Memluklar döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Memluklar döwleti — Müsürde Türkmenleriň memlular döwleti Eýýuby türkmenleriniň döwleti dowam etdirijidir. Asly türkmenlerden bolan memluklar Eýýuby türkmenlerine päk ýürekden hyzmat edipdirler. Çingiz hanyň goşunynyň ýakyp-ýandyryp. uly howp döreden wagtlarynda Eýýuby soltany Mälik Salyh türkmen memluklarynyň sanyny köpeldýär. Ol Nil derýasynyň gündogar kenarynda, Rawza adasynyň demiragzygynda oňat ýatakhanalar gurdurýar. Mälik Salyh 1244-nji ýylda memluklaryň kömegi bilen Kudusy (Iýerusalimi) eýeleýär. uzak wagt geçmänkä Siriýany-da Müsüre birikdirýär. 1249-njy ýylda soltan Mälik Salyh aradan çykýar. Gysga wagtlaýyn hem bolsa onuň aýaly-Abdylla türkmeniň gyzy Şajarat-ad-Dür döwleti dolandyrýar. Ol 1250-nji ýylda haçparzlar bilen parahatçylykly şertnama baglaşyp, fransuzlary ýurtdan çykarýar. 1205-nji ýylda Şajarat-ad-dür hökümdarlykdan meýletin el çekýär. Oňa Aýbeg türkmen bilen nikalaşmagy maslahat berýärler. Şol nikanyň netijesinde Aýbeg Türkmen Müsürdäki Türkmenleriň memluklar döwletiniň soltany diýlip yglan edilýär. Şeýlelikde, memluklylar döwri başlanýar. Türkmenleriň memluklyklar soltanlygynyň ilkinji ýyllarynda Aýbeg Şamdaky eýýuby hökümdarlary bilen söweşmeli bolýar. Şonuň bilen brlikde, araplaryň gozgalaňyny hem basyp ýatyrmaly bolýar. Memluk hökümdary dildüwşük esasynda, 1257-nji ýylda öldürilýär. Onuň ogly Aly kakasynyň ornuna geçýär. Gutuz Türkmen bolsa onuň kömekçisi bellenilýär. Mongollaryň Ilhanly döwletiniň goşuny Hulagu hanyň ýolbaşçylygynda 1258-nji ýylda Bagdady eýeläp, halyflygy dargadýar. Soňra Siriýanyň ençeme şäherlerini eýeleýär. Şol sebäpli hem, emirler, serkerdeler heniz ýaş oglan Alynyň mongollarynyň howpunyň öňüni alyp bilmejegine göz ýetirip, 1259-njy ýylda ony tagtdan düşürýärler.Ýerine bols emir Gutuzy belleýärler. 1260-1277-nji ýyllarda soltanlyk Beýbarsň elinde bolýar. 1516-njy ýylda Halabyň golaýynda, soňra bolsa 1517-nji ýylda Kahireniň gündogaryndaky Reýdaniýede bolan söweşde osmanlylar ýeňiş gazanýarlar. Bu söweşler netijesinde, Memluklar döwleti öz ygtyýarlyklaryny Osmanly türkmenleriň döwletiniň soltanlaryna tabyrmaly bolýarlar.