Şolom-Aleýhem

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
1959 CPA 2281.jpg

Şolom-Aleýhem

(1859-1916)


Dünýä belli ýewreý ýazyjysy, idiş dilindäki edebiýatynyň kerwenbaşysy Şolom-Aleýhem (hakyky ady – Solomon Naumowiç Rabinowiç) 1859-njy ýylda Russiýa imperiýasynyň Pereýaslaw şäherçesinde dünýä inýär. Oglanjyk 13 ýaşyndaka ejesi dünýeden ötýär. 15 ýaşynda ol «Robinzon Kruzo» romanyny okap, onuň ýewreý görnüşini döretmek küýüne düşýär we ýazyjy bolmak kararyna gelýär. 1876-njy ýylda mekdebi tamamlanyndan soňra Şolom-Aleýhem birentek kärlerde işläp görýär. Üstesine-de, idiş dilinde birnäçe žurnal esaslandyryp, olarda ýaş ýazyjylar bilen bilelikde öz eserlerini hem çap etdirýär. Ýazyjy bütin dünýäde syýahat edip, häli-şindi adamlaryň öňünde çykyş edip ýöreni üçin bahym bütin dünýä meşhur bolýar. Tankytçylar ýazyjyny «ýewreýleriň Mark Tweni» diýip atlandyrypdyrlar. Mark Twen bolsa özüne «amerikanlaryň Şolom-Aleýhemi» diýer eken.

1891-nji ýyldan başlap Şolom-Aleýhem Odessada ýaşaýar, emma 1905-nji ýylda maşgalasy bilen Şweýsariýa, soňra-da Germaniýa göçmeli bolýar. Bu döwürlerde ol agyr kesele duçar bolýar, şonda-da döredijilik işini goýman, edebiýat üçin gije-gündiz zähmet çekýär. Hut şu döwürlerde onuň «Süýtçi Tewýe», «Uly utuş», «Motl oglanjyk», «Mariýenbad» ýaly ajaýyp eserleri, hekaýalar ýygyndylary döredilýär. Ömrüniň ahyrynda ýazyjy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýar, şol ýerde-de inçekesel sebäpli 1916-njy ýylda dünýeden ötýär.