Halkara Slawýan Kanaly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Emblema

Halkara Slawýan Kanaly (rusça: Международный Славянский Канал, ukraýinça: Міжнародний Слов'янський Канал, iňlisçe: Slavonic Channel International) — telewizion kanaly.

Dünýäniň slawýan halklaryny we bütindünýä halkara birleşigini slawýan halklarynyň durmuşynyň dürli ugurlary, slawýan halklarynyň täsin taryhy, baý däp-dessurlary, medeniýeti, gazanan üstünlikleri we bütindünýä ösüşine goşan täsirli goşantlary bilen tanyşdyrmak üçin niýet bilen döredilipdir.

Informasiya[üýtget]

"Halkara "Slawýan Kanaly" ("International "Slavonic Channel") 2008-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-de Ukraýina döwletiniň territoriýasyndan sputnik ugrundan efire çykypdyr (Sirius-4 Satellite 5° East Frequency 12075 MHz (H) Symbol Rate: 27,5 Msymb/s FEC 3/4 & Astra-2 Satellite 31,5° East Frequency 12090 MHz (H) Vertical Symbol Rate: 27,5 Msymb/s FEC 9/10). SCI gije-gündiz işleýär we öz gepleşiklerini ýaşaýan ilaty 1 milliard 202 million adama barabar meýdanlara ýaýradyp ýetirýär. Gepleşikler (ilki Ukraýina döwletiniň territoriýasyndan) dört ses ugrundan: rus dilinde, ukraýin dilinde, iňlis dilinde we gepleşikleri çykarýan ýurduň dilinde – alnyp barylýar.Gelejekde gepleşikler slawýan ýurtlarynyň dillerinde, şeýle hem fransuz, nemes, ispan, portugal, arap we hytaý dillerinde alnyp barylar.Telekanalyň berýän gerleşikleriň mazmuny - medeni-aň-bilim işlerini geçirmekdir.

Taryhy[üýtget]

"Halkara" Slawýan Kanalynyň " öňki SSSR-ň territoriýasyndan ilkinji gezek spitnik ugrundan efire çykyşy Ukraýina döwletiniň territoriýasyndan çykan tejribe gerleşikleri bolupdyr. Efire tejribe gerleşikleri çykyşy 1994-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-den 1995-nji ýylyň maý aýynyň 15-i aralygynda amala aşyrlypdyr. Taslamany düzenler: Iwanenko Wladimir Aleksandrowiç we Iwanenko Waleriýa Wladimirowna.

Edebiýat[üýtget]

Maşenko I.G. Ukraýinadaky telewideniýe. 1-nji kitap " Telewideniýe de facto". — Nikolaýew, 1998. — 341 s.

Salgylar[üýtget]

Telekanalyň saýty