At güý­ji

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
1 PS=1 AG, AG=At güý­ji:1\,\mbox{AG} = 75\,\frac{\mbox{kp}\cdot\mbox{m}}{\mbox{s}} = 735,49875\,\mbox{W}

At güý­ji – kuw­wat­ly­lyk bir­li­gi. Dün­ýä­de at güý­ji at­lan­dy­ryl­ýan bir­nä­çe öl­çeg bir­li­gi bar. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz­da, adat­ça, at güý­ji diý­len­de, tak­my­nan 735,5 watta ba­ra­bar met­ri­ki at güý­ji göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da ol ka­nu­ny taý­dan ula­nyş­dan gal­dy, ýö­ne he­ni­ze çen­li trans­port sal­gydy­nyň ha­sap­la­şyk­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Dün­ýä­niň köp ýurdunda ol he­ni­zem için­den ýan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­le­riň peýdalanylýan ýer­le­rin­de has giň­den ýaý­ran­dyr. Ol bol­sa, aw­tou­lag­lar­da, mo­to­sikller­de, trak­tor teh­ni­ka­la­ryn­da we beý­le­ki­ler­de ula­ny­lýar. Hal­ka­ra ul­ga­myn­da res­mi su­rat­da kes­git­le­nen güýç öl­çe­gi­niň bir­li­gi hök­mün­de watt ula­nyl­ýar. Iň­lis­ler­de öl­çeg ul­ga­my, güý­ji öl­çe­me­giň bir­li­gi se­kunt­da­ky fun­to-fut ha­sap­lan­ýar, ýö­ne, ha­ky­kat­da, ol Ang­li­ýa­da eý­ýäm­den bä­ri ula­nyş­dan gal­dy, ABŞ-da bol­sa, örän seý­rek peýdalanyl­ýar.

  AG=At güý­ji
1\,\mbox{AG} = 75\,\frac{\mbox{kp}\cdot\mbox{m}}{\mbox{s}} = 735,49875\,\mbox{W}

At güýç­le­ri­niň gör­nüş­le­ri[üýtget]

Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ag­la­ba­syn­da, şol san­da bi­ziň hem ýur­du­myz­da at güý­ji 75 kgs•m/s hök­mün­de kes­git­len­ýär, ýag­ny 75 kg ag­ram­da­ky ýü­ki 1 metr ýo­ka­ry 1 se­kunt­da gö­ter­mek üçin sarp edi­len güýç­dür. Şeý­le hem ol aşak er­kin ga­çy­şyň stan­dart tiz­li­gi­ne (9,80665m/s²) ba­ra­bar­dyr. Şeý­le ýag­daý­da 1 a.g. gö­ni 735,49875 Wt-dan yba­rat bo­lup, bir­li­giň met­rik ul­ga­my­na gir­me­se-­de, kä­wagt met­rik at güý­ji at­lan­dy­ryl­ýar. (Ol ne­mes­çe. PS, fr. Ch, ni­der­landça pk). ABŞ-da we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da aw­tou­lag pu­da­gyn­da ýy­gy-ýy­gy­dan hä­zir­ki gün­le­re çen­li at güý­ji 745,69988145 Wt (iň­lis­çe aň­la­dy­ly­şy hp) de­ňeş­di­ri­lip, ol 1,01386967887 met­rik at güý­jü­ne ba­ra­bar­dyr. Şo­nuň ýa­ly hem ABŞ-da elekt­rik at güý­ji we magdan at güý­ji ula­nyl­ýar. (Ol ener­ge­ti­ka­da we senagatda ula­nyl­ýar).

Ta­ry­hy[üýtget]

Tak­my­nan, 1789-njy ýyl­da şot­land in­že­ne­ri we oý­lap ta­py­jy­sy Jeýms Uatt “at güý­ji” adal­ga­sy­ny gi­ri­zip­dir. Ol özü­niň bug ma­şy­ny­nyň de­re­gi­ni nä­çe atyň işi­niň tut­ma­ga ukyp­ly­dy­gy­ny gör­kez­mek is­läp­dir. Hu­su­san hem, Uat­tyň il­kin­ji ma­şyn­la­ry­nyň bi­ri­ni suw na­so­sy­ny he­re­ke­te ge­tir­ýän aty­nyň de­re­gi­ni tu­tar ýa­ly haýsydyr bir pi­wo gaý­na­dy­jynyň sa­tyn alan­dy­gy tas­syk­lan­ýar.

Şol wagt­lar Ang­li­ýa­da mag­dan­lar­dan kö­mür çy­kar­mak üçin 140,9-dan tä 190,9 lit­re çen­li sy­gym­ly çe­lek (BAR­REL) haýyrla­ny­lyp­dyr. Bir görnüş­li bar­rel ýü­küniň 400 funt (1 funt – 0,4095 kg) ag­ra­my bo­lup­dyr, ýag­ny 1 bar­rel = 163,8 kg. El­bet­de, şu­nuň ýa­ly çe­le­gi di­ňe blo­guň üs­tün­den zy­ňyp ge­çi­ri­len ur­ga­na bag­la­nan iki at çe­kip, çy­ka­ryp bi­lip­dir. Or­ta­ça iş ulagynyň güý­ji 8 sa­gat işiň do­wa­myn­da onuň ag­ra­my­nyň 15 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär ýa-da 500 kg atyň 75 kg ba­ra­bar­dyr. At 8 sa­ga­dyň do­wa­myn­da şeý­le güýç bi­len sa­gat­da 3,6 km (1/m/s) tiz­lik bi­len 28,8 km ge­çip bi­ler. Uatt atyň ga­dym­dan gel­ýän ener­gi­ýa çeş­me­si­ne gö­zeg­çi­lik edip, şah­ta­dan 160 kg ag­ram­ly çe­le­gi di­ňe sa­gat­da 2 mil­lik (3,6 km/s) tiz­lik­li iki atyň çe­kip, çy­ka­ryp bil­jek­di­gi­ni çak edip­dir. Şeý­le ýag­daý­da at güý­ji iň­lis öl­çe­gin­de 1 hp = 1/2 bar­rel * 2 mill/h = 1 bar­rel*mill/h gör­nü­şi­ne eýe bol­ýar. Şol bir ýag­daý has ow­nuk bir­lik­ler­de 180 funt­dan 181 fu­ta ba­ra­bar­dyr. Ol funt-fut ha­sap­la­ry­ny mi­nu­ta te­ge­läp, at güý­jü­niň mi­nut­da 33 000 funt-fu­ta deň bol­jak­dy­gy­ny ha­sap­lap çy­ka­ryp­dyr.

Uat­tyň ha­sap­la­ma­la­ry uzak wagt üçin ortaça at güýjüne barabar bolupdyr. Az wag­tyň için­de at güý­ji 1000 kgs•m/s tö­we­re­gi güý­je çen­li ösüp, ol 9,8 kWt ýa-da 33 475 BTU/s-e (magdan at güýji) la­ýyk gel­ýär. Beý­le­ki bir mag­lu­ma­ta gö­rä, pik­de - 15 a,g barabardyr. Bri­ta­ni­ýa­nyň Yl­my as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ikin­ji kong­re­sin­de 1882-nji ýyl­da güý­jüň öl­çe­gi­niň tä­ze bir­li­gi – Watt (aň­lat­ma: Wt, W) ka­bul edi­lip­dir. Ol bug ma­şy­ny­ny oý­lap ta­py­jy­nyň hor­ma­ty­na da­ky­lyp­dyr. Şo­ňa çen­li ag­la­ba ha­sap­la­ma­lar­da Jeýms Ua­ttyň gi­ri­zen at güý­ji ula­ny­lyp­dyr.

He­re­ket­len­di­ri­ji­niň kuw­wa­ty[üýtget]

Aw­tou­lag he­re­ket­len­dirijileriniň kuw­wat­ly­ly­gy üçin di­ňe bir dür­li-dür­li öl­çeg bir­lik­le­ri bol­man, eý­sem, dür­li ne­ti­je­le­ri ber­ýän öl­çe­giň dür­li usul­la­ry bar. Ýew­ro­pa­da ka­bul edi­len kuw­wat­ly­ly­gy öl­çe­me­giň ül­ňü­le­re la­ýyk usu­ly hök­mün­de ki­lo­watt ula­nyl­ýar. Eger-de kuw­wat­ly­lyk at güý­jün­de ber­len bol­sa, on­da öl­çe­giň usu­ly dür­li ýurt­lar­da ta­pa­wut­la­nyp bi­ler. (Hat­da, eger-de şol bir at güýç­le­ri u­la­ny­lan ha­la­tyn­da hem).

ABŞ-da we Ýa­po­ni­ýa­da he­re­ket­len­di­ri­ji­niň at güý­jü­ni kes­git­le­mek­de öz ül­ňü­le­ri peýdala­nyl­ýar, ýö­ne olar eý­ýäm köp­den bä­ri ama­ly taý­dan bü­tin­leý baş­ga­la­r bi­len bir nus­ga ge­çi­ril­di. Ame­ri­ka­da we Ýa­po­ni­ýa­da gör­ke­zi­ji­niň iki gör­nü­şi bar: Sap ag­ra­my ölçemek (net­to, net) we brut­to­ny ölçemek (brut­to, gross).

At güý­ji trans­port sal­gy­dyn­da[üýtget]

Bi­ziň ýurt­la­ry­myz­da trans­port sal­gydy her­eket­len­di­ri­ji­niň at güý­jün­dä­ki kuw­wat­ly­ly­gy­na bag­ly­dyr. Ozal­lar kä­bir ýurt­lar­da (my­sal üçin, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, Ger­ma­ni­ýa­da, Bel­gi­ýa­da, Fran­si­ýa­da, Is­pa­ni­ýa­da) trans­port sal­gy­dy at güý­jün­dä­ki kuw­wat­ly­ly­gy­na bag­ly bo­lup­dyr. Ýö­ne soňky ýyllarda, käbir ýurtlarda ylaýta-da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da he­re­ket­len­di­ri­ji­niň kuw­wat­ly­ly­gy bi­len bir­lik­de aw­tou­la­gyň ga­ba­ra­sy­ny, Fran­si­ýa­da bol­sa, at güý­ji bi­len bir­lik­de ki­lo­wat­ty hem ula­nyp baş­la­dy­lar.

Güýç­le­riň gat­na­şy­gy[üýtget]

AG=At güý­ji

1\,\mbox{AG} = 75\,\frac{\mbox{kp}\cdot\mbox{m}}{\mbox{s}} = 735,49875\,\mbox{W}