Hronologiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Hronologiýa (grek. χρόνος — wagt; λόγος — öwrenmek):

  1. taryhy wakalaryň we resminamalaryň senesini kesgitleýän kömekçi taryhy ugur;
  2. wagtyň dowamynda taryhy wakalaryň yzygiderliligi;
  3. haýsydyr bir wakalaryň öz wagt yzygiderliligindäki sanawy.

Astronomik hronologiýa gaýtalanýan asman hadysalarynyň kanunalaýyklygyny öwrenýär we takyk astronomik wagty kesgitleýär; ol taryhy hronologiýanyň hem usuly bolup durýar.

Geohronologiýa — öz ady (era, döwür, eýýam we asyr) bar bolan we belli bir yzygiderlilikde ýerleşýän şertli bölekli geologik wagtyň bir bölümi. Geohronologiýanyň ylmy esasy stratigrafiýa bolup durýar.

Taryhy (tehniki) hronologiýa — dürli halklaryň we döwletleriň ýyl hasaby ulgamlaryny hem-de senenamalary öwrenýän, şeýle hem, taryhy hadysalarynyň senelerini we taryhy çeşmeleriň döredilen wagtyny kesgitlemäge kömek edýän kömekçi taryhy ugur.

Edebiýat[üýtget]