Garamyk (kesel)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Garamyk.jpg

Garamyk keseli (lat. Varicella, grek. Ανεμοβλογιά) — giňden ýaýaran ýokanç keseldir. Bu kesel gaty bir howply bolmasa-da, çagany wagtlaýyn birahat edip bilýär. Garamyk keseliniň döremegine endama täsir edýän wiruslar sebäp bolýar. Olar howa-damja ýollary arkaly bir adamdan başga bir adama aňsatlyk bilen geçip bilýärler. Şäheriň bir ýerinde peýda bolan garamyk aňsatlyk bilen şäheriň beýleki ýerine geçip bilýär. Olar edil bir ýerden başga ýere ýel bilen geçen ýaly hereket edýärler. Garamyk keseliniň "ojaklary" hemişe bellidir. Olara esasan-da çagalar baglary ýa-da mekdepler degişlidir. Sebäbi bu ýerlerde çagalar köpçülikleýin keselleýärler. Garamyk keseliniň wirusy edil ýapyşgyç ýalydyr. Ýapyk, ýelejiredilmeýän otaglarda bu wirusyň ýokmak howpy has-da artýandyr. Bu wirusy hat-da bir binada ýaşaýan adamlar hem biri-birine ýokuşdyryp bilýändirler. Käwagt garamagyň hiç bir alamaty bolmadyk, emma gurşaýjy demrewden ejir çekýän uly ýaşly adamlar bu keseli çaga ýokuşdyryp bilýärler. Sebäbi garamyk wirusy öň onuň bilen kesellän adamyň oňurga ýiliginde "uklap" galýar. Adamyň durmuşynda haýsydyr bir ruhy urgynyň bolan ýagdaýynda ýa-da organizmiň kesele garşy durnuklylygy peselende, bu "uklap" ýatan wirus oýanýar-da, uly ýaşly adamlarda gurşaýjy demrewiň döremegine sebäp bolýar. Bu adamlar esasan-da bäbekleri garamyk keseline uçradyp bilýär. Sebäbi eneler öz balalaryny garamyk keseli bilen kesellän çagalardan gorasalar-da, gurşaýjy demrewli adamy öz balasyna arkaýyn ýakynlaşdyrýarlar. Olar bu keseliň öz balalary üçin näderejede howpludygyna düşünmeýärler.

Garamagy hemmeler çykarýarlar[üýtget]

Çagalar bagynda garamygyň bardygyny eşidip, howsala düşmäň. Çaga garamagy ir çykaryp, dynany kem däldir. Türkmenlerde çaga garamyk çykaranda, "gutly bolsun!" diýýändirler. Sebäbi bu kesel kämillik ýaşyna ýeten adamlarda ýüze çykanda has agyr geçýär. Öňki döwürlerde kimdir biriniň çagasynyň garamyk çykaranyny eşidenlerinde, eneler özleriniň ýaşajyk çagalaryny alyp, şol öýde myhman alynmaklarynyň sorapdyrlar. Sebäbi olar çagalarynyň şu "hökmany" diýen ýaly keseli näçe ir geçirseler, şonça-da gowudygyny bilýän ekenler. Garamyk çykaran çaga keseliň inkubasion döwrüniň ilkinji 2 gününde we garamygyň örgüni örenden soň 5 günläp ýokançly bolýandyr. Ýöne köp halatlarda bu keseliň inkubasion döwri 2 hepdä çenli hem dowam edip bilýär.

Örgün — garamagyň esasy alamaty[üýtget]

Garamygyň esasy alamaty bolan örgün-düwürtikler ululy-kiçi görnüşde endamyň ähli ýerlerinde bolup bilýärler. Örgün örüp başlandan çaganyň gyzgyny ýokarlanyp, 38-39 С ýetýär (ýöne käbir çagalaryň gyzdyrmazlygy hem mümkindir). Çaga ysgynsyz bolup, azary artyp başlaýar, işdäsi kemelýär. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär. Örgün ilkibada öçügsi gülgüne reňkde bolýar. Soňabaka bu tegmiller içi dury suwuklykly gabarçaklara öwrülýärler. Gabarçagyň töweregindäki deri gyzarýar. Iki günden bu gabarçaklaryň içindäki dury suwuklyk bulanyp, gabarçaklaryň üstki gatlajygy ýygrylyp, goýy goňur reňkdäki kesmeklere öwrülýär. Bu kesmejikler 1-3 hepdäniň dowamynda aýrylýar. Çaganyň teninde şol bir wagty özünde tegmiller-de, gabarçaklar-da, kesmejikler-de bolup bilýär. Örgüniň her täze "tolkunyndan" öň çaganyň ýagdaýynyň erbetleşmegi bu keseliň aýratynlygydyr.

Deriniň gijemegi – garamagyň alamaty[üýtget]

Garamyk çykaran çaganyň iň uly kynçylyklarynyň biri-de emele gelen kesmejikleriň gijemegidir. Çaga näçe kiçi bolsa, şonça-da oňa kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirmek kyn bolýar. Ýöne her nähili bolsa-da, çaganyň bu kesmejikleri gaşamagyna ýol bermejek bolmaly. Sebäbi kesmejikleriň gopup, ýaranyň bakteriýalar bilen infisirlenmegi ahmal. (Garamyk çykaran çaganyň kesele garşy durmak ukybynyň gaty peselýändigi hökman ýadyňyzda bolsun!) Ýaralara bakteriýalaryň düşüp, olaryň azan ýagdaýynda deride yz galmagy mümkin. Şoňa görä-de, çagalara bu kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirjek bolmaly. Gelejekki owadanlygy barada alada edýän gyzjagazlar bu gürrüňlere has-da düşbüje bolýandyrlar. Oglanlar babatda bu mesläni çözmek aňsat bolmasa-da, hökman synanyşmalydyr. Garamyk çykaran çaga barada edilýän şepagat aladalary:

  • Çaganyň dyrnaklary örän gysga alynmalydyr. Sebäbi dyrnaklar ýarajyklara hapanyň düşmegine sebäp bolýar. Dyrnaklaryň aşagynda müňlerçe mikroblar "mesgen" tutup bilýändirler. Eger çaga gaty kiçi bolsa, oňa nah matadan tikilen ellikleri geýdiriň.
  • Çaganyň içki geýimlerini günde çalşyryň. Olar hökmany ýagdaýda nah bolmalydyr. Garamyk çykaran çaga köneräk içki eşikler geýdirilse has-da oňat. Sebäbi ýuwlup könelen nah eşikler derini gyjyndyrmaýar.
  • Çaganyň düşek daşlyklary babatda hem şeýledir. Olar ýumşajyk nah matadan tikilen bolmalydyr.
  • Otagyň howasynyň gaty gyzgyn bolmagyna, çaganyň derlemegine ýol bermäň. Sebäbi gyzgyn howa we deri gijelewügi güýçlendirýärler.
  • Garamyk çykaran çaga üçin iň esasy bejergi Siziň söýgiňizdir. Onuň ünsüni sowýan, şähdini açýan gyzykly oýunlary oýnamak peýdalydyr.
  • Emele gelýän gabarçaklara ýa 1-2%-li permanganat kaliniň gowşak erginini, ýa 1-2%-li göwherli ýaşylyň spirtdäki erginini, ýa fukarsiniň erginini, ýa-da 0,05%-li riwanol erginini çalyň. Bu gabarçaklaryň guramagyna ýardam eder.
  • Eger garamyk çykaran çaganyň agyz boşlugynda-da gabarçaklar dörän bolsa, onuň agyz boşlugyny furasiliniň gowşak ergini bilen çaýkaň.
  • Eger çaganyň derisi güýçli gijeýän bolsa, lukmana ýüz tutuň. Lukman gerekli derman serişdelerini bellär.
  • Çaganyň organizmini berkidýän witaminleri hem ýatdan çykarmaň. Ol garamyk keseliniň aňsat geçmegine ýardam berer.

Garamyk keseli bilen çagalykda keselläniň has oňatdygyny ýene-de bir gezek size ýatladýarys. Sebäbi uly ýaşly adamlarda bu kesel örän agyr geçýändir.