Türkmenistan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
new sections created, irrelevant text removed
Setir 52: Setir 52:
Goňşy [[döwlet]]ler: [[Owganystan]], [[Eýran]] Yslam Respublikasy, [[Gazagystan]] we [[Özbegistan]].
Goňşy [[döwlet]]ler: [[Owganystan]], [[Eýran]] Yslam Respublikasy, [[Gazagystan]] we [[Özbegistan]].


==Geografiki ýerleşişi==
Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen ýurtda öndürilýän tebigy gaz diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem netijeli we deň hukukly hyzmatdaşlyk esasynda dünýä halklarynyň bähbidine hem gönükdirilendir. Tebigy gazyň has gymmatly çig mal hökmünde kabul edilýän häzirki zaman dünýäsinde ýurdumyzdaky tebigy gaz bilen baglanyşykly özgerişlikler dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan gyzyklandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda abraýly halkara konsultanty – „Caffney & Associates” britan şereketi Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň gündogar böleginde Amyderýa basseýninde ýerleşen Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda gazyň gorunyň auditini geçirip, munuň netijelerini halk köpçüligine ýetirdi. Garaşsyz halkara audit guramasynyň bellemegine görä, häzirki güne çenli bar bolan maglumatlara laýyklykda, Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň gorlary aşaky baha görä, 4 trillion kub metr, optimal baha görä, 6 trln. kub metr, ýokary baha görä bolsa, 14 trln. kub metr gaza barabardyr. Ýaşlar ýatagynyň auditiniň netijesinde bolsa, häzirki günde bu ýerdäki gazyň möçberi aşaky baha – 0,25 trln. kub metre, optimal baha – 0,675 trln. kub metre; ýokary baha – 1,5 trln. kub metre barabardyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.
Türkmenistanda şeýle ägirt uly gaz ýatagynyň açylmagy, bu ýatagyň gorlarynyň halkara abraýly gurama tarapyndan tassyklanmagy, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä metbugatynda hem uly seslenme döretdi. Bu bolsa dünýä tebigy gaz kartasyna öz täsirini ýetirer.
Dünýä tebigy gaz gorlary. Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýatagynyň gorlarynyň garaşsyz audit guramasy tarapyndan tassyklanmagy netijesinde dünýä tebigy gaz gorlary baradaky maglumatnamalar täzeden ýazylsa gerek. Şoňa laýyklykda, dünýä tebigy gaz gory bu iki ýatagyň jemi goruny hasaba alanymyzda aşaky baha görä, 2,3%, optimal baha görä, 3,7% we ýokary baha görä bolsa, 8,7% artar. Bilşimiz ýaly, 2007-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýer ýüzünde tebigy gaz gory 177,36 trln. kub metre barabardyr (BP-2008).
Ýurduň orny. Türkmenistan tebigy gaz gorlary babatda ýer ýüzünde iň öňdäki orunlaryň birine eýedir. GCA-nyň maglumatlaryna görä, bu iki ýatagyň jemi gory aşaky baha görä, 4,25 trln. kub metr, optimal baha görä, 6,675 trln. kub metr, ýokary baha görä bolsa, 15,5 trln. kub metrdir. Şuňa laýyklykda diňe şu iki goruň jemini hasaba alanymyzda Türkmenistan tebigy gaz gorlary baradaky sanawda dünýäde aşaky baha görä, 9-njy, optimal baha görä, 5-nji, ýokary baha görä bolsa, 4-nji orunda durýar. Dünýäniň iň uly ýataklarynyň sanawynda ýerleşen Döwletabat we Şatlyk ýataklaryny, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Hazaryň Türkmen bölegini we ýurdumyzyň beýleki 1000-den gowrak tebigy gaz ýataklarynyň gorlaryny hasaba alanymyzda Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary babatda dünýäde mundan hem öňdäki orunlarda ýer aljakdygy ikuçsuzdyr.
Iň uly ýataklaryň biri
Audit şereketiniň bellemegine görä, Günorta Ýolöten-Osman ýatagy dünýäniň ululygy boýunça 4-nji ýa-da 5-nji ýatagydyr. Iň uly ýataklary seljeren wagtymyz Günorta Ýolöten-Osman ýatagynyň ornunyň mundan hem öňdäkileriň biri bolup biljekdigini görýäris.
Şu wagt dünýäniň iň uly gaz ýatagy North Dome-South Pars (Eýran bilen Kataryň çäklerinde) ýatagy bolup, bu ýatagyň takmyny gory 41 trln. kub metre barabardyr (IEA-2005). Ikinji orunda Orsýetiň çäklerinde ýerleşýän Urengoý ýatagy (5,3 trln. kub metr) hasap edilýär. Beýleki uly ýataklar bolsa, Orsýetiň Bowanenkowskoýe (4,4 trln. kub metr),Ýamburg (3,8 trln. kub metr), Ştokmanow (3,2 trln. kub metr) we Zapolýarnoýe (3,2 trln. kub metr) ýataklarydyr (Gazprom in figures 2002-2006 Fact Book). Şeýle hem Alžiriň çäklerinde ýerleşýän Hassi R’mel (3 trln. kob metr) ýatagy bar (IEA-2005).
Ykdysady gymmatlygy
Tebigy gazyň bahasynyň ýylsaýyn, özem ýokary depginde artýanlygyny hasaba alanymyzda halkara audit guramasy tarapyndan tassyklanan bu iki ýatagyň jemi gorunyň ykdysady gymmatlygyny kesgitlemek gyzykly bolsa gerek. Şu günki günde halkara bazarynda tebigy gazyň müň kub metriniň bahasynyň 350 dollardygyny hasaba alanymyzda ýurdumyzyň bu iki ýatagynyň jemi gorunyň ykdysady gymmatlylygy aşaky baha görä, 1,5 trln. $- a, optimal baha görä, 2,33 trln. $-a, ýokary baha görä bolsa 5,5 trln. $-a barabardyr.
Gaz geçirijiler
Türkmenistan Orsýetden we Eýrandan daşgary ugurlara hem tebigy gazyň eksportyny meýilleşdirýär.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi bu ugurlaryň iň esasylarynyň biridir. Şeýle hem Türkmenistan başlangyçly Owganystanyň üstünden geçjek Türkmenistan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi, galyberse-de, Hazar deňziniň düýbünden we Azerbaýjanyň üstünden geçjek Türkmenistan-Türkiýe-Ýewropa gaz geçirijileri energiýa dünýäsiniň möhüm taslamalarynyň hatarynda kabul edilýär.
Şeýlelik-de abraýly halkara britan şereketi „Caffney end Associates”-iň Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda geçiren auditiniň netijesi Türkmenistanyň bütin dünýä boýunça tebigy gaz gorlary babatdaky ornuny hasam ilerletdi. Bu waka dünýäde ylaýta-da energiýa bilen gyzyklanýan döwrelerde uly seslenme döretdi. Auditiň oňyn netijesi Türkmenistan Watanymyz , onuň gülläp ösüşi üçin bolsa, täze uly mükinçilikler, gözýetimler we badalga diýmekdir.


==Relýefi==
Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

==Klimaty==
Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.[http://www.natureprotection.gov.tm/turkmenistan_tm.html]


== Suw resurslary ==
== Suw resurslary ==

15:24, 7 sentýabr 2009 senesindäki wersiýa

Türkmenistan respublikasy
Türkmenistanyň baýdagy Türkmenistanyň gerbi
Baýdak Gerb
Paýtagt Aşgabat
Prezident Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhammedow
Dil Türkmençe
Gimn Türkmenistanyň döwlet gimni
Meýdany 488 100 km²
Ilat
 – ilat/km²
5 110 023 (2006)
 9,4/km²
Garaşsyzlyk 1991 Garaşsyzlyk 27
Pul manat
Wagt UTC +5
Telefon kod 993
Internet TLD .tm

Türkmenistan merkezi Aziýada bir döwlet.


Goňşy döwletler: Owganystan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan we Özbegistan.

Geografiki ýerleşişi

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Relýefi

Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Klimaty

Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.[1]

Suw resurslary

Ekerançylygyň geografiki ýerleşişi ilkinji nobatda - suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryň möçberi we peýdalanylyş derejesi bilen baglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary üçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylýar. Garagum çölünde maldarçylygyň esasy suw üpjünçiligi guýular arkalydyr. Derýanyň suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylýar.

Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk bölegini kesip geçýär. Ekişe ýaramly ýerleriň we ilatyň köp bölegi bolsa ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Emma ol ýerde suw upjunçiligi örän ýetmezçilik edýär. Ýöne suwaryş suwunyň gaty çäkli ýerlerinde suw bilen üpjün etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyň bir bölegini günorta-günbatara Garagum derýasy bilen gönükdirildi.

Türkmenistanyň adminstratiw-territoriýal bölünişi.

Raýon emele getiriji täsirleriň esasynda, Türkmenistan aşakdaky raýonlara bölünýär:

  • Türkmenistan-bir bütewi halk hojalyk toplumy.
  • Welaýat tipli uly ykdysady raýonlara bölünýär, (olar 5 sany).
  • Aşgabat-garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty. Aşgabat şäheri öz derejesi boýunça statusyna eýedir.
  • Uly ykdysady raýonlar kiçi raýonlara bölünýärler. (Olar 15 sany).
  • Kiçi raýonlar öz gezeginde hojalyk-adminstratiw etraplara bölünýär (49 sany)
  • Ykdysady raýonlaryň esasy bölegi şäherlerdir. (olar 20 sany).
  • Şonça şäherçelere bölünýär (81 sany).
  • Geňeşlikler ykdysady raýonlaryň oba ýerlerindäki bölümidir. (528 sany).
  • Oba ykdysady raýonlar kiçi ilatly punktlara bölünýär (1876 sany).

Şeýlelikde, Türkmenistanda raýonlaşdyrmagyň 9 basgançagy emele geldi. Olaryň birinjisi we ikinjisi döwlet ähmiýetli mikraýonlardyr. Üçinjisi kiçi raýonlardyr. Dördünji, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy basgançaklar - mikraýonlardyr. Bu sistema girýän birlikleriň 8-si (kiçi raýonlardan başgasy) adminstratiw organlary tarapyndan edara edilýär. Munuň özi ykdysady-durmuş raýonlaşdyrma bilen adminstratiw-territoriýal bölünşigiň bir bütewi sistemasyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Oba hojalygynyň umumy häsiýetnamasy

Ýurdumyzyň ykdysady oba hojalygy örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň 40%-den gowragy oba hojalyk önümleridir.

Türkmenistanyň oba hojalygy, esasan, iki pudakdan: ekerançylykdan we maldarçylykdan ybaratdyr. Ekerançylyk oba-hojalykda öndürilýän umumy önümiň 67%-ini we maldarçylyk 33%-ini öndürýär. Şeýlelikde ýurdumyzda oba hojalygyň esasy ugry ekerançylykdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Turkmenbaşynyň “Täze oba” syýasatyna laýklykda, oba hojalygynda hususy eýeçiligiň ösmegine giň ýol açyldy. 1998-nji ýylda oba hojalygynyň umumy önüminiň 62%-ini ilatyň hususy hojalyklary öndürdi. Geljekde onuň tutýan orny has artar. Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalygyň uly orny bardyr. Oba hojalygyň umumy önüminiň ýarysyndan gowragy azyk önümleriň paýyna düşýär.

Himiýa senagaty

Ýurdumyzda himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasy Merkezi Garagumda ýerleşen Derweze kükürt zawodydyr. Ol 1928-nji ýylda guruldy we jöwzaly klimat şertlerinde, transport taýdan amatsyz bolany üçin, bu zawod diňe 1961-nji ýyla çenli işledildi. Gowurdakdaky kükürdiň käni açylandan soň, ol ýerde 1932-nji ýylda kükürt zawody işe girizildi. Himiýa senagaty has köp pudakly senagat. Ol dag-magdan himiýa, esasy himiýa, nebit himiýa, durmuş himiýasy we farmasewtika ýaly himiýa senagaty köp pudaklary öz içine alýar.

Ekerançylygy

Ýurdumyzda ekerançylygyň aşakdaky pudaklary ösdürilýär

Ýokardaky ekinlerin tutýan meýdany 1 mln. 700 müň gektardan (1999-njy ýylda) gowrak bolup, olarda esasy orun däneçilik we pagtaçylyga degişli. Däne ekinleriniň we gowaçanyň ekin meýdanlary ähli suwarma ekerançylygyň 80% -ne barabardyr.

Türkmenistanyň ykdysady-geografik ýerleşişi

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna tarap gidýän gadymy “Beýik Ýüpek” söwda ýollarynyň çatrygynda, geografik taýdan iňňän amatly ýerde ýerleşýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň territoriýasynyň üsti bilen Gadymy we Orta asyr döwürlerinde hem dünýä bazarlaryna tarap kerwen ýollary, ýodalary geçipdir.

Uzaklarda başlanan kerwen ýolunyň bir şahsy öz döwründe gadymy siwilizasiýa merkezleriniň biri bolan Merwiň üsti bilen geçipdir. Gündogardan Ýewropa tarap uzalyp gidýän kerwen ýolunyň söwda merkezleriniň biri bolan gadymy Köneürgenç hem “Türküstanyň derwezesi” diýlip atlandyrylypdyr.

Beýik ýüpek ýolunyň ýene bir şahasy ilki Murgap derýasynyň boýy bilen, soňra Owganystanyň üstünden Hindistana çenli baryp ýetipdir.

Gündogaryň we Günbataryň gadymy söwda aragatnaşyklaryny Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrmakda uly orny bolan Beýik ýüpek ýoly indi biziň täze döwrümizde-Garaşsyzlyk zamanamyzda ýene-de dikeldilip başlandy. Ýöne bu gezek usul kerwen ýollary boýunça däl-de, polat reýsleri arkaly dikeldilýär. Tejen-Sarags-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen Türkmenistanyň üstünden Transaziýa kontinentara demir ýol magistraly açyldy we ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gidýär. Ol Pekinden (Hytaý) Ýewropanyň bosagasynda ýerleşen Ystambula(Türkiýä) çenli ýetýär, Pars aýlagyna hem ýeter.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi, onuň geosyýasy ýagdaýynda örän uly amatlyklyklar döredýär.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynda Amyderýa çenli ýarym million kwadrat kilometre golaý (491,2 müň kw.km) demirgazykdan günorta bolsa 650 km, uzylyp gidýýär. Merkezi Aziýanyň ähli meýdanynyň 12,2%-I Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa garşsyz döwletleriň arasynda Türkmenistan Gazagystandan soňrf umumy meýdany boýunça iň iri döwlet hasaplanýar. Ilaty 24 million adama golaýlaşan goňşy Özbegistanyň hem tutýan meýdany Türkmenistanyňkydan az. Özbegistan gündogarda Owganystan düwleti bilen Türkmenistanyň araçäk serhetleriniň uzynlygy 864 km, Eýran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1,5 müň kilometr golaýlaşýar. Türkmenistan demirgazyk günbatarda Gazagystan döwleti bilen hem araçäkleşýär.

Merkezi Aziýanyň döwletlerine garanda Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa bölegine ýerleşen ykdysady-geografik raýonlaryna, Kawkazyň garaşsyz döwletlerine has ýakyn we amatly ýerleşmegi bilen tapawutlanýar. Ol döwletler Merkezi Aziýa döwletlerine özleriniň transit ýüklerini Türkmenistanyň üsti bilen daşaýarlar. Hazar deňziniň kenaryna Türkmenbaşy porty Merkezi Aziýanyň “Günbatar derwezesi” hasaplansa, “Türkmenabat-Goňrat-Beýnew” demir ýoly derwezesi.

Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda Türkmenistanyň duzluk territoriýalary has agdyklyk edyar. Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar. Mysal ucin, Türkmenabat-Haýraton aralygynda Amyderya-Hyrat we Atamyrat-Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat, Etrek-Gurgen, Aşgabat-Gowdan-Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga-da, Eýran Yslam Respublikasyna tarap Tejen-Sarahs-Mashat demir yolunyn gurulmagy dunya bazaryna täze cykalgadyr.

Türkmenistan landşaftynyn esasy bolegini meýdany boýunça Sahara we Gobi çolluklerinden son dünýäde uçunji orny eýeleýan Garagum çoli tutýar. Ol hojalyk taýdan heiz az ozleşdirilen. Ol ýaşayşyn seýrekligi, juda az orumlaşanlygy, yssylygy bilen tapawutlanyar. Emma ýerasty tebigy baýlyklaryn kopdurliligi bilen Türkmenistan indi dünýä bellidir.

Türkmenistanyň giň meýdanynyň 7%-gür ilatly obalaryň, suwarymly ekerançylyk massiwleriniň, iri şäherleriniň, gür gatnaw ýollaryň, oazisleriň paýyna düşýär. Derýa jülgeleriniň, suwaryş kanallarynyň, dag etekleriniň özleşdirilen ýerleri-oazisler Türkmenistanyň köplenç çetki künjeklerinde ýerleşýärler. Garagum derýasynyň zonasy Türkmenistanyň günorta böleginiň ululy-kiçili köp oazislerini ýeke-täk suwaryş sistemasyna birikdirýär.

Uzynlygy 1300 kilometr Garagum derýasy Türkmenistanda ykdysady we durmuş özgerişkleriniň baş zonasydyr,

Geografik taýdan has günortada ýerleşişi boýunça Garagum derýasynyň zonasy goňşy Özbekistanyň Mürzeçöl, Garşy kanallaryň zonalaryndan özüniň agroklimatik resurslary boýunça has amatlylygy bilen tapawutlanýar. Garagum derýasynyň zonasynda ýagtylygy we ýylylygy has köp talap edýän inçe süýümli gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Garagum derýasynyň zonasynda ýurdumyzyň ilatynyň deň ýarsyndan köpüsi ýaşaýar.

Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO-nyň) agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýeti barha rowaçlanýar.

EKO girýän 10 döwletiň ählisiniň 300 million adamdanam gowrak ilaty bolup, olaryň umumy meýdany 7960 müň kwadrat kilometrdir. Türkmenistan EKO-nyň geografik giňişliginiň merkezinde ýerleşýär. Onuň üsti bilen esasy halkara demir ýol magistrallaryň (“Transaziýa”, “Demirgazyk-günorta”) we turbaprowodlaryň geçirilmegi barada birnäçe iri möçberli taslamalar işlenip düzülýär.

Türkmenistanyň klimat resurslary, gün radiýasynyň ýokary derejeli oba hojalygyna ýaramly günleriň köp bolmagy, klimatyň gurak we kontinentallygy bilen häsiýetlendirilýär. Tutuşlygyna alanynda Türkmenistanyň agroklimat resurslary oba hojalygyny, onun esasy ugry suwarymly ekerançylygy alyp barmak üçin amatlydyr. Ýurdumyzyn mineral-çig mal resurslary boýunça dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň territoriýasy himiki çig mallaryň, gurluşyk materýallaryň zapasyna hem baý ýurt hasaplanylýar.

Türkmenistanyň ilaty we zähmet resurslary

Ilatyň sanynyň artyşy, esasan, iki sany usul bilen kesgitlenilýär. Birinji usul, bu öň ygtybarly we umumy Kabul edilen usul-ilatyň uçdantutma ýazuwynyň geçirmekden, ikinji usul bolsa, heý ilatyň köpelişini hasaplamakdan we oňa baha bermekden ybaratdyr. Ilatyň uçdantutma yazuwynyň materiallarynyň ylmy we praktiki ähmiýeti ulydyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň taryyhynda ilkinji gezek ilatyň uçdantutma ýazuwy GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna çenli geçirildi.

Türkmenistanyň Birleṣen Milletler Guramasynyň 1995-204-nji ýyllar döwründe ýer şarynyň ilat ýazuwynyň nobatdaky tapgyryny geçirmegi yglan edenden son, bu möhüm işi amala aşyran ilkinji döwletdir: Türkmenistanyň ilat sanynyň kopelişiniň tablisasy şu ýerde

Administratiw Gurluşy

Türkmenistanyň welaýatlar

Türkmenistan bäş welaýat we aýratyn paýtagt şäherden ybaratdyr.

Bölekler ISO 3166-2 Merkezi Meýdany (Km2) Ilaty (1995) No
Aşgabat Aşgabat 604,000
Ahal welaýaty TM-A Änew 95,000 722,800 1
Balkan welaýaty TM-B Balkanabat  138,000 424,700 2
Daşoguz welaýaty TM-D Daşoguz 74,000 1,059,800 3
Lebap welaýaty TM-L Türkmenabat 94,000  1,034,700 4
Mary welaýaty TM-M Mary 87,000 1,146,800 5

Ýokary okuw jaýlary barada

Häzirki wagtda Türkmenistanda 16 sany ýokary okuw jaylary bar we olarda 250 dürli kärler boýunça ýokary hünärli spesialistler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik Akademiýasy, Halkara türkmen-türk uniwersiteti. Ýokary tehniki kolleji, Polisiýa akademiýasy täze ýokary okuw jaylarynyň hataryna girýär.

Ýurdumyzda Galkynyş hereketiniň, teatrlardyr çeper höwesjeňler köpçüliginiň durmuş medeni roly artýar. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpli özgertmekdir, ol özgerişlikler bolsa halkyň hal-ýagdaýyny uzul-kesil ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Şäherler

Welaýatlar

  1. Ahal welaýaty
  2. Balkan welaýaty
  3. Daşoguz welaýaty
  4. Lebap welaýaty
  5. Mary welaýaty

Beýleki

Şablon:Türki Döwletler