Mazmuna geçiň

Öýjük: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

uj
185.69.185.50 (Çekişme) tarapyndan edilen özgerdişler Muhammetnyýaz tarapyndan redaktirlenen soňky wersiýasyna yzyna getirildi.
Content deleted Content added
Bellik: Mobil düzetme Mobil web-düzetme
uj 185.69.185.50 (Çekişme) tarapyndan edilen özgerdişler Muhammetnyýaz tarapyndan redaktirlenen soňky wersiýasyna yzyna getirildi.
Bellik: Yza gaýdyp gelmek
Setir 7:
    Öýjükleriň ölçegleri, görnüşleri we ýerine ýeyirýän işleri dürli bolsa-da, olaryň ählisine diýen ýaly mahsus bolan bir umumy gurluşy bolýar. Öýjügiň üsti ýukajyk barda - daşky [[membrana]] bilen örtülen, içi bolsa, ýarym ergin haldaky suwuklyk - [[sitoplazma]] bilen doldurylan. Sitoplazmada [[Öýjük ýadrosy|ýadro]] we birnäçe [[Organoid|organoidler]] ýerleşýärler.
 
==== Öýjügiň himiki düzümi== ==
Öýjügiň düzümine girýän himiki birleşmeler iki topara: organiki we organiki däl birleşmelere bölünýärler. Organiki däl birleşmelere [[suw]] we [[mineral duzlar]] degişlidir. Olar jansyz tebigatda hem duş gelýärler. Organiki birleşmeler janly tebigata mahsus bolan maddalardyr. Olara [[Belok|beloklar]], [[Ýag|ýaglar]], [[Uglewod|uglewodlar]] we [[nuklein kislotalary]] degişlidir.
 
Setir 26:
'''[[Nuklein kislotalary]]''' [[Öýjük ýadrosy|öýjügiň ýadrosynda]] emele gelýärler.
 
==== Öýjükleriň häsiýetleri== ==
Öýjükler janly bedenleriň düzüm bölegidir. Olara ýaşaýşyň hemme häsiýetleri, ýagny madda çalşygy, [[gyjynyjylyk]], hereket, ösmek we köpelmek mahsusdyr. Öýjüklere hemişe iýmit maddasy baryp durýar. Şol maddalardan bolsa, çylşyrymly birleşmeler emele gelýär. Emele gelen organiki maddalaryň hasabyna-da öýjükler gurulýarlar. Öýjüklerde organiki maddalaryň emele gelmegine biosintez diýilýär. Öýjükde organiki maddalaryň emele gelmegi bilen bir wagtda olaryň dargamagy we turşamagy hem bolup geçýär. Şu hadysalaryň köpüsi kislorodyň gatnaşmagynda amala aşýar. Netijede, gurluşlary boýunça has sada maddalar we güýç emele gelýär. Turşamagyň netijesinde emele gelen önümler (kömürturşy gazy, suw we ş.m.) gan bilen bölüp çykaryjy synalara ([[Böwrek|böwreklere]] [[Öýken|öýkenlere]] we [[Deri|derä]]) barýar. Ol ýerden hem daşky gurşawa bölünip çykarylýar. Emele gelen güýç bolsa, öýjügiň ýaşaýyş işjeňligi üçin sarp edilýär. Şeýlelikde öýjük bilen daşky gurşawyň arasynda dyngysyz madda çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa, öýjügiň düzüm böleginiň mydam täzelenip durmagyny üpjün edýär.
 
= Öýjükleriň köpelişi =
 
Öýjüklere mahsus häsiýetleriň biri-de köpelmekdir. Öýjükleriň köpelmegi bölünmek ýoly arkaly amala aşýar. Köplenç, haýwanlarda we ösümliklerde bolşy ýaly, adamyň bedeninde hem öýjükler esasan, göni däl (mitoz) bölünmek bilen köpelýärler. Bu örän çylşyrymly hadysadyr. Bu hadysany aşaky surat boýunça yzarlalyň.
[[File: öýjükköpelişi.jpg]]
Line 37 ⟶ 38:
Öýjük bölünmeleriniň arasyndaky aralykda hromosomolar ýadroda şeýle bir ýukajyk bolýar. welin olary elektron mikroskopda hem görüp bolmaýar. Öýjük bölünip başlamazyndan ozal onuň ýadrosynyň 46 hromosomasynyň her biri goşalanýar we ýadrodaky maddalaryň hasabyna gurlup gutarýar. Öýjükde başga-da käbir özgerişler bolup geçýär. Öýjük merkezi ikä bölünýär, onuň iki böleginiň arasynda sitoplazmada örän berkdartylan örän inçejik sapaklar peýda bolýar. Soňra ýadronyň iki bölünen hromosomlary has ýognalýarlar, gysgalýarlar we mikroskop astynda gowy görünýärler. Ýadro bardasy ereýär.
 
===== Çeşme=== ==
Orta mekdepleriň VIII synpy üçin okuw kitaby -2012ý.
[[Kategoriýa:Öýjükler]]
1 434

düzetme