Induizm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

INDUIZM (sanskr, hindumata, hindusamaýa) - has giň ýaýran dilleriniň biri. I-in esasynda halkyň dini dushunjesinin we däp-dessurynyň real gündelik praktikasy ýatyp, ol ýerli etnik, milli we sosiýal shertlere baglylykda özünini köp dürliligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi her hili doga okamakdan, dürli däp-dessurlary we dini düzgünleri berjaý etmekden ybaratdyr. Kasta induistlerin (bashgaça ) sosiýal guramasynyň formasy bolup hyzmat edýär. Induslaryň kultunyň we dini ynmanynyn aýratyňlygy köp halatlarda olaryň ol ýa beýleki kasta degişlidigine bagly bolupdyr. Emma adam öleňden soň, janyň başga sekile geçmegi (sansara) hakyndaky taglymat ähli induslar üçin umumydyr. Ol taglymat boýunça adam öleňden soň, onuň jany başga bir ösümlik gabagfynda, haýwan ýa-da adam bedenine gyryp, shonda ýashaýarmysh. Induslaryň düşünsine görä, her bir adamyň öz etmişinde baglylykda onuň jany oňat ýa-da erbet sekile öwrülýärmiş. Şoňa göräde öleňden soň, başga sekile öwrülmek zynjyryndan halas bolamgy gazanmak-moksa in ýokary dini maksat hasaplanýar. I-nyň dürli dini-filasofik taglymatlarynyň esasy mazmuny moksalygy gazanmagyn ýollarynyň we mümkinçilikleriniň işläp düzmekden hemde esaslandyrmak ybaratdr. Dini filasofiýada uçhudaýlyk ideýasy öne surulýar. Abstraçt häsiýete eýe bolan Brahman hem-de iki sany baş hudaý Wisnu we Siwa. Bularyň birinjisi Älemi dörediji, ikinjisi ony goraýjy, üçinjisi ony rujy hökmünde çykyş edýär. Wedler (gimnler, brahmanlar, aranýaklar, upanisadlar), eposy, aýratyn onuň , diýen bölümleri ähli induslar üçin keramatly edebiýat hasaplanýar. I-in irki orta aşyrlarda esaslandyrylan dini garaýýs we praktiki komlekisnde soňky döwürlerde şeýle hem bir düýpli. Özgeriş bolmady, ýöne her dürli sektantçylyk hereketleri, eserler, taglymatlar döräp durýar. Olardan has görnüklisi bhaty hereketidir (12-17 aşyrlar) 16 asyrda bhaktinin bir akymynyň esasynda sikhizm döreýär. Hindistanda milli-azat edijilik hereketiniň dörän we ýaýbaňlanan döwri bolan 19-20 aşyrlarda şol hereketiň agalyk ediji ideologiýasynyň hasaplanan burjuaz milletçiligi I-in tazedden döreýiş we reformaşyýa formalaryny (Indus renessans,. neoinduizm) Kabul edýär. Köp sanly dini reformatorçylyk jemgyýetler we guramalar, jemgyýetçilik ishgarleri, ideologlar, akyldarlar (Rammohon Raý, Ramakrishna, S Wiwekananda, D SaraswatiR. Tagor.M K.Gandy we bashgalar) neoninduizm wekilleri bolup çykysh etdiler. Häzirki wagtda garashsyz Hindistanyň sosiýal durmuşhyňda entek geçmişhiňiň galyňdylary , dini obshina onushyzyzlyklary sanlansa-da, I-in sosiýal bahasy barha daralyp bashlaýar.