Awstraliýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Port Artur

Awstraliýa (iňl. Australia, HFE: [əˈstreɪljə], lat. austrālis — "günorta"), resmi ady Awstraliýa Soýuzy (iňl. Commonwealth of Australia, HFE: [ˈkɒm.ənˌwɛlθ əv əˈstreɪljə]) — Günorta ýarymşarda ýerleşýän döwlet, ol Awstraliýa materiginde, Tasmaniýa adasynda we Hindi okeany bilen Ýuwaş okeanyň birnäçe beýleki adalarynda ýerleşýär. Meýdany boýunça dünýäde altynjy orunda durýar, ol tutuş materigi eýeleýän ýeke-täk döwletdir. Awstraliýa Soýuzynyň demirgazygynda Gündogar Timor, Indoneziýa we Papua — Täze Gwineýa, demirgazyk-gündogarynda — Wanuatu, Täze Kaledoniýa we Solomon Adalary, günorta-gündogarynda — Täze Zelandiýa ýerleşýär.