Ene süýdi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Ene süýdi Çaga ömrüniň oňat başlanyp, bütin ömrüne sagdyn bolmagy üçin ene süýdi örän ähmiýetlidir. Ene süýdi körpe üçin tebigy we peýdalydyr. Onuň düzüminde körpäniň beden we akyl taýdan kadaly ösmegi üçin ýokumly maddalar bolup, ony hemmetaraplaýyn goraýandyr. Ýöne, gynansak-da, käbir tejribesiz eneler "bilimsireýän" adamlaryň gepine gidip, "süýdüm ýok" bahanasy bilen, bäbegi emdirmegi bes edýärler. Ýöne körpäni ene süýdi bilen emdirmeklik gaty wajyp bolansoň, bu babatda eliňden geleni aýamaly däldir. Lukmançylyk çeşmeleriň-de köpüsi ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler. Näme üçin? Geliň, munuň sebäplerine garap geçeliň. Ene süýdi bilen iýmitlendirme täze doglan çaga üçin iň oňat iýmit bolup, onuň immunitetini oňat berkidýär. Bäbekleriň agalaba bölegi üçin ene süýdi ilkinji 6 aýyň dowamynda iň gerekli iýmitdir. Eneleriň köpüsi öz çagasyny 6 aýdan soň hem emdirmegi dowam edip, oňa goşmaça iýmit berip başlaýarlar. Çaga emdirmek babatda öz lukmanyňyz ýa-da çagany emdirmekde tejribesi bolan eneler bilen maslahatlaşyň. Çaganyň ýygy-ýygydan emdirmek süýdüň göwse köp inmegine ýardam berýär. Göwrelilik we çaga dogrumdan soňky döwürde dogry iýmitlenmek hem süýdüň ýeterlik mukdarda bolmagyna ýardam berýär. Ine, aşakda hünärmenleriň berýän maslahatlaryny Siziň dykgatyňyza hödürleýäris. 1-nji maslahat. Eger çagaňyz doýmaýandyr öýdýän bolsaňyň, onuň bir gije-gündiziň dowamynda näçe gezek buşugýandygyny anyklaň (munuň üçin ony pampersiz saklamaly bolar). Çagaňyz 12 gezek buşukdymy? Diýmek onyň doýurmak üçin süýdüňiz ýeterlikdir. Eger ol aglaýanda-da, bu açlykdan däl-de, haýsydyr başga sebäbe görädir. Belki, onuň içi ýellenýändir. Çagaňyz 8-10 gezek buşukdymy? Onda süýdüňizi köpeltmegiň aladasyny etmeli. 6 gezek buşukdymy? Onda dogrudan-da, howsalanmaga esas bar – çagaňyz doýanok. Şeýle ýadgaýlarda çagany goşmaça iýmitlendirip başlamaly. Ýöne muny başlamazdan ozal hökman lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň döwürleri Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän döwürde enäniň süýdi çaga bedeniň talaplaryna laýyklykda üýtgeýär. Her enäniň süýdi özboluşly bolup, diňe onuň çagasynyň talaplaryna laýykdyr. Şonuň üçin-de, ene süýdüniň düzümi diňe emdirilme döwründe däl, eýsem her emdirilmede hem üýtgäp bilýändir. 2-nji maslahat. Eger çagaňyz haýal emýän bolsa, ony gyssamaň, goý, ol arkaýyn emsin. Çaga başda süýdüň birinji gelýän bölegini emýändir. Onuň 90%-mi suwdan ybarat bolup, beloga, minerallara, witaminlere we laktoza baýdyr. Ol bu tapgyrda öz suwsuzlygyny gandyrýar. Emdirilmäniň soňky tapgyrynda bolsa ol süýdüň ýaglara baý bölegini emýändir. Hut şu tapgyrda emilýän süýt çagany doýurýar. Çaga bedeniň kadaly ösmegi üçin, onuň ilkinji we soňky tapgyrlardaky süýdi emmegi juda wajypdyr. Bäbegi emdirmeklik şu aşakdaky tapgyrlara bölünýär: Owuz süýdüniň inýän döwri adatça dogrumdan soňky ilkinji 3-4 günüň dowamynda bolup geçýär. Şu döwürde ene süýt mäzleriniň süýtden dolmasyny duýmaýar. Owuz süýdi örän az mukdarda emele gelse-de, ol çagany doýurmak üçin ýeterlikdir. Ene süýdüniň emele gelmesi indiki 6-8 hepdäniň dowamynda amala aşýar. Dogrumdan soň 3-5-nji günler aralygynda enede "geçiş döwrüniň" süýdi emele gelip, ol 10-15 günden "kämil" süýde öwrülýär. Bu döwrüň uzynlygy her bir ene üçin özboluşly bolup, ene süýdi çagasynyň bedeniniň talaplaryna laýyklykda özgerýändir. Bu döwüde enäniň göwüsleri süýtden dolup, käwagt agramdan ýaňa agyryp- da bilýär. 3-nji maslahat. Eger çaga gyşyna ýa- da möwsümleriň çalyşýan döwründe doglan bolsa, göwüsleriňizi ýyly saklaň. 4-nji maslahat. Göwüsleriňizde durgunlyk ýagdaýy emele gelmez ýaly, her emdirilmede çagany iki göwüsden gezekli-gezegine emdirmeli. Ene süýdüniň emele gelmesiniň kämil döwri süýdüň doly emele gelip başlan döwri hasaplanýar. Bu döwürde çaganyň iýmitine goşmaça naharlar goşulyp, süýdiň emele gelmesi kem- kemden azalýar. Bu döwrüň dowamlylygy çaganyň näçeä wagt emdirilýändigine bagly bolýar. Bu döwürde göwüsleriň süýtden "dyňzap" durmasy ýaly duýgular aýrylýar, ol ýumşak bolsa-da, olardaky süýdüň mukdary azalmaýar. Tersine, çaga näçe köp emse, süýdüň mukdary şonça-da köpelýär. 5-nji maslahat. Göwüsleriň "boşan ýaly" bolup durmasy enäni howsala salýar. Şonuň üçin-de ol çagasy doýmaýandyr öýdüp, ony haýdan-haý goşmaça naharlar bilen iýmitlendirmäge başlaýar. Hakykatda welin, eger ene dogry iýmitlenýän bolsa, onuň süýdi çagasy üçin ýeterlikdir. Ene süýdüniň emele gelmesiniň azalma döwri çagany süýtden aýyrma döwründen başlanýar. Emdirmegiň düzgünleri:Çaganyň dünýä inen pursatyndan başlap, onuň iýmit siňdiriş ulgamy uýgunlaşmanyň birnäçe tapgyryndan geçýändir. Şu pursata çenli çaga agyzdan iýmitlenmän, enesiniň ganyndaky ýokumly maddalar bilen iýmitlenýärdi. Agyzdan iýmitlenip başlan döwründe çaganyň içegesinde mikroflora emele gelip, ol ulularyňkydan düýpli tapawutlanýandyr. Şonuň üçin-de, çaga ömrüniň ilkinji 6 aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmelidir. Çaga 6 aý dolýança, oňa goşmaça iýmit bermek gadagandyr. Çaga 6 aý bolandan soň, onuň iýmitlenmesine goşmaça iýmitleri goşmak bolýar. Ýöne muny başlamazdan ozal hökman çaga lukmany bilen maslahatlaşyň. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň düzgünlerini hemme ENELER bilip, ony berjaý etmelidir: 1. Çaga doglandan soň ilkinji sagatlaryň dowamynda emdirilmelidir. Ilkinji emdirilme çaga üçin-de, ene üçin-de örän wajypdyr. Çaga immunitet we alyş-çalyş işi üçin şeýle wajyp bolan owuz süýdüni emýändir. Owuz süýdi leýkositlere, goraýjy bedenjiklere (antitelalara) we beloga örän baýdyr. Enäniň bedeni bolsa şu pursatda çagasyny emdirmeklige uýgunlaşyp başlaýar, çagasy bilen berk emosional baglanyşyk ýola goýulýar. Hakyky ene duýgulary hut şu pursatdan başlanýandyr. 2. Ene çagasyny ilkinji gezek emdirenden soň, ony çüýşeden we ş.m. zatlardan emdirmeli däldir(!). Sebäbi çagada tebigy emdirilmeden başga iýmitlendirilmelere höwes döräp biler. 3. Çaga dogrumdan soň berjaý edilmeli işler tamamlanandan soň ene bilen çaga bir otagda saklanylmalydyr. Täze doglan çaganyň emdirilmesi köp derejede gormonlara baglydyr. Gormonlaryň kadalaýyk deňagramlylygy bolsa çaga öz enesiniň ýanynda bolanda işjeň amala aşýandyr. 4. Çagany dogry ýagdaýda emdirmelidir. Bu süýt mäzlerinde döräp biljek kynçylyklaryň öňüni alýandyr. Çaganyň kellesi we göwresi bir derejede saklanyp, onyň eňejigi göwse degip durmalydyr. Çaganyň agzy giňden açylyp, aşaky dodajygy daşyna çöwrülipjik durmalydyr. 5. Çagany onuň emesi gelen badyna emdirmelidir. Bu diňe çaganyň doýmasy üçin däl, eýsem onuň emosional rahatlygy üçin-de wajypdyr. Çagany günüň dowamynda iň azyndan 8-10 gezek, gerek bolsa gije-de emdirmelidir. Ýöne çaganyň diňe açlykdan aglamaýndygyny unutmaň. Ol içiniň ýellenmesinden, üşemekden, ele öwrenişenliginden hem aglap bilýändir. Emdirilmäniň dowamlylygyny çaga kesgitleýändir. Çaga emzigi özi goýbermese, ony güýç bilem göwüsden aýyrjak bolmaň. Emdirilmäniň şeýle erkin tertibi ene süýdüniň köp emele gelmegine we onuň çaganyň bedeniniň talaplaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýändir. 6. Çaga emdirilenden soň, oňa suw ýa-da başga suwuklyklary bermek maslahat berilmeýär. Eger körpe içesi gelýän bolsa, ony ýygy-ýygydan emdiriň. Ýöne howanyň yssy döwrülerinde ýa-da çaganyň kesel zerarly suwuklygy köp ýitiren ýagdaýlarynda oňa suw bermek bolýandyr. 7. Emziklerden we çüýşeden iýmitlendirmekden gaça durmaly. Eger çaga goşmaça iýmit bermekçi bolsaňyz, ony käseden, çemçeden beriň. 8. Çaga birinji göwsi boşatmanka, oňa ikinji göwsi bermeli däl. Eger ene sabyrsyz bolup, çagasyna ikinji göwsüni berse, ol süýdüň soňky tapgyryny emip bilmez. Soňky tapgyrdaky süýt ýaglara baýdyr. Eger çaga bu süýdi emmese, süýdüň içegede özleşdirilmesi bozulyp, çaganyň täretiniň köpürjiklemegi ahmal. Çagany ine-gana emdirmek onuň içegesiniň kadaly işlemegine ýardam berýändir. 9. Göwsüň emzigini ýygy-ýygydan ýuwmakdan gaça duruň. Emzikleriň ýygy-ýygydan ýuwulmagy olaryň töweregindäki ýaglaryň ýuwlup aýrylmagyna we jaýryjyklaryň emele gelmegine sebäp bolýandyr. Göwsi gije-gündiziň dowamynda bir gezek, ýagny suwa düşünilende ýuwmak ýeterlikdir. 10. Çaganyň agramyny hepdede 1 gezekden artyk ölçejek bolmaň. Sebäbi ene çagasy gerekli agramy almaýandyr öýdüp, howsala düşüp başlaýar, bu bolsa süýdüň emele gelmegine zyýan edip, çaga goşmaça iýmitiň berilmegine sebäp bolýar. 11. Emdirmeden soň galan süýdi sagyp aýyrmaň. Eger çaganyň emdirilmesi kadalaýyk gurnalan bolsa, onda enäniň göwüs mäzleri süýdi çaga ýeterlik mukdarda öndürýändir. Diňe ene bilen çaganyň aýrylmaga mejbur bolan ýa-da emdirilme mümkinçiliginiň bolmadyk ýagdaýlarynda süýdi sagyp aýyrmaklyk maslahat berilýär. 12. Çaga 6 aýlyk bolýança, diňe ene süýdi bilen emdirilip, goşmaça iýmitlendirilmeli däldir. Eger ene süýdi ýeterlik bolup, çaga kadalaýyk ösýän bolsa, onuň ömrüniň ilkinji 6 aýynda başga iýmitiň asla geregi ýokdur! 13. Çaga emdirilmeden soň, ony 5-10 min dikräk saklaň. Bu onuň gägirip, içindäki ýelleriň çykmagyna ýardam edýär. Soňra çagany gapdallaýyn ýatyrmak maslahat berilýär.