Indoneziýa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Content deleted Content added
uj robot üýtgetdi: so:Indunisiya
Setir 245: Setir 245:
[[sg:Ênndonezïi]]
[[sg:Ênndonezïi]]
[[sh:Indonezija]]
[[sh:Indonezija]]
[[si:ඉන්දුනීසියාව]]
[[simple:Indonesia]]
[[simple:Indonesia]]
[[sk:Indonézia]]
[[sk:Indonézia]]

01:52, 22 ýanwar 2011 senesindäki wersiýa

Indoneziýa respublikasy
Indoneziyanyň baýdagy Indoneziyanyn gerbi
Indoneziyanyň baýdagy Indoneziyanyn gerbi
Paýtagt Jakarta
Prezident Susilo Bambang Yudhoyono
Dil Indoneziýa dilleri
Gimn Indoneziya Raya
Meýdany 1,904,569 km²
Ilat
 – ilat/km²
222,781,000
 117/km²
Garaşsyzlyk 17 Awgust 1945
Pul Rupiah
Wagt Uytgeyar
Telefon kod 62
Internet TLD .id

Indoneziýa, Indoneziýa respublikasy (Respublyk Indonesiýa).

Umumy maglumaty

Indoneziýa (ind. Indonesia), resmi ady — Indoneziýa Respublikasy (ind. Republik Indonesia) — Günorta-gündogar Aziýada iň iri döwlet. Ol Zond arhipelagynyň adalarynda ýerleşýär we dünýädäki iň iri ada döwlet bolup durýar. Ol Aziýa bilen Awstraliýanyn aralygynda Malaý (Indoneziýa) arhipelagynyn adalarynda (uly Zond, Kiçi Zond we Molukka adalary) ýerleşýär. Indoneziýanyn sostawyna täze gwineýa (gb. Irian) Aziýanyn günbatar bölegi we onuň töweregiňdäki käbir ownuk adalar hem girýär. Meýdany 1904,3 mun km/kwadrat. Ilatyň 144,9 mln. Adam (1979) ýýlyn aýagynda). Paýtagty-Jakarta şäheri. Indoneziýa adminstratiw taýdan welaýatlara boluňýar. Jakarta we Jokýakarta şäherleri-de aýratyn adminstratiw birliklere bölünen.

Döwlet gurluşy

Indoneziýa respublikasy. Häzirki konstituşyýasy 1945 ýýlda. (1949 ýýlyn 27 dekabryndan 1959 ýýlyn 5 iýulyna çenli ýurtda başga konstituşyýalar hereket etdi). Kabul edilýär. Döwletiň we hökümmediniň baştutany prezident. Prezident halk konsultatiw kongresi (HKK) tarapyndan 5 ýýl möhlete saýlaňýar. 1969 ýýlyn kanunyna görä döwlet häkimýetiniň ýokary organy HKK bolup, ol parlamentin halk wekilleri söwetiniň (HWS) 460 wekilinden dürli ýerli jemgyýetçilik toparlarynyň 460 wekilinden ybaratdyr. Kanun çykarjylyk funksiýalary HBS degishlidir. Sud sistemasy ýokary suddan (onuň çlenlerini president belleýär), oblast sudlaryndan, döwlet sudlaryndan (ýustisa ministry belleýär.) hem-de musulman dini sudlaryndan ybaratdyr.

Tebigaty

Indoneziýa ekwatoryýal, atmosferanyň çalşyp durýan mossunly zonasynda ýerleşýär. Indoneziýanyn ekwatora we adalarda ýerleşmegi ol ýerde mydama maýýl howanyň bolmagy üçin şert döredýär. Indoneziýada deňiz suwunyň tempraturasy hemişe +27-dan ýokarydyr. Suw akymlary möwsüme görä üýtgäp durýar, deňiz haýwanlaryna baý. Ýeriniň ½ böleginden gowragyny orta beýiklikdäki daglyklar we pes daglyklar tutýar. Gb,Irianda kem-kes, beýik daglyklara (in beýik ýeri 5029m) düş gelmek bolýar. Ýurduň bütin gd. Bölegini diýen ýaly epinli we wulkanyk daglar tutýar. Wulkanlar örän köp. Indoneziýanyn köp bölegi kaýnozoý tektogenezisine, dg-gd Sumatra we go-gb. Kalymaňtaň mezozoý oblastyna, Täze Gwineýanyn go. Bölegi we Aru a-lary bolsa mezozoýa çenli bolan ýýgyrtlanmalara degishlidir. Indoneziýanyn geologyç gurlusynda metamorfik jynslar , dürli sostawdaky paleoý, mezozoý we paleogen-neogen effusiw çokundy jynslar, sheýle hem antropegen wulkanyk hadysalar gatnashýarlar. Gažylyp alyňýaň peýdaly zatlardan nebitm kömür, demir-laterit magdanlary, marganes, galaýý, alýumynyý, nikel bar. Ýurduň köp böleginiň klimaty ekwatoriýalydyr. Gd. Ýawada we Kiçi Zond adalarynda bolsa subekwatoriallardyr. Peslikleriň hemme ýerinde diýen ýaly ortaça aýlyk t+25-27. Ýýllyk ygalyň mukdary 2000-4000 mm-e ýetýär. Indoneziýanyn derýa seti gurdyr. Köpüsi hemishe bol suwly derýälär. Esasy derýalary: Kapuas, Baryytom Kampar, Muşy, Mamberamowe Digul. Indoneziýanyn meýdanynyň 4/5 bölegine golaýýnyn, easan ulýond adaarynyn we Gb. Irianyn çaklrinde mydama çygly tokaýlaryň gyzyl-sary laterit, dag laterit we laterit topragy bar, düzlüklerde tropiki batgaçylyk we laterit gleý, go-gd-da gyzyl laterit, gyzyl-goňur topraklar agdyklyk edýär. Indoneziýanyn köp bölegi-peslikler we 1300-1500 m-e çenli beýiklikli dag ýennitleri ebedi gök, çygly ekwatoryýal tokaý bilen örtülendir. Bu tipdaki tokaýlarda esasan, fikuslar, dipterokarp agaçlary, raşamala, pandanuslar, çörek agajy, sheýle-hem palmalar agaç gornushli paporotnikler, bambuklar ösýär. 1300-1500 m we 2600-300 m aralykdaky zolakda dag-tropiki tokaýlar giň ýaýran, olarda, esasan , ebedi gök (ebedi gök dublar), ýasy ýaprakly agaçlar (buk, dub kashtan), purly agaçlar (podokarpus), go-gd-da ýapragyny dökýän tropiki tokaýlar (tik, kazuarin) we sawannalar ösýär. Indoneziýa teritoriýasyny köp bölegi Hindi-Malaý zoogeografik oblastynyň Malaý podoblastýa, Gb, Irian, Molukka we Kiçi Zond adalarynyň käbiri Awstralyýa oblasynyn Papuas podoblastyna degishlidir. Indoneziýanyn gb. Böleginde esasan maýmynlar, bir we iki shahly kerkler, piller, malaý aýýsy, totugushlar, krokodiller, ýýlanlar, zemzenler ýashaýar. Gd bölegi üçin torbalylar, ýarganatlar, kakady totulary mahsusdyr. Içerki suwlary we deňizler balyga baýdyr.

Ilaty

Indoneziýada 150-deň gowrak halk ýashaýar. Olaryň köpüsi öz (96 %)dilleri, medeňiýeti we durmuşhy boýunça malaý-poliňiziýa diliniň indoneziýa toparyna degishlidir. Bu toparyn has uly halklary: ýawanlar, we olara kowumdash şundanlar hem madurlar, malaýlar, olara ýakyn banjaklar, minangkabauwlar, açerler, batakla we bashgalardyr. Indoneziýanyn shaherlerinde we plantasyýa raýonlarynda hytaýlar (3 mln ýakyn), asly hindistanlylar we päkistanlylar (90 mun), araplar (100mun), gollandlar (10mun) hem ýashaýar. Döwlet dili-indonez dili. Esasy dini-yslam Ylatyn ýýlyk köpelişhi orta hasap bilen 2,8% (1963-70) Ylatyn üçden iki bölegi Ýawa a-nda jemlenendir. Ylatyn 70%-e golaýý oba ýerlerinde ýashaýar (1965). Ylaty 100 müňden geçýän shaherlerin her birinde 1mln-dan gowrak ýashaýar.

Sazy

Indoneziýanyn sazy taryhy döwrün öňümidir. Gadym wagtlardan bary dil üsti bilen saz-söhbet edilip gelnipdir. Indoneziýanyn sazynyň esasyny 5 sesli slendro sistemasy düzýär, ol 7 sesli pelog sistemasyna çenli giňelýär. Indoneziýa sazynyň häsiýeti sypaty giň ösen geterfonaýadan we köp seslikden ybaratdyr. Indoneziýanyn häzirki zaman sazynda ýewropa notasyýasy hem ulanylýar. Garashsyzlyk gazaňylaňdan soň (1945), saz kollektiwleri milli däpleri döredijilikli ösdürmäge çalyshýarlar. Kompozitorlardan Syjasmina, A.Paşarybu, Susbini we bashgalar bellidir. 1952 ýýldan bary Jokýakartada döwlet sazçylyk mekdebi ishleýä. 1960 ýýlda konserwatoriýa, Indoneziýa klassyky sazçylyk mekdebi açylýar. 1968 ýýlda we Jokaýakartada radionyn ýanynda kämera orkestrleri hem ishleýär.


Album


Seret

Sepler

Şablon:Link FA