Alp Arslan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Alp Arslan
Alp Arslan

Käri Hökümdar
Doglan senesi 1029
Ölen senesi 24-nji noýabr 1072

Alp Arslan, Beýik Seljukly döwletiniň ikinji soltany bolan türkmen hökümdarydyr. Muhammad Alp Arslan Türkmenleriň Orta Aziýadan Anadola geçmekligini başladan ökde serkerde hökümdardyr.

Gysgaça maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Hökümdarlygy: Seljukly hökümdarlygy

Doguldy: 20.01.1029.

Özünden öň: Çagry beg

Özünden soň: Mälik şa

Aýal(lar)y: Seljan hatyn

Çagalary: 1. Muizzeddin Mälikşa

2. Täjeddöwle Tutuş

3. Yzzeddin Arslan-Argun

4. Böri-Bars

5. Togrul

6. Aýaz

7. Dogan

8. Arslan

9. Tekiş

10. Äşe

11. Züleýha

Atlary we lakamlary: Adududdöwle.

Lakamy: Ebu Şuja.

Dini ady: Muhammet.

Hakyky ady: Alp Arslan bin Çagry bin Mikaýyl bin Seljuk bin Dükak

Kakasy: Çagry beg.

Dini: Yslam.

Ölümi: 15.12.1072. (43 ýaş) Merw.

Alp Arslan

Muhammet ibn Dawut (1029 - 1072), Seljuk Türkmenleriniň ikinji soltany, Seljukly döwletini guran Seljugyň agtygy. Yslam dinine baglanandygy üçin Muhammet adyny aldy, harby üstünligi üçin bolsa oňa Alp Arslan lakamy dakyldy. «Alp Arslan» adynyň manysy «Gaýduwsyz Arslan» diýmek bolýar. Ol taryha öz adyny gaýduwsyzlygy, rehimligigi, gahrymançylygy we serdarlygy bilen ýazdyrandyr. 1071 ýylynda Anadoly topraklaryny basyp alypdyr. Anadoly türkleri Alp-Arslan bilen gelen türkmenlerdir.

Umumy maglumatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Alp Arslan (doguldy 20.01.1029-öldi15.12.1072) Beýik Seljukly döwletiniň ikinji soltany bolan türkmen hökümdarydyr. Alp Arslan Türkmenleriň Orta Aziýadan Anadola geçmekligini başladan ökde serkerde hökümdardyr. Hakyky ady Muhammet bolup, iň ýörgünli ady Alp Arslandyr. Beýik Seljukly döwletini guranlaryň biri bolan Çagry begiň ogly we Seljukly soltany Togrul begiň ýegenidir. Alp Arslan dogulan wagty hakynda maglumatlar her hili wariýant berýärler. Taryhçylaryň belleýşiçe 1029-1032-nji ýyllar aralygyny görkezýär. Ol kiçilikde ata münüp ok atmany öwrendi. Çagalyk ýyllarynda Daňdanakan söweşinde we ş.m. söweşlerde üstünlik gazanan Seljuklaryň ýeňilmezekdigine göz ýetirýär. Kakasynyň ölüminden soňra Horasandaky Seljukly hökümdarlygyny (häzirki G.o. Türkmenistan) dolandyrdy. Togrul beg 1063-nji ýylda ölende Seljukly hökümdarlygynda tagt ugryndaky söweşler başlandy. Ogly bolmadyk Togrul beg özüniň wesýetinde Çagry begiň ogullaryndan Süleýmanyň tagta geçmegini wesýet edipdir. Seljukly weziri Amidulmulk bu wesýeti ýerine getirdi we Reý şäherinde Süleýmany soltan diýip tagta çykardy. Soňra Çagry begiň uly ogly Alp-Arslan Arslan Ýabgunyň ogly Gutulmuş bilen käbir emir we şazadalar Süleýmanyň patyşalygyny hasap etmediler. Kazwin şäherinde Alp Arslanyň adyna hutba okaldy. Gutulmyşyň Reýiň gabadyna gelip şäheri gabady wezir Amidul-Mülk bolsa hökümdar Alp Arslandan kömek sorany üçin, hutbany onuň adyna okatdy. Gutulmuş bolsa Alp-Arslan bilen Damegan ýakynlaryndaky söweşde öldi. Alo Arslan Reý şäherinde Seljukly döwletiniň tagtyna çykdy. Soňra Amidul mülkiň ýerine Nyzamylmülki goýdy[1] Ilkinji ýörüşi Gruziýa (Gürjüstan) we gündogar Anadoly taraplara boldy. Bu ýötüşlerde ogly Mälikşany we weziri Nyzamylmülk dagylar hem bardy. Wizantiýanyň tabynlygyndaky Kars we Ana çenli ýörüşlerini dowam etdirip bu ýerleri eýeledi. Bu ýötüşleriň netijesinde Abbasy halyfy Kaim bi-Emrillä Alp Arslana «Ebu Feth» (Fatyhlaryň atasy) lakamyny berdi (1064) 1065-nji ýylyň soňlarynda Üstýurt we Mangyşlak taraplaryna ýörüş etdi. Etrapdaky Gypjaklar bilen Türkmenleri hemaýaty astyna aldy. Alp Arslan Seljuk begiň Jent şäherindäki mazarlygyna zyýarat edip, Merw şähere bardy. 1066-1067-nji ýyllarda Kerman mäligi bolan jigsi Kawurdyň gozgalaňy sebäpli Kermana tarap birnäçe esgerleri bilen gitdi. Kawurd beg baş goşunynyň birinji bölegi böwsülensoň gala yza tarap çekildi we bir ilçi ugradyp bagyşlanmagyny sorady. Soltan bu haýyşy kabul etdi we Kerman mäligi bolup ýerinde oturmagyna hem rugsat berdi. 1068-nji ýylda täzeden topalaň turuzan Kawurdyň üstüne täzeden goşun çekip gaýtdy. Emma öz goşunynda Kawyrdyň ýan-ýoldaşlarynyň boluo biljekdigini nazara alyp yza çekildi. Anadolyda bolsa Togrul beg tarapyndan ugrukdyrylan Türkmen çozuşlary dowam edýärdi. Emir Afşin 1067-nji ýylda Kaýseri eýeledi. Wizantiýa imperatory Roman Diogens IV Türkmenleri Anadolydan (Kiçi Aziýa) çykartmak üçin 1068-nji ýylda ýörüşe çykdy we Halap galasyna çenli ýörüşini dowam etdirdi. Emma Türkmenleri yza serpikdirip bilmese-de Amorium şäherini eýelemegi başardy. Imperator Roman ikinji sapar ýörüşe çykdy we bu gezek Ýewfrat derýasyna çenli hereket etdi. Seljukly akymy her tarapdan hereket edip Malatiýa çozdylar we Konýany eýelemekligiň küýüne düşdiler. Soltam Alp Arslan 1067-nji ýylda ikinji sapar Gürjüstana tarap ýörüşe çykdy. Gürjüstan patyşasy Bagrat IV Alanlar bilen birleşip musulman döwleti bolan Şeddadylar elindäki Errany eýeläp Genjäniň golaýyna çenli gelipdiler. Soltan Alp Arslan 1067-nji ýylda Errana gelende we Şeddady emiri Fazl bilen Şirwan emiri Ebul-Eswar oňa boýun bolanlaryndan soňra Gürjüstana girdi. Şekki taraplaryny basyp aldy IV. Bagrat bolsa Seljuklylar bilen bolan söweşde gaýtawul berip bilmän gaçdy. Soltan Gürjüstanyň her tarapyna basybalyjylaryny gönderip Tiflisi ele geçirdi. Soňra Bagrat ötünç sorap Alp Arslana tabyn boldy. Mekkäniň şereplisi Muhammet bin Ebi Haşim 1070-nji ýylda Alp Arslanyň huzuryna gelip, Mekkede hutbanyň Abbasy halyfyna we Seljukly soltanynyň adyna okalandygyny aýtdy. Soltan Alp Arslan Fatimiler döwletiniň weziri Nasr ed-Döwle bin Hamdanyň maslahaty bilen Fatimiler döwletini tozdurmak üçin Müsüre bir sapar ýörüş etdi. Soňra Wizantiýa çozup girdi. Soltan ilki bilen Malazgirt we Erjişi eýeledi. Diýarbekrdäki Süweýda (Siverek) we Tulhum ýaly birnäçe galalary yzly-yzyna basyp aldy. Soňra 1071-nji ýylda Wizantiýa häkimýetindäki Urfany gabady emma alyp bilmedi. Urfadan Halaba tarap hereket eden Soltan şäheri gabap Mirdasogullaryndan Mahmydyň elinden şäheriň açaryny kabul edip aldy we onuň özüniň günäsini bagyşlap ony öz wrzipesinde oturtdy. Şama tarap baran Soltan Alp Arslan Wizantiýa imperatory Roman Diogeniň uly goşun toplap musulman topraklaryna basypalyşa çykandygyny eşitdi. Şol sebäpden yza döndi. Iki goşun Malazgirt meýdançasynda garşylaşdy. Soltan Alp Arslanyň baştutanlygyndaky Seljukly goşuny Hilal söweş tilsimi (taktika) bilen söweşe girdi. Bu söweşde Alp Arslanyň bir esgeri Wizantiýa imperatory Roman Diogeni masgaraçylykly ýagdaýda ony Soltanyň garşysyna getirdi. Soltan Alp Arslan imperatory tussag etdi[2][3]. Soltan Alp Arslan günbatardaky Seljukly serhetlerini giňeldişi ýaly, gündogardaky Seljuk Türkmenleriniň hem topraklaryny giňeldýärdi. Soltan Alp Arslan bilen Garahanlylaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykdy we olara tarap Alp Arslan bir sapar ýörüşe çykdy. Ol Amyderýadan (Jeýhun) geçdi we ýörüşini togtatdy. Emma başyna gelen betbagtçylyk zerarly Garahanlylara tarap ýörüş edip bilmedi. Ýusup el-Horezmi atly gala serkerdesi Soltany hanjar bilen ýaralady.

Wizantiýa ýörüşi[düzet | çeşmäni düzet]

1068-nji ýylda Wizantiýa imperiýasyna garşy söweş yglan edeninden soň soltan Alp Arslan Türkmenleri Malazgirt söweş meýdançasyna çenli geldi. 1071-nji ýylda Soltan Alp Arslan Malazgirt söweşinde Türkmen taryhynda uly ýeňiş gazandy. Alp Arslan Roman Diýogeni bagyşlady. Özüni hem ýyllyk salgyt bermegini talap edip ony ýurdyna goýberdi. Ýöne Roman Diýogen ýurdyna baranda onuň tagtynda Mikhail VII täze Wizantiýanyň imperatory bolup geçipdir. Roman Diýogen tagtyndan uzaklaşdyrylýar we özüni hem öldürýärler. Bu waka şeýle bolýar. Ony tutjak bolup kowalanlarynda Roman Diýogen gaçyp kiçeňiräk galada duşmanlary tarapyndan tutulýar. Gözlerini kör edip Konstantinopola getirýärler we şol ýerden Proti adasyna (Kynaly ada) sürgün edilýär. Gözleriniň körlügi zerarly agyr kesele ýolugyp şol ýerde ölýär[4] Şol sebäpden Malazgirt söweşiniň soňundaky salgyt boşa çykdy.

Ölümi[düzet | çeşmäni düzet]

Alp Arslan, ýesir edip alan Garahanly gala serkerdesiniň gyzy Hankona öýlenipdir. Onuň kakasynyň ady Ýusup Horezmi bolupdyr. Ýusup Horezmi tussaglykdaka Alp Arslanyň gaharyny getirdip mertlerçe söweşe çykmagyny sorapdyr. Alp Arslan onuň eliniň çözülmegini we hanjar bermeklerini buýrupdyr. Wezir wekiller bu işiň howplydygyny düşündirseler-de Alp Arslan onuň elleriniň çözülip garpyşmagyny isläpdir. Onuň elleri çözülip eline hanjar beripdirler. Alp Arslan gaharyna onuň üstüne ylgap bir demde ýere ýazmakçy bolupdyr. Emma onuň aýagy çadyryň ýüpüne ilişip ýykylypdyr. Pursatdan peýdalanan ýesir Ýusup Horezmi onuň böwründen hanjary sanjypdyr. Şeýdip 1072-nji ýylda Alp Arslan şol ýarasyndan şehit bolup öldi. 2002-nji ýylyň Iýul aýyndan başlap tä 2008-nji ýyla çenli Awgust aýyna Alp Arslan aýy ady dakyldy. Muny Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy esaslandyrypdy. 2005-2006-njy ýyllarda Ýusup Halaçoglynyň baştutanlygynda Maryda (Merw) başlanan gazuw agtaryş işleri geçirlende Alp Arslanyň mazarynyň üstüni açdylar[5].

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

1. ^ Merçil, Erdoğan (2000). Müslüman türk devletleri tarihi . Ankara: Türk Tarih Kurumu Yayınevi. s. 52. ISBN 9751602319.

2. ^ Haldon, John (2001). The Byzantine wars : battles and campaigns of the Byzantine era . Temptus: Stroud. s. 180. ISBN 0752417959.

3. ^ Merçil, Erdoğan (2000). Müslüman türk devletleri tarihi . Ankara: Türk Tarih Kurumu Yayınevi. s. 51,52,53,54,55. ISBN 9751602319.

4. ^ the First Crusade, Steve Runciman, Cambridge University Press, 1992

5. ^ Sultan Alp Arslan'ın mezarının bulunuşu.