Türkmen elipbiýi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
uj r2.7.3) (robot goşdy: uk:Туркменська абетка
Setir 292: Setir 292:
[[tg:Алифбои туркманӣ]]
[[tg:Алифбои туркманӣ]]
[[tr:Türkmen alfabesi]]
[[tr:Türkmen alfabesi]]
[[uk:Туркменська абетка]]

18:36, 24 noýabr 2012 senesindäki wersiýa

Türkmen elipbiýi, Türkmenistanda Türkmen dili üçin ulanylýan latyn grafikasy elipbiýidir.

Harplar

Türkmen elipbiýi, latyn grafikasyna görä ýazylyp 1993 ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ol 1930-njy ýyllarda ulanylan latyn we ondan soň 1991-nji ýyla çenli ulanylan Kiril elipbiýden tapawutlanýar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar.

Bular:

A B Ç D E Ä F G H I J Ž K L M N Ň O Ö P R S Ş T U Ü W Y Ý Z
a b ç d e ä f g h i j ž k l m n ň o ö p r s ş t u ü w y ý z

latyn kiril IPA latyn 1993 latyn 1992-1993 latyn 1927-1940
A a А а [a] A a A a A a
B b Б б [b] B b B b B b
Ç ç Ч ч [ʧ] Ç ç C c C c
D d Д д [d] D d D d D d
E e Е е [je], [e] E e E e E e
Ä ä Ә ә [æ] Ä ä Ea ea Ә ә
F f Ф ф [ɸ] F f F f F f
G g Г г [g~ʁ] G g G g G g
H h Х х [h~x] H h H h H/X h/x
I i И и [i] I i I i I i
J j Җ җ [ʤ] J j J j Ç ç
Ž ž Ж ж [ʒ] £ ɾ Jh jh Ƶ ƶ
K k К к [k~q] K k K k K/Q k/q
L l Л л [l] L l L l L l
M m М м [m] M m M m M m
N n Н н [n] N n N n N n
Ň ň Ң ң [ŋ] Ñ ñ Ng ng Ŋ ŋ
O o О о [o] O o O o O o
Ö ö Ө ө [ø] Ö ö Q q Ө ө
P p П п [p] P p P p P p
R r Р р [r] R r R r R r
S s С с [θ] S s S s S s
Ş ş Ш ш [ʃ] $ ¢ Sh sh Ş ş
T t Т т [t] T t T t T t
U u У у [u] U u U u U u
Ü ü Ү ү [y] Ü ü V v Y y
W w В в [β] W w W w V v
Y y Ы ы [ɯ] Y y X x -
Ý ý Й й [j] Ұ ÿ Y y J j
Z z З з [ð] Z z Z z Z z

Çekimli we çekimsizler

a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Türkmen elipbiýinde ýok bolan harplar

Esasy ýalňyşlyklaryň biri türkmen elipbiýinde ýok bolan harplary ulanmakdyr. Olar beýleki latyn elipbiýlerinde bolan Q/q, X/x, C/c, V/v ýaly harplardyr. Bulary ulanmak ýalňyşlykdyr.

Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar

Käbir harplar türkmen dilinde ulanylmaýar.
- Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly
- Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino
- taxi, maximum däl taksi,maksimum
- capital däl kapital

Käbir sesler käbir sözlerde ýazylmaýar
- kyýn däl kyn
- uzyýn däl uzyn
- dolly(göwrüm) däl doly

Käbir ýokardaka meňzeş ýagdaýlarda bu sesler ýazylýar
- dün däl düýn

Türkmen dilinde sözler b, d, j sesleri bilen gutarmaýar
ad däl at
ýab däl ýap
saj däl saç

==Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar == (Düzeltme)

- Viktoriýa - bu at bolandygy üçin üýtgedilip ýazylmaýar. Edil aýdylyşy ýaly ýazylýar. 
- Quentin Tarantino hem şeýle.

==Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar == (Bellik)

- Tehniki sözler we şoňa meňzeş halkara sözleri üýtedilmeýär, bolşy ýaly ýazylýar. Mysal üçin: wideo däl, video, Wenise däl, Venice.

Nädip dogry türkmençe ýazmaly?

- Türkmençe ýazuwy dürs bolan bir resminama, websahypa, kitaplara seretmeli. Meselem:Türkmenistanyň salgyt gullugy
- Sözlük we beýleki dürs ýazuw gollanmalaryndan peýdalanmaly.
- Bilýän adamlardan soramaly

- Viktoriýa däl Wiktoriýa bolmaly - Quentin Tarantino däl Kwentin Tarantino Wiktoriýa we Kwentin Tarantino dogry. Sebäbi (V) (Q) harplary türkmen elipbisinde ýok. Ýok harplar bilen nädip ýazmak mümkin bolýanmyş? (Qu) eşdilýändigi sebäbe görä (Kw) dogry.

Näme üçin dürs ýazuw gerek?

- Bir edebi diliň barlygy we ösüşi onuň dürs we belli bir ülňülere görä ýazylýandygyna baglydyr.
- Dogry aragatnaşygy ýola goýmak.
- Diliň peýdalanyşynda eden-etdilikden gaça durmak


Ulanylan çeşmeler