Eýmir: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
→‎Çeşme: clean up using AWB
uj wikidata interwiki
Setir 9: Setir 9:
[[Kategoriýa:Serdarlar we Hanlar]]
[[Kategoriýa:Serdarlar we Hanlar]]
[[Kategoriýa:Taryh]]
[[Kategoriýa:Taryh]]

[[az:Ayrımlar]]
[[en:Ayrums]]
[[ru:Айрумы]]
[[tr:Eymür boyu]]

15:08, 7 mart 2018 senesindäki wersiýa

Eýmiriň nyşany

Umumy maglumat

Oguz-türkmenleriniň gadymy taýpalarynyň biri bolan eýmirleriň adyny orta asyr alymlary eýmür, Abulgazy bolsa imir görnüşinde ulanypdyrlar. Mahmyt Kaşgary ony 24 taýpanyň arasynda 11-nji, Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abulgazy 18-nji, Salar Baba bolsa 21-nji orunda goýýar. Kaşgarydan we Salar Babadan beýleki alymlar Eýmiri Oguz hanyň 5-nji oglun bolan Daghanyň 2-nji perzendiniň ady we ondan önen il hasaplasa, Salar Baba ony Deňizhanyň 1-nji oglynyň ady diýip çaklaýar. Bu alymlar eýmir sözüniň manysyny şeýle düşündirýärler. Reşideddin: «Soň derejede iýi (gowy) we zengin (güýçli)»; Ýazyjy-ogly: «Hetsiz eýi, baý ol (bol) », Salar Baba: «Leşgerlik we tawangär bolgaý»; Abylgazy: «Baýlaryň baýy». Etnograf alym Ýu. Zuýew eýmir diýen etnonimiň aňladýan manysyna degişli ýörite makala ýazdy. Onuň pikiriçe, bu taýpanyň ady totemden emele gelip, «teke» diýen manyny aňladýar, çünki Reşideddin eýmirleriň totemi hökmünde şu haýwanyň adyny tutýar; galyberse-de X一XI asyrlarda ýazylan hytaý çeşmelerinde gara guýrukly imo (imir) diýen haýwanyň ady duş gelýär. Ol geçi ýa-da keýik bolmaly. Şu zatlary nazara alyp, Ý. Zuýew imir diýen ady iki bölege bölýär: im we -r (goşulma). Im sözi, onuň pikiriçe, häzirki türkmen dilindäki umga/ýumga (dag geçisi) we emmek sözünde saklanyp, ol «teke», «geçi» diýen manydadyr. Eýmir sözüniň aňladýan manysyna Ýewropa alymlary hem üns beripdirler. Meselem, Gamiltonyň pikiriçe, bu at «şan-şerepli, ygtybarly» diýen manydadyr. Elbetde, ymykly ylmy barlaglar geçirmezden, eýmir etnonimine berilýän beýle düşündirişlere ynanmak kyndyr. Bu sözüň asyl köküni gunlaryň, belki-de, türki, mongol, tungus-manjur halklarynyň bir umumylygy emele getiren altaý döwründe ýaşan halklaryň dilinden gözlemek dogry bolar, çünki eýmirleriň ady gadymy türki eýýamda-da duş gelýär. Meselem, türk alymy Ybraýym Kapasaoglynyň (Ibrahim Kafesoglu) ýazmagyna görä, baryp 745-nji ýylda Ötükende öz döwletini guran uýgurlara dokuzoguz («9 taýpa») hem diýilýän eken, çünki olar 9 taýpadan ybarat bolupdyr. Onuň 8-nji taýpasynyň ady hytaýça Hi-ýe-wu görnüşinde ýazylyp, ol türkçe okalanda aýamur ýa-da aýmur görnüşine eýe bolýar. Kapasaogly bu ady hut eýmirler bilen baglanyşdyrýar. Eýmir ya-da iýmir etnik adyň eý/iý bölegi, biziň pikirimizçe, igdir etnoniminiň ig sözi bilen asyldaş bolsa gerek, çünki türki (türkmen) dillerinde g sesi aňsatlyk bilen ý sesine geçip bilýär. Meselem: ege一eýýe,一eýe, tük一tüg一 tüý, çugun一ço:ýun一çoýun we ş.m.

Çeşme

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat, «Turan一 1». 1994.