Amyderýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Amyderýa
Amyderýa

Amyderýa Türkmenistanda bir derýadyr. Amyderýa öz gözbaşyny Owganystandaky Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýar ve Aral deňizine guýýar.

Amyderýa – Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy. Ol Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň çäginden geçip, Aral deňzine guýýar. Derýa ep-esli ýerde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň tebigy araçägi hasaplanýar. Uzynlygy 1 415 kilometr, goşandy Penj derýasy bilen 2 540 kilometr. Onuň 1 000 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär. Amyderýanyň suwunyň ortaça mukdary 2 000-2 200 metr kub/s, ol gyşyna 500 metr kub/s-a çenli azalýar. Ol Mart aýynda köpelip başlaýar we İyun-İyul aýlarynda iň ýokary derejä ýetip, 4 000-6 000 metr kub/s-a çenli köpelýär. Amyderýanyň suwunyň şeýle düzgüni oba-hojalyk ekinlerini suwarmak üçin örän amatlydyr. Derýanyň ýyllyk suwunyň akymynyň ortaça mukdary 64 kilometr kub. Amyderýa gözbaşyny Owganystandaky belentligi 4900 metr bolan Hindiguşdaglarynyňdemirgazyk eňňidindäkiWrezewskiý buzlygyndan alyp,ilki Wanjir,soňra Wahanderýa ady bilen akýar.Wahanderýa bilen Pamir derýasynyňbirleşmeginden bolsa,Penj derýasy emele gelýär.Wahşyň Penje guýýan ýerinden başlap,tä Aral deňzine çenli Amyderýa adyny alýar.Gunduz,Surhab,Kafirnigan hem-de Surhanderýa Amyderýanyň esasy goşantlarydyr.Amyderýa dünýäde iň bulanyk suwly derýalaryň biridir.Onuň1 metr kub suwunyň düzüminde 3kilograma çenli gyrmynça bardyr,derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär.Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar.Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar.Onuň 1metr kub suwunyň düzüminde 3 kilograma çenli gyrmança bardyr, derýa joşanda ol 5-7 kilograma çenli köpelýär. Amyderýanyň halk hojalygynda uly ähmiýeti bar. Termez şäherinden Aral deňzine çenli gämi gatnaýar. Onuň boýunda Termez, Atamyrat, Türkmenabat, Ürgenç, Nöküs, ýaly şäherler ýerleşýär. Amyderýanyň suwy bilen merkezi Aziýa ýurtlarynda we Owganystanyň 8 million gektardan gowrak ýer suwarylýar. Amyderýadan Garagum derýa, Garşy, Amy-Buhara, Türkmenderýa ýaly kanallar suw alýar. Derýanyň suwuny tygşytly ulanmak üçin onuň goşantlarynyň we hanasynyň ugrunda Nurek, Ragun, Düýeboýun ýaly uly suw howdanlary guruldy. 
Bu derýa geçmişde Oks (Oguz) derýasy hem diýlipdir, oňa gepleşikde Jeýhun hem diýilýär.