Baýram han Türkmen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Baýram han Türkmen


Baýram han Türkmen 1497-nji ýylda (käbir maglumatlar boýunça 1507-nji ýylda) Badahşanda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär. On alty ýaşyndan başlap ol Mogol patyşalaryna gulluk edip başlaýar.

Baýram han tizlikde özüniň batyrlygy, ökde serkerdelik ukyby, şahandaz şahyrlygy we mertligi bilen Humaýunyň iň ýakyn dostuna öwrüldi. Baýram han Türkmen gelip çykyşy boýunça garagoýunly taýpasynyň baharly kabylasyndandy. Onda-da hökümdarlar neslindendi. Onuň ata-babalary-da bidöwlet adamlar däldi. Kakasy Seýfaly beg-de, atasy Ýaraly beg-de, onuň atasy Allaşükür beg-de Garagoýunly türkmen döwletiniň (1410-1468 ýý.) hökümet gullugynda bolup, köşklerde hyzmat edipdirler. Dürli ýörişlere gatnaşyp, batyrlyk görkezipdirler. „Öň akan ýerden akarmyş aryk“ diýlişi ýaly, asylzada gelip çykyşly Baýram han edep-ekramy, bilim-terbiýäni hökümdarlaryň hyzmatynda bolar ýaly derejede görüpdi. Baýram han ergeneksiz eklenip, terbiýesiz saklanan kişilerden däldi.

Baýram han Türkmen barada ýazanlaryň ählisi onuň durmuşynyň bir pursady barada ýatlaýarlar. Biz hem köplere mälim bolan şol pursadyň deňinden sowlup geçmezligi zerur hasapladyk. Bir gezek Humaýun Knuj söweşinde owganly Şir Şadan ýeňilýär we goşuny dargaýar. Her kim öz başyny çarasa kaýyl bolýar. Şonda Baýram han Şir Şa garşy täzeden goşun toplamak üçin Laknur obasyna barýar. Bu habary eşiden Şir Şa Baýram hany tutmagy we öldürmegi buýurýar. Tutulanlaryň arasynda bolan Gwalýaryň häkimi Abulkasym we Baýram han daş keşbi boýunça biri-birine gaty meňzeş eken. Şir Şanyň jellatlary ol ikisiniň haýsysynyň Baýram handygyny bilmän suran wagtynda Baýram hanyň özi „Men Baýram han!“ diýip, öňe çykypdyr.

Baýramyň ölümi mertlerçe boýun almagy onuň batyrlygyna öňdenem belet bolan Abulkasymy haýran galdyrypdyr. Ol beýle adamyň duşman jellatlarynyň eline elin berilmegini islemändir hem-de merdemsilik bilen: „Men Baýram han, bu meniň nökerim, ol maňa janpidalyk etmek üçin özüni Baýram han diýip tanatjak bolýar. Goýberiň, meniň nökerim gitsin, meni öldüriň“ diýýär. Şeýlelikde Abylkasym özüni Baýram hanyň ýerine gurban edip, ony bolsa ölümden halas edýär.

Mogol döwletiniň ikinji gezek Delide gaýtadan dikeldilmeginde beýik türkmen serkerdesi sözüň doly manysynda birinji derejeli rol oýnaýar. Humaýun ýogalandan soňra 1556-1560-njy ýyllarda Mogollar döwletini Ekberiň adyndan dolandyrýar. 1557-nji ýylda Baýram han Türkmen Babyryň agtygy Selime soltan begime öýlenip, hökümdar neberesi bilen garyndaşlyk açýar. Ýeri gelende ýatlasak, bu maşgala deň etmän, duş etmez diýenlerindendi. Selime soltanam şahyrady. Munşi Debi Praşadyň belleşi ýaly, bu aýal gaty akylly we zehinlidi. Ol öz şygyrlarynda gizlin lakam hem ulanýardy. Onuň şygyrlaryndan ýekeje mysal:

Ýöne ýere «käkiliň janym tary» diýmedim, Wah, meslikden dilimden sypdyranmy duýmadym.


Baýram han Türkmen döwleti dolandyran ýyllarynda owganlaryň we ýerli hökümdarlaryň garşylygyny basyp ýatyrmakda, döwletiň binýadyny berkitmekde köp işleri etdi. Ol döwlet işleriniň gapdalyndan şahandazlygy we şahyrlygy hem ýadyndan çykarmady. Baýram hanyň türkmen we parsy dillerinde ýazan goşgulary aýratyn kitap bolup çykdy.

Baýram hanyň hökümdarlygy onuň duşmanlaryna ýaramaýardy. Göripler ony dürli ýollar bilen häkimiýetden çetleşdirmäge synanyşdylar. Ahyrsoňunda Ekber bilen Baýramyň arasyna tow düşürmek olara başartdy. 18 ýaşyna ýeten Ekbere Baýramyň elinden hökümdarlygy wagtynda almaklygy maslahat berdiler. Hanbabasynyň (Ekber Baýram hana şeýle ýüzlenýän eken) özüniň hökümdarlykdan çetleşmek islemeýändigi baradaky toslamalara ahyrsoňy Ekber ynandy. 1560-njy ýylda ony Mekgä zyýarata ugratdy. Baýram han haja barýarka 1561-nji ýylda Mübärek han atly bir owgan tarapyndan duýdansyzlykda öldürilýär.

1560-1562-nji ýyllar Hindistanyň taryhyna samsyklaç dolandyrylan ýyllar hökmünde girdi. Çünki, Baýram handan dynan Ekber ne-hä ýurdy ýaşlyk edip, özi dolandyryp bildi, ne-de onuň Baýramyň öwezini tutjak ýakyn maslahatçysy bardy. Ýöne, Ekber basym bu böwşeňligi doldurmagy başardy. Ekber 1605-nji ýyla çenli patyşalyk etdi.