Oňurga ýiligi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
Setir 5: Setir 5:
==Ýerine ýetirýän işleri==
==Ýerine ýetirýän işleri==


Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, yagny reflektorlylyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlylyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan özgesi) reflektorlylyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär.Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siñre duýdansyz urlanda, ayagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanysygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Onurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary yokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji yollar boýunça onurga ýiliginin aşakda ýerleşyän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. Kelle beýnisi oňurga ýiliginiň işini sazlayar.Onurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginin netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik reflekslerinin köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryn göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.
Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, ýagny reflektorlyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan başgasy) reflektorlyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär. Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siňre duýdansyz urlanda, aýagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanyşygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Oňurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary ýokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji ýollar boýunça oňurga ýiliginiň aşakda ýerleşýän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. [[Kelle beýnisi]] oňurga ýiliginiň işini sazlaýar. Oňurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginiň netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik refleksleriniň köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryň göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.


==Çeşme==
==Çeşme==

17:18, 12 aprel 2022 senesindäki wersiýa

Gurluşy

Oňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir. Onuň silindr şekilli görnüşi bolup, uzynlygy 42-45 sm, diametri 1 sm töweregidir. Oňurga ýiligi oňurgalygyň süňk ýodasynda ýerleşýär. Ol kelleçanagyň ýeňse deşiginiň aşagragyndan başlanyp, süýri beýniniň gös-göni dowamydyr. Ol 1-2-nji bil oňurga süňkleriniň deňine çenli ýetýär. Ol ýerden türre süňküne çenli onuň hiç hili wezipäni yerine ýetirmeýän bölegi - ujundaky sapajygy uzalyp gidýär. Oňurga ýiligi birleşdiriji dokumadan emele gelen üç sany barda bilen örtülen. Olar oňurga ýiligini gorap saklaýarlar we iýmit bilen üpjün edýärler. Boýun we aşaky döş oňurga süňkleriniň ýerleşýän ýerlerinde oňurga ýiligi ýognalma emele getirýär, bu ýerde ondan ujaklara tarap örän uly nerwler uzalyp gidýärler. Oňurga ýiliginiň öň we yz üstlerinde, bütin boýuna joýajyk uzalyp gidýär. Ol joýajyk oňurga ýiligini sag we çep ýarymlara bölýärler. Oňurga ýiliginiň kese-kesiginde, onun merkezinden bütin boýuna uzalyp gidýän örän inçejik oňurga ýilik akarynyň bardygy görünýär. Ol limfa meňzeş suwuklyk bilen doldurylandyr. Oňurga ýilik akarynyň töwereginde çal madda ýerleşýär. Çal madda oňurga ýiliginiň kese-kesiginde ganaty ýazylan kebelek görnüşinde ýa-da «N» (en) harpy ýaly bolup görünýär. Çal madda neýronlaryň uzyn ösüntgilerinden emele gelen ak madda bilen gurşalandyr. Olar beýniniň geçiriji ýollaryny emele getirýärler, ýagny oňurga ýiliginiň nerw merkezlerini bir-birleri bilen we kelle beýnisiniň nerw merkezi bilen birleşdirýärler. Oňurga ýilik nerwleri oňurga ýiliginden uzalyp gidýärler. Olar bedeniň göwre böleginde, boýnunda we ujaklarynda şahalanýarlar. Oňurga ýilik nerwleri merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerwlerden ybaratdyr.

Ýerine ýetirýän işleri

Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, ýagny reflektorlyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan başgasy) reflektorlyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär. Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siňre duýdansyz urlanda, aýagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanyşygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Oňurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary ýokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji ýollar boýunça oňurga ýiliginiň aşakda ýerleşýän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. Kelle beýnisi oňurga ýiliginiň işini sazlaýar. Oňurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginiň netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik refleksleriniň köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryň göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.

Çeşme

Orta mekdepler üçin niýetlenen Biologiýa 8 kitaby