Eýran: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
+Map of Iran
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 210: Setir 210:
* [http://yaprakpress.com/htm/turkmen/iran.htm link Yaprak - Eýran türkmenleriniň medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly]
* [http://yaprakpress.com/htm/turkmen/iran.htm link Yaprak - Eýran türkmenleriniň medeni, edebi we jemgyýetçilik žurnaly]


[[Category:Döwletler]]
[[Category:Eýran]]


[[af:Iran]]
[[af:Iran]]

16:35, 24 maý 2007 senesindäki wersiýa

جمهوری اسلامی ايران
Jomhūrī-ye Eslāmī-ye Īrān
Eyranyn baýdagy Eyranyn gerbi
Eyranyň baýdagy Eyranyň gerbi
Paýtagt Tähran
Prezident Mahmoud Ahmadinejad
Dil Parsca
Wagt UTC +3.30
Telefon kod 98
Internet TLD .ir

Eýran, günorta-günbatar Aziýa'da bir döwlet. Orta Gündogarda ýerleşen döwlet bolup, tutýan meýdany 1648 müň kw. kilometrdir. Territoriýasynyň ululygy boýunça dünýäde 16-njy orunda durýar. Ýurduň araçäkleriniň umumy uzynlygy 6420 km. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Yrak, Türkiýe, Azerbeýjan bilen araçäkleşýär.

Ilaty we şäherleri

Ilaty 60 million adamdan gowrak bolup, şonuň 57,3 %-ti şäherlerde ýaşaýar. Paýtagty Tähran şäheri (10 millliondan gowrak). Paýtagtda ýurduň 18 prosentden gowrak ilaty jemlenendir. Esasy şäherleri Yspyhan, Şiraz, Nişapur, Abadan, Kum, Bender-Abbas, Maşat. Ilatyň artyş depgini 4 %-te golaý. Çaklamalara görä, 2000-nji ýyla çenli Eýranyň ilatynyň 78 mln adama ýetmegi mümkin. Ýaş sostawy boýunça Eýran dünýäniň iň ýaş ýurdy hasaplanýar (ilatyň 50 %-ni 15 ýaşa çenli etginjekler düzýär). Ilatynyň 99,5 %-ti musulmanlardyr.

Dil we milli azlyklar

Döwlet dili pars dili. Agdyklyk ediji millet parslar bolup (ähli ilatyň 45,6 %-ti), olar yslamyň şaýy mezhebine uýýarlar. Azerbeýjanlar (16,8 %), kürtler (9,1 %), türkmenler, araplar (2,2 %), buluçlar özbaşdak etniki toparlar hasaplanýarlar. Ilatyň 29 %-ti oba hojalygynda, 13,5 %-ti senagatda, galan bölegi bolsa hyzmat ediş sferasynda zähmet çekýär. Işsizleriň sany 1,8 mln adama golaý.

Ýyllyk girdeji

1989-1994-nji ýyllar aralygynda ilatyň jan başyna öndürilýän milli önümiň ýyllyk artyşy 7,7 % boldy. 1993-nji ýylda adam başyna düşýän ýyllyk girdeji 4360 dollar boldy. Inflýasiýanyň derejesi öň 30 % bolanlygyndan 1991-nji ýylda 7,5 %-te çenli kemeldi. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Soňky döwürde umumy milli önümiň artyşy 10 %-den geçýär.

Transport we gara ýollar

Awtomobilü transporty transportyň esasy görnüşidir. Eýran kalendary boýunça 1358-1367-nji ýyllar aralygynda (1979-1989 ýý.) 402 km magistral ýollar, 4831 km şosse ýollary (ini 7 metr), 10320 km ikinji derejeli ýollar (ini 5-7 metr) guruldy. 1989-njy ýylyň martyna çenli Eýranyň ýollarynyň umumy uzynlygy 167 müň km bolup, şonuň 14 %-ti magistral ýollardyr. Eýranyň daglyk ýerlerde ýol gurmakda baý tejribesi bar.

Demir ýollar

Eýranda demir ýollar döwlete degişlidir. Olar ýylda 6672 müň ýolagçy we 8047 müň tonna ýük daşamaga ukyply. 1979-njy ýyla çenli Eýran demir ýollarynyň uzynlygy 4567 kilometrdir. Häzirki döwürde 1000 kilometrlik ýollaryň gurluşygy alnyp barylýar, ýene-de 500 kilometrligi planlaşdyrylýar. Eýran, Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň Maşatdan Sarahsa çenli aralygyny gurdy.

Nebit

Nebit Eýranyň esasy baýlygy hasaplanýar. Onuň barlanan zapaslary 90,5 barrele (nebitiň halkara ölçeg birligi, 1 barrel 159 litre deň-J. G.) Nebit we nebit önümleri ýurduň yksportunyň esasyny düzýär. 1979-1986-njy ýyllarda nebit Eýran gaznasyna 120 mlrd dollar girdeji getirdi. Bir günde 4,2 mln barrel nebit çykarmaga mümkinçiligi bolsa-da OPEK-iň (nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň) kararyna laýyklykda nebit çykarmagyň bir günki çägi (kwotasy) Eýran üçin 3 mln 340 müň barrel diýlp kesgitlenildi. Abadan, Yspyhan, Tähran şäherlerinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlary bar.

Gaz

21 trillion kub metr gaz zapaslaryna eýe bolan Eýran bu görkeziji boýunça Russiýa Federasiýasyndan soňra ikinji ýerde durýar. Ýurduň 280-den gowrak şäheri tebigy gaz bilen üpjün edilendir.

Esasy hyzmatdaşlary

Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe, Welikobritaniýa, Siriýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Päkistan, Merkezi Aziýa respublikalary Eýranyň esasy söwda partnýorlarydyr. Eýran daşary bazara nebit, haly, çoýun, pisse we guradylan miwe önmlerini, bekre balygynyň işbilini, we ş.m. çykarýar. Daşary ýurtlardan bolsa metal konstruksiýalary, enjamlar, däne, agaç materiallary, medisina abzallary we ş.m. getirilýär.

Metbugat

Häzirki wagtda Eýranda 176 sany döwürleýin neşirler hereket edýär. Olaryň bir ýyllyk möçberi 450 mln ekzemplara ýetýär. Neşirleriň 103-si hususy sektora degişlidir. Döwürleýin neşirleriň 60 %-ti yslam ynkylabyndan soňra çykyp başlady. Metbugatyň 9 %-ti ýokary bilimliler, 29 %-ti aýallar we çagalar, 36 %-ti bolsa ilatyň ähli gatlagy üçin niýetlenendir. Žurnalistleriň diňe 1,6 %-ti uniwersiteti “žurnalistika” hünäri boýunça tamalanlardyr. Ähli žurnalistleriň 13 %-ti aýal-gyzlardyr. KEÝHAN, ETTELAAT, RESALAT esasy gijeki, JOMHURI-ýe ESLAMI, ABRAR irki gazetlerdir. KEÝHAN INTERNEŞNL, TEHRAN TAÝMS iňlis dilindäki gazetlerdir.

Medeniýet

Medeniýet we Yslam ugry Ministrligine degişli. 486 kitaphanada 333 müň kitap saklanýar. 1988-nji ýylda Eýranda 4873 kitap neşir edilipdir.

Sowatlylyk

Sowatsyzlygy ýok etmekdäki bitiren işleri üçin Eýran ÝUNESKO-nyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.

Kuran öwrenmek

Eýranda mukaddes Kurany-Kerimi öwrenmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ony öwrenijileriň sany 1988-nji ýylda 6 mln adam bolanlygyndan, 1994-nji ýylda 17 million adama çenli ýetdi.

Kino

Eýranda 166008 orunlyk 264 kinoteatr bar. Olarda ýylda 1 milliona golaý tomaşaçy Eýran we daşary ýurt filmlerine tomaşa edýär. 1993-1994-nji ýyllarda Eýran kinematografy 125 halkara festiwalyna gatnaşyp, 34 sany baýraga mynasyp boldy. Bu özboluşly rekorddyr.

راز غـلبـه بـر اسـتـرس مـنـفـی



دکتر عبدالوهاب حاجی سردار


استرس شامل واکنشهای عاطفی و فیزیکی حاصله در دگرگونیهای زندگی ماست . و به بیانی دیگر ، استرس واکنش ارگانیزم به رخدادهای خارجی میباشد . عوامل استرس زا ( استرسور ) نسبت به محیط و حساسیت انسانها متمایز میگردند . استرس از دیدگاه فیزیولوژیک بدین شکل تشریح میشود که وقتی استرسور به شخصی تاثیر گذارد ، بخش هیپوتالاموس مغز جهت پاسخگویی به آن سیگنالهایی به غدد فوق کلیوی ارسال میکند ، و غدد فوق ، هورمونهایی ( کورتیزول ، آدرنالین ) جهت واکنش دفاعی بدن تولید میکنند . بدین ترتیب استرس پدیده ای طبیعی میباشد و لازمه پاره ای از امور زندگی ماست . البته استرس منفی میتواند ، عاملی بازدارنده در فعالیتهای متفاوت ما باشد . بدین خاطر استرس را باید کنترل کرد . مطالب ذیل چندی از اصول آن میاشد :


- خود را دوست داشته باشید و بخود احترام بگذارید .

- لبخند بزنید و از هر لحظه زندگی لذت ببرید .

- حامل ناراحتی روحی خود نباشید و آنرا دور اندازید .

- از محیطی که دچار استرس میشوید ( یا شده اید ) فاصله بگیرید .

- به ظاهر خود برسید و لباسهای تنگ نپوشید .

- با خدا راز و نیاز کنید .

- انتظار شکست را در زندگی داشته باشید .

- به میزان لازمه بخوابید .

- به دوستانتان بگویید که روز جالب و فرح بخشی را داشته اید .

- نرمشهای شل و سفت کننده عضلانی را انجام دهید .

- مواردی را که باعث استرس شما میشوند ، شناسایی نمائید تا بتوانید با آنها مقابله نمائید ، اما به عمق این مسائل فرو نروید .

- هنگامی که استرس بر شما چیره میگردد ، اسم چند شخص یا چیزی که به شما آرامش میدهد را تکرار کنید .

- وقتی دچار استرس شدید ، از خود بپرسید که آن موضوع ارزش افسردگی شما را داشته است ؟ - غالبا جواب "نه" میباشد .

- گرفتاریهای جزئی زندگیتان را بزرگ جلوه ندهید و آنرا بهانه ای برای عدم ترقی خود نکنید .

- هنگام بروز استرس نزد دوستانتان بروید ، به هم فکاهی بگوئید و بخندید .

- با افرادی که دیدگاه منفی دارند ، کمتر برخورد کنید و یا نکنید .

- روزانه دوش بگیرید و به چهره خود برسید .

- یک یا چند سرگرمی هنری داشته باشید .

- تو خود نباشید و همه چیز را در دلتان نگه ندارید .

- بله هایی راکه دوست ندارید ، بگوئید : "نه" .

- مشکلات کاریتان را به خانه نیاورید .

- زیاد فکرتان را در باره آینده مغشوش نکنید .

- به مسابقات ورزشی ، برنامه های هنری و موسیقی بروید .

- اعتماد به نفس داشته باشید و بخود اعتماد کنید .

- با ندانستن پاره ای ار معلومات ، محزون نگردید .

- زندگیتان نظم داشته باشد ، برنامه کاری روز بعد را مهیا کنید و موارد فراموش شدنی را یادداشت نمائید .

- کارهایتان را با علاقه و اشتیاق انجام دهید .

- گاهی بر اتاقتان سکوت حاکم باشد تا آشفتگی از شما فاصله گیرد .

- حرف بیهوده نزنید ، موجب رنجش دیگران نگردید و غیبت نکنید.

- با مدیتیشن فشارهای عصبی را از بدنتان خارج نمائید .

- به عقاید مردم احترام بگذارید ، به محرومان و بیماران کمک کنید .

- در محیطی شاعرانه و دل انگیز ، به موسیقی ملایم گوش دهید .

- به سلامت جسمی خود برسید ، به میزان متعادل غذا بخورید و وزنتان را در حالت عادی نگه دارید .

- قبل از خرید وسیله خانگی ، مطمئن گردید که آن وسیله موجب استرس شما نمیشود .

- بیاموزید که از محیط خانواده لذت ببرید و این محیط را بهداشتی نگه دارید .

- هنگام بروز استرس ، چیزی را در پنجه دست گذاشته و آنرا فشار دهید .

- در طول روز با امور متنوعی مشغول گردید .

- در پی افکار خیالی نباشید و افکار مفید را پیگیری کنید .

- یک فرد نمونه باشید و خطای دیگران را ببخشید .

- صبح ها زودتر برخیزید تا کاملا به امور صبحگاهی تان برسید .

- از انزوا دوری کنید .

- در مورد منشا استرستان با خانواده و دوستانتان مشورت کنید .

- نفس عمیق بکشید و حداقل هفته ای چهار بار ورزش کنید .

- مسائل منفی را به خودتان تلقین نکنید .

- قناعت را بیاموزید و از حسادت فاصله بگیرید .

- روزانه به گردش بروید .

- اگر هوا بارانی باشد به تماشای محیط بپردازید . در شبهای مهتابی قدم بزنید و ستارگان را تماشا کنید .

- منزلتان را با اسباب اضافی شلوغ نکنید .

- از کمک خواستن در صورت نیاز کوتاهی نکنید .


سپتامبر سال 2006 - کانادا

Administratiw bölüniş

Eýran administratiw taýdan 24 sany ostana (prowinsiýa) bölünip, olar 499 şäheri we 50000 obany özüne birleşdirýärler. Ine şol ostanlar : Tähran, Merkezi, Gilan, Gülüstan, Mazenderan, Azerbeýjan, Bahtaran we Huzestan, Fars, Kerman, Horasan, Yspyhan, Seýistan, Bulujystan, Kürdüstan, Hemeden, Çaharmahal we Bahtyýary, Lurystan, Ilam, Kahgiluýe we Boýer Ahmad, Buşer, Hormuzgan, Zanýan, Ýezd.

Baýdak

Eýranyň resmi baýdagy ýokardan aşak ýaşyl, ak, gyzyl reňkde bolup, merkezinde gerbiň suraty ýerleşdirilen. Baýdak 22 gezek gaýtalanýan “Allah Akbar” (“Allah Beýikdir”) diýen söz bilen bezelendir.

Kalendar

Eýranda iki kalendar : Hijri kamary (Aý) we Hijri Şemsi (Gün) kalendarlary ulanylýar. Täze ýyl 21-nji martda (Nowruz) başlanyp, indiki ýylyň 20-nji martynda tamalanýar. Hepde şenbe güni başlanyp, juma güni gutarýar. Juma resmi dynç alyş günüdir. 11-nji fewralda (22-nji bahman) Yslam ynkylabynyň ýeňiş güni baýram edilýär.

Ulanylan cesmeler