Şükranalyk baýramçylygy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bu baýramçylyk ABŞ-da bütin ýurt baýramçylygy bolup hemmeler bu gün işden boşadylýar we maşgalalary bilen baýramçylygy belleýärler. Bu baýramyň taryhy 1600 ýyllara degişli bolup, ýewropadan Amerika gelen "mesihileriň" durmuşynda bolup geçen ajaýyp gudratlar ýagny açlyk gelen wagtynda Hudaýyň gudraty bilen berilen bolçulygyň netijesinde we Amerikan "indeýleriniň" olara eden kömegi bilen dostlugyň netijesinde giden halkyň açlykdan halas bolandygy mynasybetli bellenip başlanypdyr! Gelip 1863 ýylda bolsa prezidetn Abraham Linkoln tarapynda bütin ýurt baýramçylygy diýilip bellenipdir!

Hudaýa iman eden maşgalalarda bu baýramçylyk ähli zadyň eýesi, ähli bereketleriň çeşmesi we adamzadyň ýaşaýşynyň eýesi bolan Ýaradan we ähli zady gudratly ygtyýary bilen saklaýan Hudaýa şükranalyk bildirmek bilen esaslanýar!

Bularyň üstesine-de, biziň minnetdar bolmaly bolan ata-enemiz, dogan-garyndaşlarymyz, il-günümiz, dost-ýarymyz, söýgülimiz ýada söýgüli aýalymyz we balalarymyz üçin hem minnetdarlyk aýdýarys!