Ezop

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

(latynça – Aisopos, iňlisçe – Aesop, rusça – Эзоп)

Aesopus moralisatus, 1485

B.e. öň VI asyrda ýaşap geçen, basnýa žanryny oýlap tapan ýa-da kadalaşdyran gadymy grek ýazyjysy. Onuň durmuşy barada dürli rowaýatlar bar. Şeýle rowaýatlara görä, Ezop erkin, azatlyga çykan gul bolupdyr, ol Lidiýa patyşasy Kreziň köşgünde gulluk edipdir we Delfyda gynalyp öldürilipdir. Antiki döwrüň belli basnýalarynyň köpüsiniň sýužeti Ezopyňky hasaplanýar. Şol sýužetleriň gysgajyk ýazgysy b.e. öň IV-III asyrlardan başlap «Ezopyň basnýalary» diýen sözbaşy bilen ýygynda jemlenýär we ol ilki mekdep okuw kitaplary üçin material, aýdyşyklarda gönükme hökmünde peýdalanylýar, soňra giçki antiki we Wizantiýa döwürlerinde «köpçülikleýin edebiýata» öwrülýär. Onuň giçkiräk golýazmalarynda (X—XV asyrlarda) 300-den gowrak «öwüt-nesihat» berýän basnýalary saklanyp galypdyr. Ol basnýalar ideýa taýdan skeptik, pessimistik häsiýetlidir; personažlarynyň (esasan, haýwanlar) şertlidigi açyk duýulýar; ýazylyşy gysgajykdan gönümel, dili ýönekeý we gepleşik diline ýakyn. Ezopyň sýužetleri Fedr we Babriden başlap, Ž. Lafonten we I.A. Krylowa çenli Ýewropa çeper basnýalarynyň sýužetiniň esasy fonduny düzýär.