Mazmuna geçiň

Grünwald söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Grünwald söweşi

Sebit
Netije
Taraplar
Güýçler
Ýitgiler

Grünwald söweşi (Tannenberg söweşi, 15 iýul 1410) — Polşa bilen Beýik Litwa Knýazlygynyň Tewton ordenine garşy alyp baran Beýik urşunyň (14091411) iň bir aýgytlaýjy söweşi. Söweş Tewton ordeniniň goşunynyň doly derbi-dagyn edilmegi bilen gutarypdyr. Ol Grünwaldyň we Tannenbergiň (Prussiýa) golaý-goltumynda bolup geçipdir, şonuň üçin hem şeýle atlandyrylypdyr.

Atlar we Ýerler

[düzet | çeşmäni düzet]

Söweş şol wagtlar Tewton ordeni tarapyndan dolandyrylýan, häzir bolsa Polşada ýerleşýän Prussiýadaky Grünwald (litwaça: Žalgiris), Stębark (nemesçe: Tannenberg), we Łodwigowo (nemesçe: Ludwigsdorf) obalarynyň aralygyndaky düzlüklerde bolup geçdi. Şol döwürde bu ýere iň ýakyn ýerleşýän şäher Gilgenburgdy (1945den bäri: Dąbrówno). Köne ýazuw çeşmelerinde Žalgiris (litwaça žalia giria) bilen Grünwald (nemesçe grüner Wald) atlarynyň ikisi hem "Gök tokaý" diýlip terjime edilýär; bular gadymy ýazuw çeşmelerinde polýak dilinde Zielone Pole ("Gök meýdan"), we nemesçe, Grunenfelde ýa-da Grunefeld ("Gök meýdan") diýlip atlandyrylýar.

Söweşiň atlandyrylyşy:

  • Nemesler tarapyndan Schlacht bei Tannenberg (Tannenberg söweşi)
  • Polýaklar tarapyndan Bitwa pod Grunwaldem ( Grünwald söweşi)
  • Litwalar tarapyndan Žalgirio mūšis (Žalgiris söweşi)

Söweşe goşulan beýleki halklar tarapyndan söweşiň atlandyrylyşy: beloruslar: Гру́нвальдзкая бі́тва, ukrainler: Ґрю́нвальдська би́тва, ruslar: Грю́нвальдская би́тва, tatarlar: Grünwald suğışı, çehler: Bitva u Grunvaldu, rumynlar: Bătălia de la Grünwald.

Garşylyklaýyn goşunlar

[düzet | çeşmäni düzet]

15 iýul 1410-da ir säher bilen iki goşun Grünwald, Tannenberg we Łodwigowo (Ludwigsdorf) obalarynyň arasyndaky meýdanda duşuşdy. Iki goşun hem gapma-garşy ýagdaýda ýerleşdi. Polýak-litwa goşuny Ludwigsdorf we Tannenberg obalarynyň öňünde ornaşýardy. Onuň çep ganatyny korol Ýagaýlonyň polýak goşunlary goraýardy. Ol aglaba agyr kawaleriýadan düzülendi. Soýuzdaş güýçleriň sag ganatyny bolsa, Beýik knýaz Witautasyň goşuny saklaýardy. Ol esasan ýeňil kawaleriýadan ybaratdy. Sag ganatdaky otrýadlaryň hatarynda Beýik Knýazlygyň ähli künjeginden gelen tuglar, şeýle-de Jelaleddin hanyň ýolbaşçylygyndaky tatar urşujylary, Alexandru cel Bunuň ýollan moldowan ýeňil atly goşuny hem-de ähtimal serbler bardy. Tewton ordeniniň goşunlary bolsa esasan agyr kawaleriýadan we pyýada goşundan düzülendi.

Söweş günortanlar Witautasyň ýeňil atly goşunynyň tewton rysarlarynyň çep ganadyna hüjüm etmegi bilen başlandy. Hüjüme artilleriýa zalpy bilen gaýtawul berildi (ähtimal, meýdan artilleriýasynyň ilkinji we onçakly şowly bolmadyk ulanylyşy). Ýeňil atly goşunyň yzy bilen galan urşujylar hem söweşe girdiler. Olara indi toplaryň we ýaýçylaryň oklary howp salmaýardy. Muňa jogap edip Wallenroduň agyr atly goşuny garşylyklaýyn hüjüme geçdi. Şonuň bilen bir wagtyň özünde birinji liniýanyň ilkinji polýak goşuny hem-de Ordeniň sag ganaty çaknyşyga goşuldy.

Jagiełło söweşiň 2003-nji ýyldaky rekonstruksiýasynda.
Alfons Muçanyň çeken suraty, Grünwald söweşiniň gandöküşikligi.

Litwa atly goşuny tewton rysarlaryna garşylyk görkezip bilmän, bosga düşüp gaçyp ugrady. Wallenrod olaryň yzyndan kowalamaga başlan hem bolsa, Ordeniň agyr atly goşuny beýikli-pesli ýerlerde çalt hereket edip bilmedi. Bu bolsa, Witautasa goşunyny täzeden toparlara bölmäge puryja berdi. Şol bir wagtda Wallenrod litwa-rus pyýada goşunynyň güýçli gaýtawul bermegine duçar boldy. Bu polklara ýardam bermek üçin Witowt öz otrýadlaryny ugratdy. Bu ädim söweşiň gidişini üýtgetdi. Onuň üstesine-de, Lihtenşteýni gysyp çykaran polýak goşuny Wallenrody sag ganadyndan hem gabap başlady.

Ýagdaýy düzetmek üçin Ýungingen tewton kawaleriýasynyň ikinji liniýasyny söweşe girizdi, emma polýaklar hem Ýagaýlonyň baştutanlygyndaky rezerwleri herekete geçirdiler. Witautasyň litwa kawaleriýasy bolsa üstünlik bilen söweş meýdanyna gaýdyp geldi we Ordeniň söweşe pyýada goşun bilen goşulyp manýowr etmek ukybyny ýitiren çep ganadyna agyr zarba urdy. Ýungingeniň wepat bolmagyndan we tewton goşunynyň käbir bölekleriniň söweşi dowam etdirmekden ýüz öwreninden soňra Ordeniň goşuny uly basga düşüp gaçyp ugrady.

Üç sany serkerde bilen bilelikde jemi 205 sany orden halypasy gurban boldy. Jemi adam ýitgisi 8 müň adam çemesi boldy. Polýak-litwa goşunynyň ýitgisi bolsa näbelli bolmaklygyna galýar.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Sitirleme säwligi: Nädogry <ref> tegi; Turnbul25 atly refler üçin tekst görkezilmändir