Oskar Waýld

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Oskar Waýld

Oskar Waýld

(1854-1900)

Irland ýazyjysy Oskar Waýld öz döwrüniň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Ol Irlandiýanyň paýtagty Dublinde, lukman Wilýam Waýldyň maşgalasynda dünýä inipdir. Oskaryň ene-atasy sungata berlen adamlar eken. Olaryň täsiri bilen Oskar eýýäm çaga wagty köp kitap okap, şahyr-ýazyjy bolmak kararyna gelýär.

Dokuz ýaşaýança ol bilimi öýünde alýar, fransuz, nemes dillerini öwrenýär, soňra Enniskillen şäherindäki Portor mekdebinde okaýar. Mekdebi altyn medal bilen tamamlap, Dubliniň Triniti kollejine okuwa girýär. Bu ýerde ol antik edebiýatyny, medeniýetini we taryhy öwrenýär, 1874-nji ýylda bolsa okuwyny Oksford uniwersitetinde dowam edýär. Şol döwürde Oskar özüniň ilkinji eserlerini ýazyp başlaýar. 1878-nji ýylda oňa «Rawenna» poemasy üçin Nýudigeýt baýragy berilýär, şol ýyl hem ol uniwersiteti tamamlap, Londona göçýär. Bu ýerde Oskar Waýld özüniň dilewarlygy, ugurtapyjylygy, bezemen geýinjeňligi hem-de geň häsiýeti bilen uly ile özüni tanadypdyr.

Şahyryň ilkinji şygyrlar kitaby 1881-nji ýylda çap edilýär. Waýldyň irki eserleri prerafaelitleriň we impressionistleriň täsirinde döredilipdir. 1882-nji ýylda Waýld ABŞ-a syýahat edýär. Bu ýerde ol edebi esseleri, leksiýalary bilen birnäçe uly uniwersitetlerde çykyş edýär. Amerikada bir ýyl ýaşap, Waýld Pariže ugraýar. Bu ýerde ol dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzlary, şol sanda Emil Zolýa, Wiktor Gýugo, Anatol Frans, Pol Werlen, Stefan Mallarme bilen tanyşýar, olar bilen dostlaşýar.

Angliýa gaýdyp baranyndan soň Waýld öýlenýär, onuň iki ogly bolýar. «Bagtly şazada» (1888) we «Nar jaýy» (1891) ertekiler ýygyndysyny Waýld ogullaryna bagyşlapdyr.

1887-nji ýylda ýazyjy özüniň «Kenterwil arwahlary» (1887) atly meşhur hekaýalar ýygyndysyny çap etdirýär. 1890-njy ýylda bolsa Oskar Waýldyň iň belli hem-de iň çuň eseri - «Dorian Greýiň portreti» romany çap edilýär.

Waýld diňe bir şygryýetde hem kyssada däl, eýsem dramaturgiýada hem uly kämillige ýetipdir. Onuň «Salomeýa» (1891) dramasy, komediýalary häzir hem tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrýar.

1898-nji ýylda Oskar Waýldyň iň ajaýyp eserleriniň biri bolan «Reding türmesiniň balladasy» atly poemasy çap edilýär.

Oskar Waýld özüniň ahlaksyzlygy sebäpli durmuşynda birentek görgüler görmeli bolupdyr. Ahyrsoňy ýazyjy 1900-nji ýylda, Parižde dünýeden ötýär.