Abdyrahman Al-Hazini

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Abdyrahman Al-Hazini -XII asyryň birinji ýarymynda gadymy Merwde ýaşap geçen meşhur türkmen astronomy,sazşynasy, fizigi , matematidi. Ol taryhy maglumatlara görä meşhur alym we şahyr Omar Haýýamdan sapak alypdyr.

Ol bilimini Maryda alýar, matematika, astronomiýa,fizika ylymlaryna degişli işleri öwrenipdir. Ol 1121 –nji ýylda bu ylymlaryň hemmesini diýen ýaly öz içine alýan „Akyl terezisi“ atly işini ýazypdyr. Al - Hazini öz işinde mugallymy Omar Haýýamyň “Altyn bilen kümüşden ýasalan esbapdaky altyny we kümüşi kesgitlemek hakynda”atly işini doly getirýär. Al Hazininiň bu işi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Häzirki wagtda onuň arapça teksti Sank Peterburgyň golýazmalar fondunda saklanýar.