Bagyr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Goýnuň bagry

BAGYR (hepar) — janly organnzmleriň iýmit sindirişine we madda çalşygyna gatnaşýan iň uly mäz. Oňurgasyz haýwanlaryň Bagrynda iýmit maddalary (uglewodlar, ýaglar) zapas saklanýar. Hordaly jandarlarda we adamlarda Bagyr öt işläp çykarýar hem-de organizmde madda çalşygy bilen baglanyşykly prosseslere gatnaşýar. Bagyryň ähmieti diňe bir iýmiti gaýtadan işlemek we snňdirmek bilen çäklenmän, eýsem ol organizmde bolup geçýän ähli biohimiki özgerişlerde-de uly rol oýnaýar. Adamyň Bagyrynyň agramy 1,5–2 kg bolup, ol garyn boşlugynyň sag tarapynda, gapyrgalaryň eteginde ýerleşýär. Onuň gurluşy örän çylşyrymlydyr. Bagyryň aşak tarapyndan onuň içine portal wenasy, 15. arteriýasy we nerwler girýär. Içegelerde siňen iýmit maddalaryny alyp gaýdýan gan damarlary ilki bilen portal wenasyna gelip Bagyra girýär we ol ýerde kapillýarlara bölünýär. Kapillýarlardan gaýdan has owunçak wenajyklar bir-birleri bilen birigip, aşaky köwek wena goşulýan Bagyr wenalaryny emele getiräärler. Şeýdip gan Bagyryň öýjüklerinden süzülip geçende, käbir maddalar himiki özgerişlere sezewar bolýar. Mes., Bagyr kapillýarlaryndaky ganda glýukozanyň mukdary 0,12%-den köp bolsa, ony Bagyryň öýjükleri glikogene öwrüp özünde saklaýar. Organizme glýukoza köp gerek bolanda (ganyň düzüminde 0,1 %-e çenli azalanda), Bagyrdaky glikogen glýukoza öwrülnp gana goşulýar. Bagyr özünden geçýän gany arassalamak bilen goranyş funksiýasyny hem ýerine etirýär. Iýmit siňdnrilende emele gelýän we mikroorganizmleriň içegede döredýän ençeme zäherli maddalary hem gana goşulyp, Bagyra golýär we himiki özgerişlere sezewar bolup, olary zähersizlendirýär. Şeýlelikde, Bagyr organizm üçin maddalaryň himiki özgerişleriniň laboratoriýasy bolup, ol bedende bolup geçýän hemme prosseslere aktiw gatnaşýar. Galybersede, Bagyr maddalarysň birnäçesini (uglewodlary, beloklary, witaminleri we ş. m.) gerek bolýança özünde ätiýaç saklaýar. Ol beloklary sintezleýär, iýmitdäki aminok-talardan ganyň plazmasyndaky albuminleri, globulinleri we fibrinogeni sintezleýär.