Barak Obama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
ABŞ-nyň 44-nji prezidenti Barak Hüseýin Obama

Barak Hüseýin Obama (1961- ) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentidir (2009-). Ol 2008-nji ýylyn 4-nji noýabrynda bolup geçen saýlawda Amerikanyn 44-nji prezidenti saýlandy we prezidentlik wezipesini Jorj Buşdan aldy. 2012-nji ýylyñ 6njy noýabrynda ol dalaşgär Mit Romni bilen bolan saýlawda ikinji gezek Amerikanyñ prezidenti bolmagy başardy. Ol Amerikanyñ ilkinji garaýagyz prezidentidir.

Durmuşy[üýtget]

Ol Amerikanyñ Gawaý ştatynyñ Gonolulu şäherinde 1961-nji ýylyñ 4-nji awgustynda doguldy. Özi bilen bir ada eýe bolan kakasy keniýaly ejesi Ann Dunham bolsa Amerikalydy. Obama heniz 2 yaşyndaka onyñ ejesi we kakasy aýrylyşdylar we kakasy Bostondaky Garward uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy we keniýa yzyna dolandy. Ejesi bolsa okamaga gelen bashga bir talyp bilen ikinji gezek durmuş gurdy, Obamanyñ kakasy hem öweý kakasy hem dine ähmiyet bermeýän musulmanlardandy.

Ejesi we kakasy bilen Indonezýa göçen Obama Jakartada başlangyç bilim aldy we soñra yene Gonoluluwa gaydyp gelen Obama 1979-njy yylda orta bilimi gutaryancha ejesi we babasy bilen ýaşady. Ol 1983-njı ŷylda Nýu-Ýorkdaky Columbia uniwersitetiniñ syýasy bilimler bölüminden uçurym boldy. 1988-nji ýylda Garward uniwersitetiniñ hukuk fakultetine girdi. Garward uniwersitetinde talyp mahaly talyplar tarapyndan ýöredilýän "Harvard Law Review" zhurnalynyn ilkini afro-amerikan baş dolandyryjysy boldy. 1991-nji ýylda aklawjy diplomyny aldy.

Obama 1989-njy ýylda Mişel Robinson bilen tanyşdy. 03.10.1992-nji ýylda öýlendi. Aýaly Mişel Obama 1964-nji ýylda doglan we ol hem Garward uniwersiteti hukuk fakultedi uçurymydyr. Barak Obama protestant hristýandyr

Barak Obama 1992-2004 ýyllary aralykda çikago uniwersiteti hukuk fakultetinde talyplary okatdy, aklawjy bolup işledi we haýyr-sahawat işlerine gatnaşdy. Ol 1996-njy ýylda Illinois ştat senaty saylandy we syýasata tarap ilkinji ädimini ätdi, ol muny 1998 we 2002 ýyllarynda gaýta saýlandy.

2008-nji ýyldaky saýlaw[üýtget]

Barak Obama 2008-nji ýyldaky saýlawdan öňinçä eden çykyşlaryndan biri

Bu saýlawda ABŞ demokratik partiýasynda Obamadan başga Hillary Clinton, John Edwards, Joe Biden, Christopher Dodd we Bill Richardson ýaly birnäçe dalaşgärler hem gatnaşmakçydy. Her partiýadan gatnaşjak dalaşgarler her ştatda bashga bashga wagtda bolup gechyan saylawlar bilen kesgitlenyardi. 2008 yylbaşynda demokratik partiya dalaşgarlerinden Hillary Klinton we Obamadan başga ahli dalaşgarler çekildi. 2008-nji ýylyň 5-nji iyulynda Obama demokratik partiýa dalaşgari yglan edildi. Barak Obama 28-nji awgustda dalaşgarligi kabul etdi. Indi Amerika özünin ilkinji garayagyz prezidentini gormeginde onündaki yekeje böwet bardy, Jon Makkeýn: respublikan partiýa dalaşgäri. Bu iki dalaşgär 26-njy oktýabra çenli 3 gezek telewizorda görüşdiler. 4-nji noýabrda bolan saýlawda Obama sesleriň 52%sini almak bilen ilkinji garaýagyz prezident boldy.

2012-nji ýylda ol Mit Romniden üstün çykyp ikinji gezek prezidentlige saylandy.

salgylanma[üýtget]

iňlisçe wikipediadan gysgaldylan terjime: https://en.wikipedia.org/wiki/Obama