Puerto-riko

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Puerto-riko
(Baýdak) (Gerb)

Resmi ady: Puerto-Riko arkalaşygy (iňlisçe: the Commonwealth of Puerto Rico). Demirgazyk-gündogar Karib adalarynda ýerleşen bir döwletdir. Ispan dilinde "baý port" diýen manyny berýär. Bu ýurt adalar toplumyndan ybarat bolup iň uly adalary: Kulebra adasy we Mono adasydyr. Döwletiň resmi dilleri: Ispança we iňlisçedir, resmi taýdan ispan dili ilkinji dildir .

1493-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Hristofor Kolumb bu adany ispaniýa degişli diýip yglan etdi, bu wagta çenli bu ýer Taýno diýip tanalan aborigenleriň mesgenidi. 400 ýyl töweregi ispanlaryň golastynda bolan Puerto-Riko 1898-nji ýyldaky Ispan-Amerikan söweşinden soňra Filippinler bilen bilelikde ABŞ golastyna geçdi. Bu ýagdaý 1898nji ýyldaky Pariž ylalaşygynda gazanyldy.

Mundan soňra 1917-nji ýylda ABŞ Puerto-Rikolylara raýatlyk berenem bolsa 1948-nji ýylda olar ilkinji gezek öz hökümedini saýladylar, 1952-nji ýylda Puerto-Riko konstitusiýasy yglan edildi.

Resmi ýagdaýda entägem belli bir derejede ABŞ-a bagly bolup durýar. ABŞ kongresi bu ýurt üstünde kararlar çykaryp we üýtgedip bilýänem bolsa Puerto-Riko raýatlaryň ABŞ prezidentlik saýlawlarynda ses berme hukugy ýok. Amerika ştaty bolmak ýa-da oňa bagly bolmak ýaly ýagdaýlar entägem halk arasynda jedel edilýän ýagdaý bolup durýar, 2012-nji ýylyň noýabryndaky saýlawda gatnaşyjylaryň 54 göterimi häzirki ýagdaýa garşy diýip ses berdi.