Artyk ogullary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Artyk ogullary


Artyk hökümdar kim bolupdyr? Artyk begiň has dogrusy Artyk hökümdaryň ady Daňdanakan söweşinden soňra Soltan Alp Arslanyň zamanynda çykyp başlapdyr. 1063-nji ỳylda Artyk türkmen ỳigitleri bilen bilelikde Soltan Alp Arslanyň ỳygynyna goşulyp, serkerdelik edip başlaỳar. Artyk begiň Horasanda häzirki Türkmenistanyň topragynda ỳasandygy baradaky maglumat berdi. 1040-njy ỳylyň Daňdanakan söweşinden soň Horasana dolan türkmenleriň sany köp bolupdyr. Artyk ogullary Anadoluda Diỳarbekir, Mardin we harput töwereklerde 1102-1409-njy ỳyllarda höküm sürỳärler, Artyk begiň iki ogly Sökmen bilen Ilgazy kakasyndan soň tagta geçỳärler. Artyk ogullary hökümdarlary dünỳä medeniỳetine uly goşant goşupdyrlar. Taryhda türkmen robotlaryny, mehaniki sagatlary gaỳyklary oỳlap tapypdyrlar. Olaryň ỳörite şaỳlyk pullary hem bolupdyr. Artyk ogullary türkmenleri hakynda olaryň medeniỳeti hakynda Jezeriniň “Adatdan daşary mehanik gurallaryň maglumatlary hakynda” kitabynda giňişleỳin gürrüň berilỳär. Hut şonuň üçinem Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ylyma, ussatlyga, senetçelige ỳugurlan türkmen medeniỳetiniň belentligini nygtamagy ỳöne ỳere däldir.