Geldinyýazow Mämmetmyrat
Geldinyýazow Mämmetmyrat | |
Doglan wagty we ýeri | 1971 Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesi |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň bilim ministri |
Milleti | Türkmen |
Geldinyýazow Mämmetmyrat — Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1971-nji ýylda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Hünäri boýunça himiýa mugallymy.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy wezipesinde başlady.
1999-2010-njy ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň himiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
2010-2011-nji ýyllarda himiýa-biologiýa fakultetiniň organiki we fizkolloid himiýa kafedrasynyň uly mugallymy wezipelerinde işledi.
2011- 2014-nji ýyllarda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory wezipesinde işledi.
01.2014-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
26.01.2018-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Magtymguly Pyragy» medaly,
- «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly,
- «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.3.