Belok

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Beloklar öýjükleriň esasy maddasy hasaplanylýar. Beloklar gurluşlary boýunça organiki birleşmeleriň iň çylşyrymlylaryna degişlidir. Olar aminokislotalaryň bellibir tertipde ýerleşen molekulalaryndan emele gelýärler. Beloklaryň düzümine 20-ä golaý aminokislotalar girýär. Olaryň yzygiderlilikde ýerleşişleri beloklaryň häsiýetlerini kesgitleýär. Şoňa görä-de beloklar gurluşlary boýunça örän köp dürlüdirler.

Beloklar gurluşyk serişdesi bolup, membrananyň, ýadronyň, sitoplazmanyň we organoidleriň emele gelmegine gatnaşýarlarlar.

Beloklaryň biokatalizatorlar hökmünde-de ähmiýeti uludyr. Olar öýjükde geçýän biohimiki täsirleşmeleri çaltlandyrylýarlar. Şeýle beloklara fermentler diýilýär.

Beloklar beden üçin güýç çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Olaryň turşamagy netijesinde köp mukdarda güýç bölünip çykýar.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

Orta mekdepleriň VIII synplary üçin okuw kitaby- 2012ý