Jon F. Kennedi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Kennedi 1961-nji ýylda

Jon Fisžerald Kennedi (John Fitzgerald Kennedy) (29 Maý 1917 – 22 Noýabr 1963)

ABŞ-nyň döwlet işgäri. Irland asylly baý katolik maşgalasynda dogulýar. Londonyň ykdysadyýet mekdebini we Garward uniwersitetini tamamlaýar (1940 ý.) 1941-1945-nji ýylarda ABŞ-yň harby deňiz güýçlerinde gulluk edýär. 1947-1953-nji ýyllarda Massaçusets ştatyndan wekiller palatasynyň agzasy. 1953-1960-njy ýyllarda senator, 1960-njy ýylda prezident saýlanýar. Ol ABŞ-nyň 35-nji prezidentidir. “Täze sepgitler” hem-de kosmosy özleşdirmek baradaky “Apollon” maksatnamalarynyň awtory. 1963-nji ýylyň noýabr aýynda Dallasda atylyp öldürilýär. Žon Kennedi ilki ýurduň ykdysady pese gaçmasyny togtatmagy başardy. Ykdysadyýetini janlandyrmak üçin salgytlary peseltmek isledi. Emma onuň bu teklibini kongress goldamady. Ol aram özgertmeleriň käbirini durmuşa geçirmäge eýgerdi. Ol iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçirdi. Raýatlaryň hukuklary hakynda kabul edilmegini-de gazandy. Emma ol bilimi ösdürmek ýa-da garrylara lukmançylyk kömegini bermek ýaly syýasatlaryny durmuşa geçirip bilmedi. Ýöne kosmos barlaglaryny güýçlendirmegi welin, amala aşyrdy. Kennedi daşary syýasat meselesinde SSSR we sosialistik ýurtlar bilen gatnaşyklarda ylalaşykly syýasatyň tarapdarydy. Ýöne onuň eglişikli daşary syýasatyna N. Hruşýow ABŞ-yň ejizligi hökmünde nädogry düşünipdi. Dogrusy, “sowuk urşuň” soňuna çykmaga Hruşýowda mümkinçilik bolupdy. Kennedi 1963-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-sinde Tehas ştatyndaky Dallas şäherinde üsti açyk maşynda barýarka öldürildi. Ol aram özgerdişler ugrunda göreşen prezident hökmünde halkyň ýadynda galdy.

Jon F.Kennedi öldürilenden soňra onuň ýerine Lindon Jonson wagtlaýyn wezipä gelýär we ol Kennediniň öldürilenini eşiden wagty uçarda kasam edýär! Jon F. Kennediniň inisi Robert Kennedi hem syýasy ýagdaýlar sebäpli atylyp öldürildi.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

A. Mamutow, “Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň täze we iň täze taryhy” - Gollanma maglumat merkezi