Ýüzýyllyk uruş

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ýüzýyllyk urşuň barşy

Ýüzýyllyk uruş (iňl. Hundred Years' War, fr. Guerre de Cent Ans) bir tarapda Angliýa bilen onuň soýuzdaşlarynyň, beýleki tarapda bolsa Fransiýa bilen onuň soýuzdaşlarynyň arasynda takmynan 1337-nji we 1453-nji ýyllar aralygynda dowam eden harby konfliktleriň tapgyrydyr.

Uruş arakesmeler bilen 116 ýyla çekipdir. Aslynda, ol şu konfliktleriň tapgyryndan ybarat bolupdyr: birinjisi (Edwardian urşy) 13371360 aralygynda bolup geçipdir, ikinjisi (Karoling urşy) — 13691389 ýyllar, üçünjisi (Lankaster urşy) — 14151429 ýyllar, dördünjisi — 14291453 ýyllar.

Fransiýa iňlisleri Giýenden gysyp çykarmak isleýär, iňlis koroly bolsa Giýeniň Fransiýa wassal garaşlylygynyň soňuna çykmak we [A[ngliýa]]nyň elden gideren oblastlaryny – Normandiýany, Anžuwy we başgalary yzyna gaýtaryp almak isleýär. Ýüzýyllyk uruş 1337-nji ýylyň maýynda başlanýar. Urşuň birinji döwründe (1337-1360) iňlisler yzly-yzyna ýeniş gazanyp, Fransiýanyň ep-esli bölegini basyp alýarlar. Ýurduň tozmagy, halkyň durmuşynyň agyrlaşmagy, ýurtda keselçiligiň, epidemiýalaryň ýaýramagy Fransuz hökümetini 1380-nji ýylda örän amatsyz şertlerde ýaraşyk baglaşmaga mejbur edýär. Fransuz koroly Karl V birnäçe reformalar geçirýär. Angliýanyň goly astyna geçen oblastlarda milli-azat edijilik göreşi tutaşýar. Fransuzlar XIV asyryň 70-nji ýyllarynda iňlisleri öz ýurtlaryndan bütinleý diýen ýaly kowup çykarýarlar, emma Fransiýanyň içindäki özara feodalçylyk çaknyşyklar uruşda gazanylan ýeňşi berkitmäge mümkinçilik bermeýär. XV asyryň başlarynda Angliýa täzeden urşa başlaýar we 1415-nji ýylda Demirgazyk Fransiýany (Pariž bilen bilelikde) basyp alýar. Iňlisler okkupirlän ýerlerinde ilatyň umumy gahar-gazabyny döredýär. Partizançylyk urşy başlanyp, bütin fransuz halky aýaga galýar. 1429-njy ýylda fransuz halkynyň gahryman gyzy Žanna d’Arkyň ýolbaşçylygynda iňlis feodallaryna güýçli zarbalar urulýar. Şondan soň bu urşuň Fransiýa üçin ýeňişli gutarjakdygy belli bolýar. Iňlisleriň Bordoda gürrüňsiz boýun egmekleri (1453-nji ýylyň 19-njy oktýabry) bilen Ýüzýyllyk uruş gutarýar. Urşuň netijesinde Giýeniň Fransiýa birikdirilmegi tamamlanýar. Iňlisler basyp alan ýerleriniň (1558-nji ýyla çenli Angliýanyň gol astynda galan Kale okrugyndan başgasy) hemmesini ýitirýär.