Babasyl

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Babasyl (gemorroý) keseli köp duş gelýän, adama köp oňaýsyzlyklary döredýän keseldir. Ol göni içegäniň aşaky böleginde ýerleşýän wena damarlarynda (babasyl düwünleri) gan aýlanşygynyň bozulyp, olaryň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Ilatyň 10%-i babasyl keselinden ejir çekýändir. Keseliň döremegine gan aýlanşygy kynlaşdyrýan dürli faktorlar sebäp bolup biler. Ol faktorlara aşakdakylar degişlidir:

  • Gaýtalanyp duran, dowamly iç gatama ýagdaýlary;
  • Oturyp işlenilýän zähmetiň görnüşleri;
  • Agyrlyklary göterme bilen utgaşýan fiziki zähmet;
  • Dowamly bronhit, gipertoniýa (gan basyşynyň ýokarlanmagy), göwrelilik ýagdaýynda, erkeklik jyns mäziniň adenomasy, çanaklyk agzalaryň dowamly sowuklama kesellerinde göni içegäniň damarlarynda gan basyşyň ýokarlanmagy bolup geçýändir.

Babasyl keseliň gaýtalanmagyna nädogry iýmitlenme (ýiti, duzly iýmit, alkogol kabul etmek) hem sebäp bolup biler.

Keseliň başlangyç döwründe artbujakda ýakymsyz sanjylamalar, gijeme ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şu alamatlar näsagy birnäçe ýyllaryň dowamynda biynjalyk edip biler. Wagtyň geçmegi bilen, täret etmeden soň, artbujakdan ganyň gelmegi yüze çykyp, bu ýagdaý gaytalanyp başlaýar. Wagtynda bejergi başlanylmadyk ýagdaýynda, babasyl düwünleri ulalyp, çişýändir. Täretlenme wagtynda olar atrbujakdan çykyp, ýene yzyna çekilip bilýärler.

Babasyl düwünleriniň ganamagy has ýygy duş gelip, agyr ýük göterme, gan basyşyň ýokarlanmagy ony has hem güýjedip biler.

Ýöriteleşdirilen medisina kömegi berilmedik ýagdaýynda kesel has hem beterleşip bilýär. Näsagy artbujakda agyry, kynlyk bilen, agyryly täret etme biynjalyk edýär. Olaryň umumy ýagdaýy agyrlaşyp, käwagtlar bedeniň gyzgyny hem ýokarlanyp bilýär. Bejergisiz babasyl düwünleri has hem çişip, ulalyp, artbujakdan çykýarlar we yzyna olar kynlyk bilen salynýandyr. Bu ýagdaýda, babasyl düwünlerini barlag wagty görüp ýa-da el bilen hem anyklap bolýandyr.

Ýiti döwürde, babasyl düwünlerinde gan lagtalarynyň (tromb) ýa-da nekrozyň emele gelmegi ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler. Babasyl keseli göni içegäniň poliplerinden, howply täze döremelerinden, içegäniň diwertikulez keselinden aýyl-saýyl edilýändir. Şonuň üçin hem, artbujakda ýüze çykýan islendik ýaramaz alamatlar proktolog lukmanyna ýüz tutmaga esas bolmalydyr.

Babasyl keseliniň bejergisinde köpsanly derman serişdeleri (konserwatiw bejergi) we operatiw usullar ulanylýandyr.

Derman serişdeleri düzüminde birnäçe dermanlary saklap, göni içegä goýulýan şemler, melhemler we suwuklyklar (mikroklizma üçin) görnüşinde ulanylýar. Bu serişdeler ýerli sowuklama ýagdaýyny, çişi, agyryny we gijemäni aradan aýyrýar. Olaryň düzümine girýän geparin bolsa, gan aýlanşygy kadalaşdyryp, emele gelen gan lagtalaryň (tromblaryň) eremegine kömek edýär. Häzirki günde dermanlaryň dürli görnüşleri ulanylýandyr: proktozan, ultraprokt, kortos, proktosedil, gepatotrombin we başgalar. Her dermanyň ulanyş aýratynlygynyň barlygy sebäpli, olary ýörite barlagdan soň, proktolog lukmany bellemelidir.

Ýörüte ýerli täsiri bolan dermanlaryň peýdalylygyny ýokarlanyrmak maksady bilen, agyzdan wena damarlaryň işini kadalaşdyryp, olarda gan lagtalarynyň emele gelmeginiň öňüni alar ýaly serişdeleri kabul etmelidir. (detraleks, troksewazin, wenodiol we ş.m.) Ýöne derman serişdeleri bilen bejerginiň doly we gutarnykly sagalma getirip bilmeýänligini bellemelidir. Olar diňe keseliň alamatlaryny wagtlaýyn aýyrmaga ýa-da gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edip bilerler. Başga bir tarapdan bolsa, geçirilen bejergiden soň lukmanyň maslahaty berjaý edilende, hirurgiki bejergini talap etmeýän halatlar hem duş gelýär.

Ýöne hemme adamlar öz ýaşaýyş we iş endiklerini çalyşmaga, olary üýtgetmäge taýyn däldirler. Şol sebäpli ýa-da babasylyň gaýraüzülmeleri ýüze çykan ýagdaýynda hirurgiki bejergini saýlamaly bolýar.

Ýarym hirurgiki operasiýalar (aýawly çemeleşýän usullar).

1. Skleroterapiýa.

Keseliň başlangyç döwründe ulanylýar: Göni içege doly açylyp, babasyl düwnüniň aýajygyna guradyjy serişde (meselem, etoksiskleroz) goýberilýär. Onuň täsiri netijesinde düwün gurap, ýeri birleşdiriji dokuma bilen çalşylýar. Bu operasiýany ýerine ýetirme lukmandan uly tejribäni we usullylygy talap edýändir. Operasiýany saglyk öýüniň şertlerinde geçirip bolýandyr we ol ýerli ýa-da umumy agyrsyzlandyrmany talap edýän däldir.

2. Temperaturanyň täsiri bilen bejermek.

Bu usul hem keseliň irki döwürlerinde ulanylýandyr. Pes temperaturanyň (kriodestruksiýa) ýa-da ýokary (infragyzyl koagulýasiýa) temperaturanyň kömegi bilen babasyl düwni dargadylýandyr. Uly düwünlerde bu operasiýa birnäçe tapgyrda geçirilyär. Başga usullara garşy görkezme bolanda bu usuly saylap alyp bolar. Keseliň ýene gaýtalanyp bilmegi, bu usulyň esasy ýetmezçiligidir.

3. Lateks halkajyklaryň kömegi bilen düwni daňmak.

Ýörite abzalyň kömegi bilen düwnüň düýbüne halkajyklar geýdirilýändir. Onuň täsiri bilen düwne gan baryp, onuň iýmitlenmegi bozulyandyr we düwün dargap başlaýandyr. Soňundan halka düwün bilen bile gaçýandyr.

Ýokarda agzalan usullaryň hemmesi näsaga az şikes ýetirip, olar näsag tarapyndan ýeňil geçirilýär. Ýöne keseliň ötüşen ýagdaýynda, bu usullar has radikal operasiýany geçirmek üçin taýynlyk höküminde ulanylýar. Bu usullar, babasylyň esasy sebäbi bolan, düwünleriň bozulan gan aýlanşygyny aradan aýyrmaýar. Bu ýagdaý hem olaryň esasy ýetmezçiligidir. Şol sebäpli hem, ortaça 3-5 ýyldan keseliň gaýtalanmagy mümkindir.

Radikal operasiýalar – babasylyň sebäbini aýyrýarlar.

1. Longonyň operasiýasy.

Babasylyň hirurgiki bejergisiniň iň ýaýran görnüşidir. Ýerine ýetirilişi az wagty talap edip, babasyl düwünlerini kesip aýyrma bejergisine garşy görkezme bolanda ulanylýandyr. Bu usulda göni içegäniň nemli bardasy düwnüň yokarsyndan dilinyändir.Longonyň operasiýasy babasyl keseliniň irki döwründe ulanylýar.

2. Babasyl düwünlerini kesip aýyrmak.

Düwünleri kesip aýyrmak giňden ulanylýan usullaryň biridir. Operasiýa şikes ýetiriji bolup, umumy agyrsyzlandyrma bilen ýerine ýetirilýändir. Operasiýadan soňky dikeliş döwri has uzak bolup, göni içegä gowy idegi talap edýär. Uly babasyl düwünlerinde ulanmak ýerlikli bilinýär. 3. Dezarterizasiýa.

Häzirki wagtda dezarterizasiýa usuly giňden ulanylýandyr.

Babasyly bejermegiň häzirki zaman, täze hirurgiki usulydyr. Onuň esasyny uly babasyl düwnüni iýmitlendirýän arteriýany kesmek düzyändir. Bu opersiýany geçirmek üçin dopplermetriýa geçirmäge mümkinçiligi bolan ultrases abzaly gerekdir. Bu apparat lukmana gerekli gan damaryny tapyp, ony kesmäge we tikmäge mümkinçilik döredýändir. Operasiýa agyrysyz bolup, 25-30 minutyň dowamynda geçirilýändir. Dikeldiş döwrüni geçirmege talap etmeýär. Näsag 2-3 günden öz adaty gündelik durmuşyna gaýdyp gelýändir. Bu usuly babasylyň ötüşen ýagdaýlarynda hem geçirip bolýandyr we bejergiden soň keseliň gaýtalanma ýagdaýlary ýüze çykmaýandyr.