Birinji jahan urşunyň netijeleri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Mowzuk : Birinji jahan urşunyň netijeleri . Wersal –Waşington ulgamy.


MEÝILNAMASY :


1. Jahan urşunyň tamamlanmagy. Pariž parahatçylyk maslahaty we onuň kararlary.

2. Waşington maslahaty. Waşington şertnamalary.

3. Wersal-Waşington ulgamy, onuň mazmuny.


Uruş döwründe ýekeje-de düýpli ýeňiş gazanmadyk Italiýanyň goşuny 1917-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweş Izonso derýasynyň kenarynda Kaporetto obasynda bolup geçdi. Italiýanyň ruhdan düşen esgerleri uruşdan halys ýadapdyrlar. Şonuň üçin-de olar ýeňildiler we dowla düşüp söweş meýdanyndan gaçdylar.

Russiýanyň uruşdan çykmagy. 1917-nji ýylyň Oktýabr döwlet agdarylyşygyndan soňra Russiýa iş ýüzünde uruş hereketlerine gatnaşmagyny bes etdi. 1917-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda başlanan Russiýa-german gepleşikleri 1918-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inde Brest şertnamasynyň baglanyşylmagy bilen tamamlandy. Brest parahatçylyk şertnamasynyň şertleri Russiýa üçin gaty agyrdy. Şertnama boýunça Polşa, Pribaltika, Belorussiýanyň bir bölegi Germaniýa berildi. Rus goşunlary Ukrainany, Finlýandiýany terk etmeli boldular. Ardagan, Kars, Batumi sebitleri Türkiýä berildi. Üstesine-de 6 mlrd. marka möçberindäki puly Russiýa Germaniýa tölemelidi. Täze rus hökümeti ähli şertlere razy bolup uruşdan çykdy.

Russiýanyň uruşdan çykmagy bilen indi ýeke-täk frontda – Günbatarda uruşmalydy. Emma urşy dowam etdirmek taraplaryň hiç birine hem ýeňil düşmeýärdi.

Urşa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýeti. Uruş we halk. Uruş ähli ýerde ýetmezçilik döredýär. Çünki uruşýan taraplar ykdysadyýetini halkyň däl-de urşuň bähbitlerine gönükdirýärler. Diňe bir öz ýurtlaryndan däl eýsem, olar özüne garaşly bakna halklary hem mümkin boldugyça öz peýdasyna ulanýarlar. Antanta döwletleri 45 mln, german toparlanyşygy 25 mln. adamy gönüden-göni frontlarda ulanypdy. Bulardan başga-da tyldaky işler üçin päleçilige adam toplapdylar.

Uruş döwri açlyk-horluk görlüp eşidilmedik derejä ýetdi. Ýarawly adamlaryň urşa çekilmegi önümçiligi pese gaçyrdy. Ýeter-ýetmezçilikden horlanan halk köpçüligi Fransiýada, Germaniýada, Russiýada, şol sanda Türkmenistanda urşa garşy gozgalaňlar etdiler. Birnäçe uruşýan ýurtlarda içki dartgynlyk, urşa garşy hereketler ýetjek derejesine ýetip, rewolýusiýalar bolup geçdi.

Urşuň tamamlanmagy. Brest ýaraşyk şertnamasy baglaşylandan soňra Germaniýa Günbatar frontda ýene-de bir hüjüme synandy. Hat-da 1918-nji ýylyň tomsunda nemesler Marn derýasynyň kenaryna çenli aralaşyp, uzakdan Pariži oka tutup başladylar. Emma bu Germaniýanyň iň soňky gezek topulyşydy. ABŞ-dan gelýän täze-täze goşun bölümleri bilen üsti ýetirilen iňlis-fransuz goşunlary 1918-nji ýylyň Gorkut aýynda güýçli hüjüme başladylar. “Dörtler bileleşigi” urşy dowam etdirmegiň netijesizdigine düşündiler. German esgerleri Fransiýadan, Belgiýadan kowlupdylar. Balkan ýarym adasynda bolgarlar ýeňlişe uçrap, 1918-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 29-ynda Bolgariýa ýeňilendigini boýun aldy.

Siriýada, Mesopatamiýada we Palestinada iňlisler ýerli arap gozgalaňçylarynyň kömegine daýanyp, türkleri 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 30-ynda boýun egdirdiler. Türk esgerleri arap ýerlerinden çykaryldy.

Awstro-Wengriýa bilen Germaniýanyň söweş meýdanlaryndaky ýeňlişleri ol ýurtlardaky halk gozgalaňlary, milli azat edijilik hereketleri bilen utgaşdy. Awstro-Wengriýadan Çehiýa we Slowakiýa, Gündogar slawýan welaýatlary bölünip aýryldy. 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 31-inde Awstro-Wengriýadaky rewolýusion wakalar netijesinde Awstriýa hem-de Wengriýa respublikalary döredi. Täze dörän Awstriýa Awstro-Wengriýanyň adyndan 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 3-inde ylalaşyga gol çekdi.

Germaniýanyň boýun egmegi. “Dörtler bileleşiginden” Bolgariýa, Türkmen-Osmanly imperiýasy, Awstro-Wengriýa uruşdan çykanlaryndan soňra, Germaniýanyň hem garşylygy dowam etmäge ýagdaýy ýokdy. Ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi, esgerleriň uruş islemezligi, Ýewropadaky rewolýusion wakalar, frontdaky ýeňlişler ýeke-täk dogry ýoluň urşy bes etmeklikdigini görkezýärdi. Germaniýa ýeňlipdi. Emma ony boýun almak kyndy. Şeýle şertlerde German hökümeti ylalaşyk barada gepleşiklere başlamaklygy haýyş etdi. Şol bir wagtda özüniň entek ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyny


1914-1918-nji ýý. Jahan urşunda adam pidalary (müň adam)


1jahanursy.jpg


görkezmek üçin deňiz söweşini guramaga synandy. Emma German harby flotynyň deňizçi esgerleri ýolbaşçylaryň buýrugyny ýerine ýetirmän, gozgalaňa başladylar. Kil şäherinde başlanan gozgalaň rewolýusiýanyň başlangyjy boldy. Sanjar aýynyň 9-ynda Berlinde hem gozgalaň başlandy. Wilgelm II ýurtdan çykyp gaçdy.

Şeýle şertlerde täze dörän German hökümeti 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 11-inde Antanta döwletleriniň öňe süren şertleri esasynda, Kompýen tokaýynda uruş hereketlerini togtatmak hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. 1918-nji ýylyň Sanjar aýynda Russiýa hem Brest şertnamasyny ýatyrdy. Uruş tamamlandy.

Urşuň jemleri. Kompýen ylalaşygy boýunça Germaniýa Belgiýadan, Fransiýadan öz goşunlaryny çykarmalydy. Ol 5 müň top, 25 müň pulemýot, 1700 harby uçarlaryny, 150 müň wagon, 5 müň ýük awtoulaglaryny we başga-da birnäçe suwasty gämileridir beýleki harby ýaraglaryny Antanta döwletlerine we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bermeli boldy.


I jahan urşunda Germanýa garşy toparlanyşygyň ýurtlarynda öldürilen adamlaryň sany


Ýurtlar Öldürilenler (müň adam)

Orsýet 1200

Fransiýa 898

Beýik Britaniýa 485

Italiýa 381

Rumyniýa 152

Serbiýa we Çernogoriýa 140

Britan dominionlary we Hindistan 119

Fransiýa bakna ýurtlar 48

ABŞ 37

Belgiýa 32

Gresiýa 9

Portugaliýa 5

Ýaponiýa 0,3

Jemi 3506,3


Çeşme : Urlanis B.S. Istoriýa woýennyh poter.-SPb.-M. 160 s.


Birinji jahan urşy adamzat taryhynda şol wagta çenli bolan uruşlaryň iň bir gan döküşiklisi, elhenji boldy. Uruşa 73,5 mln. esger gatnaşyp, olardan 10 mln. adam öldürildi. 20 mln. adam ýaralandy, maýyp boldy. Birnäçe obalar, şäherler, senagat kärhanalary tozduryldy.

Urşuň baş günäkärleri bolan Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Russiýanyň imperatorlarynyň ählisi-de tagtyndan agdaryldy.

Uruş döwri diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem tylda hem parahat ilatyň birnäçesi açlykdan, ýeter-ýetmezçiligiň pidasy boldular.

Uruş birnäçe halklaryň milli taýdan oýanmagyna itergi berdi. Birnäçe halklar özbaşdaklyk ugrunda aýaga galdylar. Birnäçe täze döwletler döredi.


I jahan urşunda german toparlanyşygyna girýän ýurtlaryň goşunynda öldürilen adamlaryň sany

Ýurtlar Öldürilenler (müň adam)

Germaniýa 1473

Awstro-Wengriýa 727

Türkiýe 250

Bolgariýa 49

Jemi 2449


Çeşme : Urlanis B.S. Istoriýa woýennyh poter.-SPb.-M. 165 s.

Uruşda ýeňen döwletler parahatçylykly şertnamany baglaşmaga taýýarlyk görýärdiler. Olar şu mesele boýunça maslahat çagyrmagy makul bildiler. Fransiýa maslahatyň Parižde geçirilmegini haýyş etdi.

1919-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 18-inde Pariž maslahaty işe başlady. Oňa 27 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Emma esasy sözi diňlenilýänler. ABŞ-yň prezidenti W.Wilson, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri G.L. Žorž we Fransiýanyň premýer-ministri Ž. Klemanso dagylardy. Maslahata Russiýa we uruşda ýeňilen döwletler çagyrylmandy.

Maslahatda esasan Germaniýa bilen baglanyşyljak parahatçylyk şertnamasynyň şertleri ara alyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklerde 78 ýaşly gojalygyna seretmezden, fransuz ýolbaşçysy Žorž Klemanso (1841-1929) köne duşmany Germaniýany her edip hesip edip, düýpli gowşatmak isleýärdi. Elzas we Lotaringiýany almakdan başga-da başarsa, Germaniýany paýlaşjakdy.

63 ýaşly ABŞ-yň prezidenti W.T. Wilsonyň (1856-1924) öňe süren teklipleriniň iň esasysy Milletler ligasyny döretmek pikiridi. Serhetleri üýtgetmek meselesine goşulyp, ol Fransiýa Elzas we Lotaringiýanyň gaýtarylmagyny, Belgiýanyň täzeden dikeldilmegini goldady.

Beýik Britaniýanyň hökümet ýolbaşçysy Loýd Žoržy (1867-1945) Germaniýanyň harby kuwwatynyň syndyrylmagy guwandyrsa, ABŞ-yň dünýä, Fransiýanyň Ýewropa täsiriniň güýçlenmegi ony diýseň biynjylyk edýärdi.

Ýeňijileriň arasyndaky dawalar. Pariž maslahatynda ABŞ-nyň Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň arasynda üç mesele boýunça uzaga çeken dawalar başlandy.

1. Serediljek meseleleriň tertibi hakyndaky dawa : Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna degişli bakna (koloniýa) ýurtlary paýlaşmak meselesini ilkinji nobatda çözmegi teklip etdiler. Emma olar ABŞ-yň berk garşy durmagy bilen Milletler ligasyny döretmekligi ara alyp maslahatlaşmakdan başlamaga mejbur boldular.

2. Germaniýanyň tölemeli jerime tölegleriniň möçberi we ony paýlaşmak meselesi boýunça hem dawa turdy. Fransiýa Germanýany düýpli gowşatmak üçin alynmaly öwez töleginiň möçberini 450-480 mlrd. altyn marka ýetirmegi, onuň hem 58% möçberindäkisini Fransiýa bermegi talap etdi. ABŞ we Beýik Britaniýanyň azaldyp 50-100 mlrd. marka getirmegi teklip etdiler. Bu mesele ahyryna çenli çözülmän galdy.

3. Iň aýgytly göreş öňki Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna degişli bakna halklary özara paýlaşmak meselesinde başlandy.

Wilson bakna halklary eýeçilik etmegiň täze, medeniýetli ýoluny mandat düzgünini teklip etdi. Bu düzgün boýunça öň Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna bakna bolan halklar Milletler Ligasynyň tabşyrygy boýunça ösen halklar tarapyndan tä “özbaşdak ýaşamaga taýýar bolýançalar” dolandyrylmady.

Milletler Ligasy Palestinany, Transiordaniýany, Yragy, Tanganikany Beýik Britaniýa berdi. Siriýany we Liwany dolandyrmaga Fransiýa mandat aldy. Ýaponiýa Marian, Korolin, Marşal adalaryny we Hytaýyň Şandun ýarym adasynda hojaýynçylyk etmäge hukuk aldy. Kameruny we Togony Beýik Britaniýa bilen Fransiýa paýlaşdylar.

Umuman, Pariž konferensiýasy dawalara seretmezden ýaraşyk şertnamasynyň şertlerini işläp taýýarlady.

Wersal şertnamasy. 1919-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda şertnamanyň taslamasy taýýar boldy. Indi ony resmileşdirmek galypdy. Şu maksat bilen Germaniýanyň ygtyýarly wekilleri Pariže çagyryldy. German wekilçiligi taslama hiç-hili üýtgeşme girizip bilmedi.

1919-njy ýylyň Oguz aýynyň 28-inde Parižiň uly Wersal köşgünde şertnama gol çekildi.

Wersal şertnamasy boýunça Germaniýa özüniň territoriýasynyň sekizden bir bölegini, ilatyň on ikiden bir bölegini elden gidirdi. Elzas we Lotaringiýa Fransiýa gaýtarylyp berildi. Üç welaýaty Belgiýa, Sileziýanyň bir bölegi Çehoslawakiýa, Prussiýanyň Pomoriýanyň, Poznanyň bir bölegi Polşa Demirgazyk Şlezwing Daniýa berildi. Germaniýanyň eýeçiligindäki bakna halklar onuň elinden alyndy. Germaniýanyň harby güýçlerine çäklendirmeler girizildi. Onuň goşuny meýletinçilerden düzülip, 100 müňden geçmeli däldi. Suwasty flot ýa-da harby güýçlerini edinmeklikden ol mahrum edildi. Reýn sebitinde harby berkitmeler gurmak, goşun ýerleşdirmek gadagan edildi.

Germaniýanyň tölemeli öwez tölegleriniň möçberi Wersal şertnamasynda görkezilmändi. (ol soňra 1921-nji ýylda 132 mlrd. Marka möçberinde kesgitlendi). Ýöne kime näçe bölegini bermelidigi welin anyklandy. Tölegiň esasy bölegini Fransiýa (53%), soňra Beýik Britaniýa (22%), Italiýa (10%), Belgiýa (8%) ýaly döwletler almalydy.

Germaniýa bilen baglanyşylan şertnamanyň mysalynda 1919-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 10-unda Awstriýa, Sanjar aýynyň 27-sinde Bolgariýa bilen hem şertnamalara gol çekildi. Wengriýa bilen 1920-nji ýylyň Oguz aýynyň 4-inde, Türk soltany bilen Alp Arslan aýynyň 10-unda parahatçylyk şertnamalary baglaşyldy. Şertnamalarda serhetler üýtgedildi, olaryň harby güýçlerine çäklendirmeler girizildi. Pariž konferensiýasy Polşa we Çehoslowakiýa döwletleriniň döredilýändigini jar etdi. 1919-1920-nji ýyllarda Finlýandiýa, Estoniýa, Litwa we Latwiýa hem garaşsyzlygyny aldylar. Şonuň ýaly-da öwez tölegini tölemek şerti hem bardy. Şularyň içinde türkler bilen baglaşylan şertnama kagyz ýüzünde galdy. Mustafa Kemal Atatürküň ýolbaşçylygynda milli-azat edijilik hereketiň başlanandygy we Antantanyň goşunlarynyň-da türk watançylary tarapyndan derbi-dagyn edilendigi üçin Türkiýe bilen 1923-nji ýylda täze şertnama baglaşyldy.

Wersal şertnamalar ulgamy Ýewropada Fransiýanyň güýçlenmegine, Ýakyn Gündogarda Beýik Britaniýanyň täsiriniň artmagyna itergi berdi. Milletler Ligasy ABŞ-nyň teklibi boýunça döredilse-de, bu guramada Beýik Britaniýa bilen Fransiýanyň täsiri güýçlidi. Bu ýagdaý amerikan senatyndaky respublikaçylara ýaramaýardy. ABŞ-nyň senaty Wilsonyň Pariždäki geçiren gepleşiklerinden närazydy. Şonuň üçin senat Wersal şertnamasyny tassyk etmedi. ABŞ Germaniýa bilen ikitaraplaýyn parahatçylyk şertnamasyny baglaşmaga mejbur boldy.

Hytaý hem Şandunyň Ýaponiýa berlendigi üçin Wersal şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwürdi.

Waşingtom maslahaty 20-nji ýyllaryň başynda iňlis-amerikan we amerikan-ýapon garşylyklary ýitileşdi. Respublikaçylara partiýasy häkimiýete gelenden soňra ABŞ Wersal şertnamalar ulgamynyň käbir meselelerine täzeden seretmek üçin halkara maslahatyny çagyrmak teklibi bilen çykyş etdi. ANŞ-yň bu gezekki maksady Uzak Gündogarda Ýaponiýanyň täsirini gowşatmak we harby-deňiz ýaraglanyşygyny düzgünleşdirmekdi.

Maslahat 1921-1922-nji ýyllarda Waşingtonda geçdi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Italiýa, Belgiýa, Portugaliýa, Gollandiýa we Hytaý gatnaşdy. Olar 4 aýlap maslahatlaşyp, esasy üç şertnama gol çekdiler.

Birinjisi ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Ýaponiýa döwletleriniň arasynda Ýuwaş ummanyndaky adalara eýeçilikleri üýtgewsiz galdyrmak baradaky şertnamadyr.

Ikinjisi, Beýik Britaniýa, ABŞ, Fransiýa, Ýaponiýa we Italiýa döwletleriniň harby-deňiz güýçleriniň gatnaşygyny 5:5:3:1, 75:1, 75 möçberde kesgitleýän bäşleriň şertnamasydyr. Harby gämileriň ululygy hem çäklendirildi. Bu şertnama ABŞ üçin uly ýeňişdi. ABŞ harby deňiz güýçlerini bu ugurda dünýäde iň öňde baryjy – Beýik Britaniýa bilen deňleşdiripdi. Harby gämileriň ululygynyň çäklendirmegi-de ikinji nobatda ABŞ üçin zerurdy. Çünki onuň iri harby gämileri zerur wagty Panamakanalyndan geçip biljek däldi. Üçünjisi, Hytaý meselesine degişli şertnamadyr. ABŞ uzak Gündogarda Ýaponiýanyň güýçlenmeginden heder edip, Şanduny Hytaýa yzyna gaýtaryp bermäge Ýaponiýany mejbur etmegi başardy. Bu şertnamanyň aşagyna maslahata gatnaşan dokuz döwletiň wekilleri gol çekdiler. Hytaýyň


Ýewropa döwletleriniň territorial üýtgeşmeleri (km2)


1jahanursy2.jpg


garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini hormatlamak ylalaşyldy. Şertnamada ABŞ-yň 1899-njy ýyldan bäri öňe sürýän “açyk gapylar” we “deň mümkinçilikler” ýörelgeleri kabul edildi. Bu ýörelgeler boýunça Hytaýý täsir zolaklaryna bölmek gadagandy. Ykdysady taýdan beýlekilerden güýçli bolan ABŞ Hytaýda deňlik bolsa, ol ýurduň bazarlaryndan beýlekileri çykaryp biljekdi.

Waşington maslahaty hem Wersal şertnamalar ulgamynyň dowamydy.