Afrika: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
uj r2.7.1) (robot goşdy: bxr:Африка
uj r2.7.1) (robot goşdy: ti:አፍሪካ
Setir 218: Setir 218:
[[tg:Африқо]]
[[tg:Африқо]]
[[th:ทวีปแอฟริกา]]
[[th:ทวีปแอฟริกา]]
[[ti:አፍሪካ]]
[[tl:Aprika]]
[[tl:Aprika]]
[[tn:Aferika]]
[[tn:Aferika]]

01:58, 25 fewral 2013 senesindäki wersiýa

Ýarymşaryň kartasynda Afrika
Dünýä kartasynda Afrika

AfrikaOrtaýer deňziniň we Gyzyl deňziň günortasynda, Atlantik okeanyň gündogarynda we Hindi okeanynyň günbatarynda ýerleşýän bir kontinent. Ol ululygy boýunça Ýewraziýadan soň ikinji kontinentdir. Şeýle hem oňa Afrikadan we ýanaşyk adalardan ybarat bolan dünýä bölegi diýlip at berilýär. Afrikanyň meýdany 30 065 000 km² ýa-da gury ýer meýdanynyň 20,3 %-inden ybaratdyr, adalary bilen bolsa — 30,2 million km² çemesi bolup, şeýlelikde Ýer ýüzüniň umumy meýdanynyň 6 %-ini we gury ýeriň 20,4 %-ini tutýar. Afrikanyň territoriýasynda 55 sany döwlet, 4 sany ykrar edilmedik döwlet we 5 sany garaşsyz territoriýa (ada) ýerleşýär. Afrika ilatynyň sany sany boýunça dünýä ilatynyň 10/1 bölegini tutýar. Territoriýasy 30,3 mln km2. Gury ýeriň 5/1% tutýar. Afrika Ýewropadan 14 km Gibraltar bogazy arkaly bölünýär. 1859-60 ýyllarda Suls kanaly gurulmazdan öň Aziýa bilen gury ýer arkaly birleşýärdi. Afrikanyň çägi Tunisden GAR-a çenli 8000 km, Senegoldan Somala çenli 7,5 müň km uzalyp gidýär. Afrikanyň esasy çägi ekwatorial giňişlikde ýerleşip, gün şöhlesiniň iň köp düşýän yssy klimatly ýeridir. Çäginiň birnäçe bölegi ekwatordan uzakda ýerleşip, gurak klimatly ýerdir. Onuň demirgazygynda 8 mln km2 çägi tutýan Sahara çöli ýerleşýär. Afrikanyň çäginiň 5/1 böegi daglyk ýerdir. Afrika şertli günbatar, gündogar, günorta, demirgazyk, merkezi we ekwatorial diýip bölünýär. Madakaskar adasy aýry aýdylýar. Afrikanyň ilaty soňky wagt çalt köpelip başlady. Öň haýal ösýärdi. Meselem: b.e.sepgidinde Afrikanyň ilaty bary-ýogy 16 mln adamdy. ak:Afrika