Absses

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Absses (latin dilinde abscessus - dömme)-iriňli baş. Absses dokumalara mikroblaryň ýa-da himiki maddalaryň düşmeginden döreýär. Absses dörän wagtynda organizmde keseliň ýerli we umumy alamatlary- agyry, çiş döreýär, gyzarýar, syrkawyň gyzgyny ýokarlanýar, kellesi agyrýar, ukysyzlyk, işdäsizlik, ysgynsyzlyk we başgalary peýda bolýar. Absses bedeniň daşyna ýarylanda ýeňil geçýär, içine ýarylanda has howply bolýar. Absses ilki dörän wagtynda gyzgyn kompres, sollýuks, kwars, antibiotikler, sulfanilamidler bilen bejerilýär. Iriň köp ýygnanyp, gaty dömende, operasiýa arkaly bejerilýär.