Gara girdap

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Akmaýanyň Ýolunyň öňündäki gara girdabyň simulirlenen görnüşi.


Umumy otnositellik teoriýasynda, gara girdap älem giňişliginiň dartyş meýdançasy örän güýçli bolan sebitidir. Hiç bir zat, şol sanda ýagtylyk hem onuň dartyş güýjünden gaçyp bilmeýär. Gara girdabyň ýeke ugurly ýüzi bar bolup, oňa tekiz gözýetim diýilýär, ol ýeriň içine obýektler düşüp bilýär, emma welin ondan ýekeje zat hem çykyp bilmeýär. Oňa "gara" diýilmeginiň sebäbi hem, ol özüne gelip degen ähli ýagtylygy sorup alýar we hiç hili yzyna gaýtarmaýar. Gara girdabyň bu aýratynlygy edil termodinamikadaky kämil gara jisim ýalydyr.