahalar kalorimetrde (Nickerson-Hunter) ýa-da HVI enjamynda tapylýar. Söwdada reñke baha berlende şeýle toparlara bölüniş ulanylýar:

Light

Çal ýa-da çala goñur reñkli

Spotled

Tegmilli, goñur reñkli

Tinged

Goýy sary reñkli

Yellow stained

Goýy sary reñkli we tegmilli

Pagta süýüme synp (klass) berilende reñk, hapalyk we çigitden arassalanmagyñ hili göž öñünde tutulýar. Synp näçe ýokary bolsa, şonça-da ýüplügiñ daşky görnüşi gowy bolar we az galyndy emele geler. Her ýurtda dürli synplaşdyrma ulgamlar ulanylýar. GDA ýurtlarynda Sowt Soýuzdan galan 7 sortlara bölünişi ulanylýar. ABŞ-de we Türkiýede bölüñiş şeýledir:


ABŞ-de pagtanyñ synplara bölünişi (AMERICAN UPLAND görnüşi üçin)

S.NO

SYNP/GRADE
ALAMAT/SYMBOL
KODY/CODE

1(iñ gowysy)

GOOD MIDDLING
GM
11

2

STRICT MIDDLING
SM
21

3

MIDDLING
M
31

4

STRICT LOW MIDDLING
SLM
41

5

LOW MIDDLING
LM
51

6

STRICT GOOD ORDINARY
SGO
61

7

GOOD ORDINARY
GO
71

8(iñ pesi)

BELOW GRADE
 
 


Türkiýede pagtanyñ synplara bölünişi

1(iñ gowysy)

Ekstra

2

Mıntıka

3

Garanti

4

Sıra

5(iñ pesi)

Benekli

Tekstil barada okuw web-site link: http://bola-bola.narod.ru/index.html

                                     http://www4.ncsu.edu/~bovezmu/

Edebiýatlar - References

W.Klein, Short-staple spinning series 1995 Миловидов Н.Н., Фаминский П.П., Шишкунова Е.Н. Проектирование хлопкопрядильных фабрик. М.: Легкая и пищевая промышленность 1983 Справочник по хлопкопрядению. М.: Легкая индустрия 1987 Власов П.В., Сурнина Н.Ф. Проектирование ткацких фабрик. М.: Легкая индустрия 1983 Бадалов К.И., Жоховский В.В., Осьмин Н.А. Прядение хлопка и других текстильных волокон. Москва 1980. Bülent Gemici. Pamuk iplikçiligi ders kitabı. Bornova/İzmir 1999