Ebu Zeýt Balhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

ABU ZEÝT al-Balhy (takmynan 849/50-935)- Orta Aziýa geografy. Ol Balhda (Owganystanda) doglupdyr. Ýaşlygynda Yraga gidip, meşhur arap filosofy al-Kindiniň (800-879) elinde 8 ýyl okapdyr. Soňra Balha gelip, Samanitleriň köşgünde bolupdyr. Onuň ýazan köp sanly işleriniň arasynda "Welaýatlaryň şekillendirilmesi" ("Suwar al-akalim") diýen ýygyndysy hem bar. Soňra Abu Ishak Ybrahym ibn Muhammet al-Farisi al-Istahry 930-33 ýyllarda al-Balhynyň şol geografiki ýygyndysyny gaýtadan işläpdir we oňa "Ýurtlaryň ýollary kitaby" ("Kitab mesalik al-memalik") diýip at goýupdyr. Ol ýurtlary 20 klimata (welaýata) bölüp, olary jikme-jik beýan edýär. Onda Horasan, Orta Aziýa iň soňky klimata degişli edilipdir.