Babadaş

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

BABADAŞ — daşkyrak garyndaş, ata-babalary bir bolan adamlar. Munuň ýaly garyndaş toparlaryna ylymda patronimiýa diýilýär. Käwagtlarda B. garyn-daşlar kiçiräk bir tire bolup, obanyň belli bir böle-gini tutupdyrlar. Köp ulanylýan «ata-baba» sözi «B» sözi b-n bir manydaş. «B» sözi daşkyrak garyndaşly-gy aňlatmak üçin ulanylýar. Eger B. garyndaşlar öza-ra oňuşmasalar, onda ýaşululary olara: «Başga ýagyň bolmasa, B-yň ýokmudy» diýip, kinaýa edipdirler.