Oksford uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

11-njy asyryň ahyrynda esaslandyrylan Oksford uniwersiteti diňe bir Beýik Britaniýada däl,eýsem yewropa döwletleriň ählisiniň arasynda hem iň bir gadymy ýokary okuw mekdepleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda uniwersitetiň talyplarynyň dörtden biri daşary ýurtlydyr.Oksford uniwersiteti beýleki ýokary okuw mekdepleriň arasynda durnukly öňdeligini saklap, reýtingde Kembrij uniwersiteti hem Garward uniwersitetleri bilen çekeleşikli bäsleşikdedir.Oksford maý baýramçylygyny,Kraýs Çerj kollejini,garri potter filmniň surata düşürilen ýerleri görmek üçin bu ýere ýylda millionlarça jahankeşdeler gelýär.

Meşhur uçurymlary:

Oksforduň mugallymlarynyň hem-de uçurymlarynyň 40-sy nobel baýragynyň eýeleridir.şeýle hem britan premýerleriniň 25- si,korollaryň 6- sy, ruhanylaryň 12- si 50- ä golaý olimpiada ýeňijileri,şonuň ýaly hem dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 20- ä golaýy, syýasatçylaryň,alymlaryň müňlerçesi şu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarydyr.Oksfordda okuw oktýabr aýynda başlaýar we 3 tapgyrda geçirilýar.

Oksforduň tölegleri:

bahalar saýlan hünäriňe görä tapawutlandyrylýar. Hukuk,saglyk,ykdysadyýet we söwda ugurlary gumanitar hünärlerden gymmat bolýar. Ýöne uniwersitetde ýa-da kollejde okamak isleseňiz onuň ýaşaýyş jaýy üçin tölegini hem göz öňüne tutmak gerek. Ýaşaýyş jaýlaryň 9 aýlyk bahasy 9,675 ýewro,tutuş bir ýyllygynyň bahasy bolsa 12,900 ýewro barabardyr. Ýöne uniwersitet daşyndan işlemäge-de rugsat berýär. Talyp haklarydyr,höweslendiriji baýraklar uly bäsleşikleriň netijesinde gazanylýar. Bu babatda russiýanyň hem-de ysraýylyň ýaşaýjylaryna uly ýeňillikler bar. Ýagny "Hill"gaznasy her ýylda talyplaryň okuw we ýaşaýyş jaý töleglerini ýapjak mukdardaky pul serişdelerini goýmak bilen bäsleşik geçirýarler.Gynansakda Russiýa federasiýasyndan başga, GDA döwletlerine we ozalky SSSR-iň düzümindäki ýurtlara bu gaznadan haýyr ýok. Ýöne GDA-nyň talyplary Klarendon we Riç gaznalarynyň guraýan bäsleşiklerine gatnaşyp bilerler.

1096-njy ýylda döredilen bu uniwersitetde häzirki wagtda 24640 talyp bilim alýar. Pikir soraşmalarda talyplaryň 92 göterimi kanagatlanarly baha berdi.