Bagşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
New page: '''BAGŞY''' — dutaryň, gyjagyň ýa-da gargy tüýdügiň ýanynda türkmen milli aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýän, halkyň içiňde tanalýan aýdymçy. Bagşynyň sazanda...
(Tapawut ýok)

01:06, 10 dekabr 2006 senesindäki wersiýa

BAGŞY — dutaryň, gyjagyň ýa-da gargy tüýdügiň ýanynda türkmen milli aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýän, halkyň içiňde tanalýan aýdymçy. Bagşynyň sazandalyk we kompozitorlyk ukyby hem bolýar, Bagşylar ýerine ýetiriş ýollary, repertuarlary boýunça dessançy we tirmeçi diýen iki topara bölünýär. Tirmeçi Bagşy dessan, epos aýdymlaryny, şahyrlaryň goşgularyny, halk aýdymlaryny ýerine etirýär. Olardan Hally bagşyny, Sary bagşyny, Oraz Salyry, Nursähet Halsähet ogluny, Şükür bagşyny, Çowdur bagşyny, Nobat bagşyny, Hydyr bagşyny we olaryň ýoluny dowam etdiren respublikanyň halk artisti Sahy Jepbarowy, TSSR-iň halk bagşysy Ödeniýaz Nobadowy we beýlekileri görkezmek bolar. Ikinji topara degişli Bagşylar «Hüýrlukga — Hemra», «Zöhre — Tahyr», «Şasenem — Garyp», «Görogly», «Saýatly — Hemra» ýaly yşky-liriki dessanlary aýdýarlar. Olardan Nazar Baga, Pälwan Hoja, Magtymguly Garly, Jumamyrat Oraz, Palta bagşy we beýlekileri mysal görkezmek bolar. Dessançy Bagşylar, esasan, Türkmsnistanyň Daşhowuz, belli derejede Çärjew sebitlerinde köp bolýar. Olardan has msşhurlarynyň atlary halk arasynda saklanyp gelýär.