Üregir
Gadymy ýigrimi dört türkmen taýpasynyň biri bolan bu taýpany Mahmyt Kaşgary 15-nji, galan orta asyr alymlary 20-nji orunda goýýarlar. Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abulgazy ony Oguzhanyň Daghan diýen oglunyň 4-nji, Salar Baba bolsa Deňizhanyň 3-nji perzendiniň ady we şondan önen taýpa hasaplaýarlar. Bu alymlaryň pikiriçe, adyň aňladýan manysy şeýle bolmaly: Reşideddin 一 «mydam ýagşy iş ediji we düzgün gurujy». Ýazyjy-ogly 一 «hemişe eýgilik we yhsan, ediji»; Salar Baba «Işi daýym belent bolgaý»: Abulgazy 一 ýagşy iş kylgujy». Biziň pikirimizçe, Üregir diýen adyň altaý, teleut, sagaý, koýbal, gyrgyz ýaly ençeme türki dillerde «topar, topbak, süri, jemgyýet» (ýagny «urug, taýpa») ýaly manylary aňladýan we ögür, ügür sözüniň gysgalan görnüşi bolan ür, üre sözi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir. Üregir sözini Ýüregir şeklinde hem ýazypdyrlar. Oguz han dessanyna görä Oguzlaryň 24 taýpasynyň biri bolan Üregirler Oguzlaryň Üçoklar golundan (çep gol) gelendikleri bellidir. Bellikleri gylyçdyr. Orta asyrlara çenli Orta Aziýada Seýhun (Syrderýa) we Jeýhun (Amyderýa) derýalarynyň arasyndaky Ýüregir kölüne golaý topraklarda hem oturypdyrlar. XIII asyrda Çingiz hanyň baştutanlygyndaky Mongol ýörüşlerinden gaçyp häzirki Türkiýanyň Ýüregir diýlip tanalan Adanyň Misis kölünde ýerleşen Oguz taýpalary hem şol ýerde Remezanogullary begligini gurupdyrlar. Soňra 400 ýyl boýunça döwrüniň iň güýçli döwleti bolan Memluk hökümdarlygynyň (ed-dewletutturkmen) bir begligi hökmünde taryha giripdirler. XVI asyrda Osmanly patyşasy Ýowuz Soltan Selim Memluk döwletini ýykanyndan soň Remezanogullary begi Pir Mansur Osmanly hökümdarlygyna goşulýar. Häzirki döwürde bu Türkmen taýpasy Anadolyda tanalan Oguz taýpalarynyň biridir. Üregirler Anadolyda Osmanly döwletine iň soňky bolup goşulan beglikdir. Helen Misis, Jebelnur (Dawudi) dagy, Piribegli obasy, Seýhan köli, Ýumurtgalyk atly ýerlerde ýaşaýan Türkmen-Ýörük ählisi şol Üregirlerden emele gelen illerdir. «Ýüregir» sözi işleri düzgün, işi mydam ugryna» manysynda gelýär. Mahmyt Kaşgary Diwanylugatitturk atly eserinde şeýle diýýär: Oguz bir Türki taýpasydyr. Oguzlar Türkmendirler. Bular ýigrimi iki bölekden ybaratdyr; her taýpanyň aýry belligi, nyşany bardyr. Birbirlerini şol tagma boýunça tanarlar[2]. Onbäşinji "رِغإرُا Üregir" lerdir. "رِغإرُاي Ýüregir" hem diýilýär. Tagmalary ýokardaky suratdyr[3]. Bu aýdan taýpalarym düýp bir kökdir. Bu kökden birnäçe tireler emele gelendir; olary aýtmadym, sözi gysgaltmaly boldum. Bu tireleriň atlary olary guran gadymy atalarynyň atlaryndan galypdyr[4].
Çeşme:
[1] Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmen nesil daragty). Aşgabat «Turan一1» 1994. sah-213-214.
[2-3-4] Atalaý, B (2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy. ISBN 975-16-0405-2. Jilt I. sahypa 55-57-59.