Kompýuter wideo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Kompýuter Video

Öňki asyryň 90-njy ýyllaryna çenli wideomontažy diňe wideoplýonkanyň üstünde professional gymmat enjamlar bilen geçirmek bolýardy we ol gaty çylşyrymly we kyn iş bolupdyr. Digital video, ýagny, kompýuterde ulanylýan elektron görnüşli wideo has ýaýrandan soň, wideoklipleri kompýuterde işlemek mümkin boldy. Indi, kompýuterler has arzanlandan soň we olaryň güýji köp esse artandan soň, wideomontažy öýde hem edip bolýar. Kompýuterde ulanylýan dürli we köp sanly wideo formatlary bar:

Köp formatlar ýitgili, ýagny olar başlangyç wideonyň ululygyny gysyp kiçeldýärler – kompressiýa edýärler, emma şonda onuň hili belli derejede ýitýär.

Kä-bir formatlar bolsa ýitgisiz – ýagny, olar asyl wideonyň hilini üýtgetmeýärler, emma köp ýer tutýarlar.

Soňky wagtlar High-Definition (HD), ýagny, ýokary razreşeniýe bolan örän gowy hilli wideo formatlar meşgur bolýar. HD görkezýän telewizorlaryň satylyşy ösen ýurtlarda barha artýar.

Esasy wideo formatlar:

MPEG-1 (mpeg, mpg) - ir çykan ýitgili format, köp ýer tutýar, suradyň hili VHS (wideokassetalaryňky bilen deň - orta we pes derejede, VideoCD şol formatda ýazylýar; DAT – adatça MPEG wideo disklere ýazylanda döredilýär; MPEG-2 - köp ýer tutýan format, suradyň hili azajyk ýitýär, DVD-Video we sputnik TV-niň formaty; MPEG-4 (MP4) - soňky çykan az ýer tutýan format, suradyň hili wideoklipiň niýetlenişine laýyklykda dürli bolup bilýär – pesden örän ýokara çenli, şu wagt çykýan wideopleýerleriň köpüsi we mobil telefonlary MPEG-4 okap bilýärler; QUICK-TIME (MOV)– tutýan ýeri we hili ortaça, mobil telefonlarda we Internetde (streaming video) köp ulanylýar; Real Media (RM) - QUICK-TIME meňzeş format, az ulanylýar; VOB – orta hilli format; 3GP – mobil telefonlarda iň giň ulanylýan, örän az ýeri tutýan we pes hilli ýitgili format; FLV – Internet streaming video we Flash animasiýasy bilen giňden ulanylýan format, örän az ýer tutýar, suradyň hili pes we orta, YouTube we başga-da köp Internet wideo FLV görnüşinde görkezilýär; Windows Media Video (WMV, ASF) – bu format bilen kompressiýanyň ýokarda agzalan ähli görnüşlerini diýen ýaly edip bolýar AVI –islendik kompressiýany edip bilýän giň ýaýran format, ýitgisiz wideo edip bolýar(emma şonda köp ýer tutýar), kameralardan kompýutere wideo geçirmek üçin giňden ulanylýar;

MP4 şu wagt öräň meşgur format. Ol wideo gowy gysýar, şol bir-wagtda hilini gowy saklaýar. Dürli hilli wideo formatlar we standatlar MP4 laýyk gelýär. MP4 formatyň öz gereginde başga birnäçe görnüşi bar: DivX – MPEG-2 (DVD-Video) bilen meňzeş hili üpjün edýär, emma tutýan ýeri azyndan iki esse az bolýar. Xvid – DivX bilen meňzeş. H.261 – iň soňky çykan meşgur HD standart, örän ýokary hilli we wideofaýllary oňat gysýan format, ýöne köpräk ýer tutýar;

Kompýuter wideomontažy non-linear video usulynda edilýär. Non-linear video montaž – wideoklipde her kadr bilen aýry işläp bilýän wideomontaž. Eger ýörite güýçli wideokarta we kompýuter bar bolsa, köp wideomontaž programmalaryň kömegi bilen non-linear wideo ýasap bolýar. Iň öňdebaryjy wideomontaž prgrammalar: Avid, Adobe Premiere, Ulead Video Studio we Apple's Final Cut Pro, Lightworks, Sony Vegas, Media 100. Bular bilen professional kino we TV wideomontaž edip bolýar. Iň güýçli we kinostudiýalarda giň ulanylýan programmalar: Avid we Final Cut Pro. Başga-da meşgur emma has ýönekeý wideo programmalar: Movie Maker (her Windows kompýuterde bar), iMovie (her Mac kompýuterde bar), NERO 8 Ultra, GEAR Video, muvee Technologies' muveeNow, autoProducer, Pinnacle Systems' MediaSuite (Türkmenistanda meşgur), Virtual Dub (meşgur mugt programma, ýagny Open Source software). Bulary öýde ulanmak amatly bolar. Ulead Video Studio – hem professional hem ýönekeý öý wideomontažy üçin gowy ýaraýan programma, ony öwrenmek aňsatdyr. Wideomontaž programma kompýuterde dürli wideo yzygiderlikleri bilen işleşýän programmadyr. Ýönekeý düşündireňde, bu programma wideoklipleri surat (meselem, JPEG) görnüşinde saklanýar. Ýagny, aslynda wideolaryň özleri üýtgedilenok-da olaryň JPEG surat kopiýalaryň üstünde iş geçirilýär. Bu suratlar bilelikde alynyp, kesilip, birleşdirilip, ulaldylyp, kiçelip, aýlanyp we başga-da dürli effektler goýulyp bilner. Wideomontaž programmalar belli derejede audiomontaž (audiofaýl kesmek-birleşdirmek, sesini üýtgetmek işi) hem edip bilýäler. Wideomontaž programmanyň iş ýeri şu esasy bölümlerden ybaratdyr: Wagt hatary (timeline) - ähli wideolar, sazlar we suratlar şol timeline hatarynda goýulýar we olar bilen iş geçirilýär. Hatar slide-show (Power Point) yzygiderlige gaty meňzeýär. Hataryň wagt lineýkasy bar, onuň masştabyny ulaldyp – kiçeldip tutuş proýekt ýa-da diňe onuň aýry bir kiçijik bölegi görüner ýaly sazlamak bolýar. Wideo, saz, surat aýry-aýry gatlarda ýerleşdirilýär. Iň güýçli programmalar (Adobe Premiere, Final Cut Pro, Avid) şol gatlaryň 99 we ondan hem köp sany bilen işläp bilýärler. Ýönekeý Movie-Maker bolsa, meselem, diňe bir gaty bilen işlä bilýär. Kitaphana (Library, Biblioteka) – proýekt üçin gerek wideo, surat we audio faýllaryň ýerleşýän ýeri. Gerek wagty, olar aňsatlyk bilen tapylyp we timline hatara geçirilip bilner. Preview Window (Project) - montaž edilen tutuş proýekti görkezýän ekran. Montaž dogry gidýändigini barlamak üçin amatly Source Window (Videoklip) – proýektiň şu wagtky işlenilýän bölegi (timeline hatarynda bellenen aýry klip). Trim Window – klipleri kadr-kadr alyp işledýän ekran Kä-bir programmalarda (meselem, Ulead Video) hem Preview hem Source bilelikde görkezýän diňe bir ekrany bolýar, şonda ekranyň gapdalynda Project we Videoklip geçirýän knopkalary bolýar. Wideoklipiň ýa-da suradyň üstünde dürli effektleri goýup bolýar: ak-gara etmek, sahypa ýaly geçirmek, reňkini üýtgetmek, üstünden bulut geçer ýaly etmek we ş.m. CAPTURE diýmek, bu daşyndan, meselem, wideokameradan wideony kompýuteriň içine geçirmek diýmek. Köp wideomontaž programmalaryň CAPTURE funksiýasy bar, ýagny, olar kameradan göni programmaň içine wideo tutup geçirmäge we onuň üstünde işlemäge mümkinçlik berýärler. Proýekt taýýar bolandan soň ony SHARE ýa-da EXPORT edýäler, ýagny belli bir saýlanan meşgur wideo format görnüşinde diske geçirýärler. Kodek – bu signaly bir görnüşinden başga bir görnüşine geçirýän programma ýa-da enjam. Wideo kodek köplenç wideo kompressiýa edýär.