AIW

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
AIW wirusy
Adamyň Imminoýetmezçiliginiň Wirusy
2007-nji ýylyň hasabatyna görä Adamyň Imminoýetmezçiliginiň Wirusy ejir çekýän adamlaryň döwletler boýunça kartasy

AIW (Adamyň Imminoýetmezçiliginiň Wirusy) - bu adamyň kesellere garşy durnuklylygynyň ýetmezçiligini döredýän wirus. Bu ýokançlygyň netijesinde AIDS keseli döreýändir.

Adamyň immoýetmezçiliginiň wirusy 1983-nji ýylda AIDS keseli öwrenilende ýüze çykaryldy. Bu kesel ilkinji gezek erkekbazlaryň (gomoseksuallaryň), neşekeşleriň, gemofiliýa kesellileriň hassalyklarynyň dowamynda dörän gaýraüzülmelerine edilen gözegçiligiň netijesinde mälim boldy. Adamyň immunoýetmezçiligini döredýän wirus lentiwiruslar (Lentivirus) görnüşiniň retrowiruslar (Retroviridae) maşgalasyna degişlidir. Lentiwirus latyn dilinden "haýal" diýmegi aňladýar. Wirusyň şeýle atlandyrylmagynyň öz sebäbi bar: ol adamyň organizmine aralaşandan soň haýal hereket edýär. Şoňa görä-de, keseliň ilkinji alamatlary uzak wagtlap ýüze çykmaýar. Adamyň bu wirusa ýoluganyndan AIDS-iň döremegine çenli takmynan 9-11 ýyl geçip bilýär.

AIW adamyň organizmine aralaşanda, ilki bilen kesellere garşy durýan ulgamynyň öýjüklerine (CD4 + T-limfositlerine, makrofaglara we dendrit öýjüklerine) ýokuşýar. Wirus şu öýjüklere aralaşandan soň köpelip başlaýar-da, sagdyn öýjükleri weýran edýär. Munuň netijesinde öýjükler kem-kemden ölýärler. AIW diňe kesellere garşy durýan öýjüklere zeper ýetirýändigi üçin, adamyň organizmi soňabaka adaty ýagdaýlarda aňsat bejerilýän ýönekeýje ýokançlyklara hem döz gelip bilmeýär.

AIW wirusy esasan hem goragsyz jynsy gatnaşyklar, wirus ýokuşan şprisler, iňňeler we beýleki lukmançylyk gurallary arkaly hem ýokup bilýär. Şeýle-de bu wirus emdirýän eneden onuň çagasyna süýt arkaly ýokup bilýär.

AIW wirusy ýüze çykarylan badyna antiretrowirus derman serişdeleri arkaly bejergi geçirilip başlanylsa, bu ýokançlygyň güýjemesini, AIDS keseliniň döreme howpuny peseldýär.

Emma AIW-i bütinleý bejerýän derman serişdeleri henize çenli oýlanyp tapylan däldir. Häzirki döwürde antiretrowirus terepiýasy diýip atlandyrylýan bejergi wirusy öldürmän, onuň adamyň organizmine ýetirýän zeperini haýaladyp bilýär. Ýöne uzak wagtlaýyn geçirilýän bejerginiň dowamynda AIW-ň oňa uýgunlaşýan ýagdaýlary hem ýüze çykýar. Şonda bejerginiň täze usulyny bellemeli bolýar.

Birleşen milletler guramasynyň (BMG) we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) AIW-e garşy göreş boýunça bilelikdäki taýýarlan hasabatynyň maglumatlaryna laýyklykda, 1981-2006 ýyllar aralygynda AIW we AIDS zerarly 25 000 000 adam ýogaldy. Diňe 2006-njy ýylyň özünde bu pidalaryň sany 2,9 million adama barabardyr. Bu guramalaryň berýän maglumatlaryna görä, 2007-njy ýylyň başlarynda ýer ýüzündäki ilatyň 40 000 000 AIW-e ýolugandyr. Olaryň 2/3 bölegi Afrika ýurtlarynda ýaşaýar. Bu wirusyň ýaýran ýurtlarynda ykdysady ösüş bökdelip, ilatyň garyplyk derejesi günsaýyn artýandyr.

AIW şu toparyň adamlaryna howp salyp bilýär:

Neşeleri sanjym görnüşinde kabul edýänler (umumy şpris, neşe taýýarlanylýan gaplar) we olar bilen jyns gatnaşygynda bolýanlar; Loluçylyk bilen meşgullanýanlar we olaryň müşderileri; Bitertip jyns gatnaşyklaryny alyp baryanlar; Dürli ýagdaýlara görä özlerine gan guýduran hassalara barlanylmadyk ganyň guýlan ýagdaýlary; Weneriki keselliler. 2006-njy ýylyň dekabr aýynda BMG-niň taýýarlan hasabatyndan alnan maglumatlar, ine, şu aşakdakylary habar berýärler.

2006-njy ýylda AIW-li adamlaryň sany:

Jemi — 39,5 million (34,1 — 47,1 million)

Uly ýaşly adamlar — 37,2 million (32,1 — 44,5 million)

15 ýaşdan kiçi çagalar — 2,3 million (1,7 — 3,5 million)

2006-njy ýylda AIW-e uçranlar:

Jemi — 4,3 million (3,6 — 6,6 million)

Uly ýaşly adamlar — 3,8 million (3,2 — 5,7 million)

15 ýaşdan kiçi çagalar — 530 000 (410 000 — 660 000)

2006-njy ýylda AIDS keselinden ölenleriň sany:

Jemi — 2,9 million (2,5 — 3,5 million)

Uly ýaşly adamlar — 2,6 million (2,2 — 3,0 million)

15 ýaşdan kiçi çagalar — 380,000 (290,000 — 500,000)

Ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, häzirki wagtda ýer ýüzünde AIW-e uçranlaryň sany 40 milliondyr. Olaryň 2/3 bölegi Afrika ýurtlarynda ýaşaýandyr. Bu ýerde kesel eýýäm geçen asyryň 70-njy ýyllarynda köpçülikleýin ýaýrapdy. AIW-li adamlaryň aglaba bölegi (5 milliony) Gündogar Afrika döwletlerinde ýaşaýar. Häzirki wagtda bu wirus Merkezi Aziýada we Gündogar Ýewropada "batyrgaý" hereket edýär. Bu çäklerdäki AIW-li adamlaryň sany 1999-2002 ýyllar aralygynda üç esse artdy. Bu esasan-da neşekeşler, lolular sebäpli bolýar.

AIW-iň geçiş usuly

Adamyň immunoýetmezçiliginiň wirusy organizmdäki ähli suwuklyklaryň düzüminde bardyr. Ýöne onuň ýokançly mukdary diňe ganda, dölde, jynshanada, limfada we ene süýdünde bolýar. Wirusly biosuwuklyk haýsydyr bir sebäplere görä adamyň ganyna ýa-da jyns agzalaryna düşen ýagdaýynda-da bu wirus adama ýokup bilýär.

AIW daşky gurşawa durnuksyzdyr. Gan (döl, jynshana suwuk bölünmeleri) gurandan soň, onuň düzümindäki AIW ölýär. Gündeki durmuşda: umumy gap-gaçlar, öý goşlary arkaly AIW ýokuşmaýar.

Ýöne damardan sanjymlaryň edilen ýagdaýynda AIW-e uçramak howpy 95%-e çenli barabardyr. Eger adama AIW ýokuşandyr diýlip güman edilse, oňa 4 hepdelik ýokary derejeli antiretrowirus bejergisi bellenilýär. Himiobejergi AIW ýokuşandyr diýlip güman edileninden 72 sagatdan giç geçirilmeli däldir.

Adamyň tüýküliginde, gözýaşynda AIW-iň mukdary ujypsyzdyr. Olar arkaly AIW-iň sagdyn adama ýokuşan ýagdaýlary barada hiç maglumat ýok.

AIW-iň geçmeýän ýagdaýlary:

Mör-möjekleriň, çirkeýleriň çakmagy arkaly; Howa arkaly; El bilen salamlaşylanda (deri şikeslenmeleriň bolmadyk ýagdaýlarynda); Posa arkaly (dodaklarda we agyz boşlugynda jaýryjaklaryň bolmadyk ýagdaýynda); Gap-gaçlar arkaly; Egin-eşik arkaly; Sabyn, hajathana serişdeleri arkaly.