Saady Şirazy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'Orta asyr pars edebiýatynyň dünýä meşhur bir wekili Saady Sirazydyr. Onun doly ady Muslihetdin Abu Muhammet Ab- dullah ibn Muşrifetdindir. Ol 1184-nji ýyl da E...'
Bellik: Wizual düzetme Mobil düzetme Mobil web-düzetme Giňişleýin ykjam redaktirleme
(Tapawut ýok)

16:05, 26 dekabr 2020 senesindäki wersiýa

Orta asyr pars edebiýatynyň dünýä meşhur bir wekili Saady Sirazydyr. Onun doly ady Muslihetdin Abu Muhammet Ab- dullah ibn Muşrifetdindir. Ol 1184-nji ýyl da Eýranyn günortasynda yerleşen Şiraz şäherinde dünýä inýär. Kakasy Muşrifetdin şäherde tanalýan we sylanýan adamlaryn biri bolupdyr. Geljekki şahyr başlangyç bi- limi dogduk şäheri Şirazda alýar. Şahyryn ýaşlyk we ýigitlik ýyllarynda Pars ülkesinde salyrlar nesilşaly- gyndan Zeňni patyşanyn ogly Saady häkimlik edýan eken. Muslihetdin 13 yaşa baranda, kakasy aradan çykýar. Şondan son oglany ülkänin häkimi Saadynyn terbiýesine berýärler. Öz howandaryna hormat goýup, şahyr özüne Saady («Sagdy») diýen edebi lakamy alypdyr. Hut howandarynyň ýardam-kö- megi bilen Muslihetdin şol döwrün ylym merkezi bolan Bagdat şäherine okamaga gidýär. Bagdada baryp, Nyzamyýe medre sesine okuwa girýär. Bu ýerde bilim alandan son, ol başga-da birnäçe medreselerde sapak alypdyr. Bagdat medreselerinde şahyryn alan esasy baýlygy arap dilini düýpli öwrenmegidir. Munun özi onun şahyrlygynyň derejesini önünden kesgitlän zatlaryň biridir. Şeyle-de Bagdatda Saady dini kanunlary, ha- dyslary, sygyr sungatyny, taryhy, dil bilimini öwrenipdir. Ylym ýüki ýetik bolandan son okuwyny tamamlan Muslihetdin, şol döwürde däp bolşy ýaly, jahankeşdelige başlayar. Ol Eýrandan başga-da Yrakda, Arabystanda, Siriyada, Rumda, Hebeşde, Zanzibarda, Täjigistanda, Kaşgarda, Hindistanda, Owganys- tanda bolup görüpdir. Arap ýurtlaryna syýahaty döwründe Sa- ady haçly yörişlerin birinde hacparazlaryn eline ýesir düşer. Bir gün halaply tanyslarynyň biri tötänden ýesirlikdäki Saada duş gelýär hem-de köp pul berip, ony ýesirlikden azat edýär. Ol şahyry Halaba getirip, toý tutup, öz gyzyny oňa nikalap berýär. Emma Saady bu nikada bagtly bolmandyr. Halasgäriniň gyzy juda yzgytsyz, hyrsyz, garasöýmez zenan bolup çykýar.