Guduzlama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Guduzlama keseliniň esasy sebäpleri

Guduzlama keseli (lat. rabies) adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir. Ol kesel barada maglumatlar gadymy hindi, müsür golýazmalarynda hem ýazylandyr. Guduzlama – ýiti ýokançly kesel bolup, ol merkezi nerw ulgamyna zeper ýetme bilen häsiýetlendirilýär. Kesel döredýän wirusy, tebigatda käbir ýabany haýwanlar, ýarganatlar özünde saklaýarlar. Köplenç halatlarda keseli eýesiz itler, pişikler hem-de möjekler, tilkiler ýaýradýarlar. Haýwanlaryň tüýküligi diňe bir kesel wagtynda däl-de, inkubasion döwürde hem (kesel ýokuşyp, birinji alamaty ýüze çykýança geçýän wagt) ýokançlydyr. Adama bu kesel haýwanlaryň dişlemegi we wirusyň ýokuşmagy hetijesinde ýüze çykýar. Keseliň näsag adamdan adama ýokuşýan halatlary örän seýrekdir. Dişlenmeden soň, wirus nerw süýümleriniň ugry bilen merkezi nerw ulgamyna ýetýär we beýniniň zeperlenmegine (ensefalit) getirýändir. Beýnide diňe şu kesele mahsus bolan, “guduzlama düwünjikleri“ we onuň öýjüklerinde emele gelýän Negriniň öýjükleri döreýär. Keseliň inkubasion döwri 10 günden 1 ýyla çenli uzalyp bilýär. Köplenç dişlemeden soň, kesel 12-99 günde ýüze çykýar. Haýwanyň bedende dişlän ýeriniň we ýaranyň çuňlygynyň ahmiýeti uludyr. Kelläniň, döşüň we elleriň çuň ýaralary köp halatlarda guduzlama keseline getirip biler. Guduzlama keseliň geçişini 3 döwre bölýärler:

  1. Irki alamatlar döwri. Näsag howsalaly, keýpsiz, gorkuly bolýar, ukysy bozulýar. Käwagtlar sebäpsiz şadyýanlyk, soň tukatlyk bilen çalşyp bilýär. Dişlenen ýarada agyrylar, sanjamalar bolup biler. 1-3 günden soň kesel indiki döwre geçýär.
  2. Tolgunma döwri. Bu döwürde näsagda keseliň esasy alamatlary – suwdan gorkma häsiýeti ýüze çykýar. Suwuň guýulyan sesi, suwly gabyň görnüşi bokurdak myşsalaryň tutgaýyna getirip, ol dem alyş myşsalaryna ýaýraýar. Netijede, dem almanyň wagtlaýyn saklanmagy bolup geçip, soňundan ol göwräniň myşsalarynyň agyryly tutgaýyna geçmegi bilen çalyşýar. Näsag gysgadan, sojap dem alýar. Şuňa meňzeş agyryly tutgaýlar derä sowuk howa akymy düşende hem ýüze çykýar. Tutgaýlaryň dowamlylygy birnäçe sekunt bolsa hem, ol näsaga uly ezýet berip, gorky duýgusyny döredýer. Tutgaýlaryň arasynda näsag gaty derleýär, halsyz bolýar. Şu döwrüň dowamynda ol ýuwdynyp bilmeýär, agzyndan hemişe tüýkülik gelýär. Näsaglar gaty gaharjaň bolup, samraýarlar ýa-da gulagyna ses eşidilip, gözüne bir zat görünýän ýaly bolup biler. Näsagyň ujydyndan üznüksiz tohum suwuklygyň akmagy bolup geçýär. Göreçleri giňäp, gorky duýgusy güýjeýär. Suwdan we howadan gorkma alamatlary güýjäp, soňky tutgaýlar has agyryly we dowamly bolýar. Bedeniň gyzgyny galýar. 2-3 günden gyzgynyň ýokarlanmagy bilen tolgunma döwri ysmaz döwrüne geçýär.
  3. Ysmaz döwri. Bu döwürde suwdan we howadan gorkma alamatlary kem-kemden peselip, aýrylyp gidýär. Ýüzüň, eliň, aýagyň,göwräniň myşsalarynyň ysmaz ýagdaýy ýüze çykýar. Bu ýagdaý hem güýjäp, ýüregiň we dem alyş merkeziniň ysmazlygy netijesinde 15-20 sagatdan näsag aradan çykýar.

Guduzlama keseli hemişe ýokarda beýan edilýän ýagdaý ýaly geçmeýär. Köplenç kesel tolgunma döwründen başlap biler. Käwagtlar ysmaz döwri bolman hem bilýär. Köplenç ysmaz ýagdaýy dişlenen ýerden başlap biler. Çagalarda guduzlama keseli dowamlylygyň gysgalygy bilen häsiýetlendirilýär. Çagalaryň 10%-i keseliň 1-nji gününde aradan çykýarlar. Keseliň bejergisi ýokdyr. Keseliň alamatlary ýüze çykandan soň, näsagy halas edip bolmaýar. Näsagy asuda, garaňky otagda ýatyrmalydyr. Dişlenen ýarany sabynly suw bilen ýuwmalydyr. Ýarany himiki serişdeler bilen işlemek, oňa hirurgiki tikin goýmak maslahat berilmeýär. Lukmanlaryň gözegçiliginde, bejergiler tutgaýyň öňüni almaga, ýürek we dem alyş merkeziniň işini tijendirmäge gönükdirilen bolmalydyr. Guduzlama keseliň öňüni almakda ýeke-täk, degerli çäre – bu öňüni alyş sanjymlary geçirmekdir. Guduzlama garşy öňüni alyş sanjymlary, guduzlan ýa-da şoňa güman edilýän haýwanlar tarapyndan dişlenen hemme ýagdaýlarda geçirilýär. Keselli haýwanlaryň tüýküligi degen zatlar bilen ýaralanan adamlar hem şu topara girýändir. Öňüni alyş sanjymlaryň geçiriliş tertibi we näsaglara gözegçilik aýratynlyklary Saglygy Goraýyş Ministrligiň Düzgünnamasynda beýan edilendir. Dişlenen näsaglar rabiolog lukmanyň gözegçiliginde durýarlar. Dişlän haýwan (eger ol belli bolsa) 14 gün weterinar lukmanyň gözegçiliginde saklanýar. Sanjym alynýan wagty alkogol içgileri kabul etmekden, beýleki öňüni alyş sanjymlary almakdan saklanmalydyr. Aýratyn ýagdaýlarda, dişlenen adamlara bürmä garşy sanjym geçirmek rugsat berilýär. Guduzlama garşy sanjym edilende birnäçe gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler:

  1. Sanjym edilen ýeriň gyzarmagy, gatamagy bolup biler. Ol alamatlar birnäçe günden geçýär.
  2. Şok ýagdaýyň ýüze çykmagy – sanjymdan birnäçe minut soň, ýüzüň gyzarmagy, çişmegi, kelle agyry, baş aýlanma, huşdan gitme ýüze çykýar. Bu ýagdaý 5 minuda çenli dowam edip biler. Sanjym alynýan döwürde näsag ýygy-ýygydan lukmanyň gözegçiligini geçmelidir.

Aşakdaky ýagdaýlarda sanjym alýan, dişlenen adam keselhana ýerleşdirilmelidir:

  • Bedeniň köp ýerinden dişlenen, oba ýaşaýjysy;
  • Sanjymy gaýtadan alýanlar;
  • Göwreliler;
  • Nerw ulgamynyň kesellerinden we allergiki täsirlerden ejir çekýänler;
  • Soňky iki aýyň içinde başga öňüni alyş sanjymlary alan adamlar.

Guduzlama keseline garşy işi medisina we weterinar gulluklary bilelikde alyp barmalydyrlar. Weterinar gullugyň işi, haýwanlaryň sanyny kadalaşdyrmaga, kesel haýwanlary ýok etmäge, öýde saklanýan haýwanlara öňüni alyş sanjymlary geçjirmäge gönükdirilen bolmalydyr.